Soňky
Press reliz
23 June 2022
TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK UGRUNDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIKLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Has köp öwrenme
Press reliz
22 June 2022
2022-NJI ÝYLDA BILIM ULGAMYNY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA MASLAHATYŇ ÖŇSYRASYNDA MILLI GEŇEŞMELER ÝOLA GOÝULDY
Has köp öwrenme
Press reliz
20 June 2022
Milli hyzmatdaşlar üçin wirtual görnüşde okuw maslahaty: “Migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak, derňemek we ýaýratmak üçin HMG-niň göçüş hereketlerini yzarlamak boýunça matrisasy”
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 May 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.

Waka
13 March 2020
Koronawirus pandemiýasyna garşy utgaşdyrylan çäre
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Çarşenbe güni Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirus (COVID-19) keselini pandemiýa diýip häsiýetlendirdi, emma bu gözegçilik edip bolýan pandemiýadyr. Koronawirus (COVID-19) iň soňky açylan koronawirus zerarly geçýän ýokanç keseldir.
BMG gullugyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tedros Adhanom Gebreýesus öz çykyşynda "Men bir zady bellemekçi: bu keseli pandemiýa diýip häsiýetlendirmek ýurtlaryň oňa boýun synmalydygyny aňlatmaýar" – diýip belledi.
BMG-niň Baş sekretary ähli ýurtlary öz ýagdaýlaryna laýyklykda merkezleşdirilen ýagdaýda giňişleýin çemeleşmäni ýola goýmaga çagyrdy. COVID-19 müňlerçe adama täsir edýär, ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryna hem öz täsirini ýetirýär we giňden ýaýran durmuş we ykdysady netijelere sebäp bolýar. BMG ösüş boýunça işleýän guramalar, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Topary ýurtlara taýýarlyk we hereket ediş meýilnamalaryny taýýarlamaga goldaw berýär.
Bu sahypa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) häzirki wagtda täze koronawirus (COVID-19) keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşykly maglumat çeşmelerini we görkezmeleri özünde saklaýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy keseliň ýaýramagyny yzarlamak we ýurtlara we şahsyýetlere saglygy goramak hem-de bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler barada görkezmeleri bermek ugrunda global hünärmenler, hökümetler we hyzmatdaşlar bilen ýakyndan işleşýär.
Iň täze maglumatlar üçin aşakdaky web-sahypalaryna girip görmegiňizi haýyş edýäris:
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: https://www.who.int/emergencies/diseases/novel-coronavirus-2019
Birleşen Milletler Guramasynyň çäreleri barada iň soňky habarlar: https://news.un.org/en/events/un-news-coverage-coronavirus-outbreak
BSGG-niň ýurtlar üçin görkezmesi: https://www.who.int/emergencies/diseases/novel-coronavirus-2019/technical
Koronawirus (COVID-19) ýagdaýy: https://experience.arcgis.com/experience/685d0ace521648f8a5beeeee1b9125cd
1 of 5

Waka
25 April 2022
Türkmen eko-blogery adamlary ekologiýa taýdan durnuklylyga çagyrýar
Ol işe gidýärdi, dost we joralary bilen wagtyny geçirýärdi we beýleki adamlaryň köpüsi ýaly, onuň adaty ýaly bolup görünýän durmuş ýörelgeleriniň daşky gurşawa ýaramaz täsirini nähili derejede ýetirýändigi hakynda pikir hem etmeýärdi.
Bularyň hemmesi onuň Türkmenistanda geçirilen eko-çäresine gatnaşandan soňra üýtgedi:
"Men howanyň üýtgemegi we onuň adam saglygyna we planetamyzyň geljegine nähili täsir edýändigi barada köp zatlar öwrendim”, - Gülnar aýdýar. “Men ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaşamagy başladym we beýleki adamlary hem bu ýörelgelere eýermäge çagyryp başladym. Men deň-duşlarymyň hem köpüsiniň daşky gurşaw meseleleri barada gaty az maglumat bilýändigine düşündim.”
Ine, şonda Gülnary ajaýyp pikir gurşap aldy – jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we planetanyň gülläp ösmegi üçin endikleriň üýtgemegine itergi bermek üçin sosial aragatnaşyk torlarynda blog açmak.
Häzirki wagtda Gülnar Taýjanowa Türkmenistanyň ilkinji we ýeke-täk eko-blogerydyr. Sosial aragatnaşyk torlarynyň tanymal we täsir ediji şahsyýeti hökmünde Gülnar galyndylary azaltmak barada görkezmeleri bermek bilen ýerli ilatyň içinde durnukly endikleri öňe sürmek üçin köp işleri alyp barýar. Şeýle hem, Gülnar ekologiýa taýdan arassa önümleri satmak üçin platforma bolup hyzmat edýän onlaýn eko-marketiň esaslandyryjysydyr we şeýlelik bilen ol ýurtda “ýaşyl” işewürligiň ösüşini goldaýar.
“Men ekologiki durmuş ýörelgeleri boýunça siziň ýol belediňiz. Men size nirede we nämäniň gaýtadan işlenilýändigi barada aýdyp bererin”, - diýip, Gülnar Instagram sahypasyndaky terjimehalynda aýdýar. "Ähli janly-jandarlara biperwaýlyk etmeýän adam."
Gülnaryň sosial aragatnaşyk torlarynda “Tebigatyň kömekçisi” atly sahypasy bilen ruhlandyrjy tanyşlyk, onuň abunaçylarynyň daşky gurşaw meselelerine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna sebäp boldy we Gülnaryň blogy howanyň häzirki ýagdaýy barada bilim paýlaşmak we adamzadyň öňünde duran daşky gurşaw bilen baglanyşykly iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma öwrüldi.
Gülnar öz Instagram sahypasynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly dürli meseleler barada gürrüň berýär we durnukly durmuşda ýaşamak üçin her kimiň amala aşyryp biljek işleri barada ýönekeý maslahatlaryny berýär.
“Men öz blogymda daşky gurşaw bilen baglanyşykly nähili meseleleriň bardygyny we her birimiziň planetany halas etmek üçin nähili işleri ýerine ýetirip biljekdigimiz barada ýönekeý dilde gürrüň berýärin. Men şahsy mysallarym bilen galyndylaryň mukdaryny nädip azaltmaly, olary öýde nädip seljermeli, nirä alyp gitmeli we soňra täzeden ulanmak üçin olaryň gaýtadan işlenilip, nämä öwrülýändigini görkezýärin"- diýip, Gülnar gürrüň berýär. “Men daşky gurşawyň arassa bolmagy üçin alnyp barylýan işlere gatnaşmak we çäreleri görmek üçin abunaçylarymyň isleg bildirýändiklerini görýärin. Meniň wezipäm - olara muny nädip edip boljakdygyny görkezmekdir."
Gülnaryň durnukly geljegi gurmak ugrunda endikleri üýtgetmek boýunça tutýan orny – onuň işjeň tarapdarlaryna öwrülen beýleki eko-aktiwistler üçin görelde boldy. Onuň açyklygy we yhlasy, ony adamlaryň diňleýän we eýerýän täsirli eko-aktiwistine öwürdi. Beýleki täsirli adamlar ýaly, Gülnar halkara tejribesine daýanýar we hünärmenler bilen işjeň işleşýär.
Iki ýyl mundan ozal, Gülnar Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasynyň çäginde galyndylary durnukly dolandyrmak bilen baglanyşykly çärelere işjeň gatnaşyp başlady.
Taslama, durnukly şäherleriň ösüşine goldaw bermek, şeýle hem ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny we howanyň hapalanmagyny azaltmak, energiýanyň sarp edilmegini azaltmak we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edýän tagallalarynyň çäginde galyndylary durnukly dolandyrmak ýaly ýurtda şäher ösüşiniň ýaramaz täsirlerini azaltmak maksady bilen amala aşyrylýar. Taslama tehniki, institusional we syýasy taýdan goldaw berýär, şeýle hem Aşgabat we Awazany öz içine almak bilen çeşmelerden tygşytly peýdalanmak we galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly endikleri üýtgetmäge goldaw berýär, hem-de bu ugurda gazanylan netijeleri Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde ulanmak üçin esas döredýär.
Gülnar Türkmenistanda BMGÖM-niň taslamasynyň synag çäreleriniň netijesinde ýaýbaňlaşýan we gowulaşýan - galyndylary dolandyrmak ulgamynyň bardygyny mälim etmek üçin galyndylary seljermek we gaýtadan işlemek boýunça ýerli kärhanalaryna baryp görýär.
"Adamlar, BMGÖM-niň Durnukly şäherler baradaky taslamasynyň goldawy bilen ýaňy-ýakynda peýda bolan gaýtadan işleýän we hatda galyndylary ýygnaýan nokatlarymyzyň bardygyny bilmelidirler."
Abunaçylarynyň haýyşlary sebäpli, şu ýyl Gülnar BMGÖM taslamasynyň hünärmenleri bilen BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň goldawy bilen galyndylary dolandyrmagyň milli ulgamynyň ornaşdyrylmagy barada okyjylara habar bermek üçin söhbetdeşlik gurady. Bu söhbetdeşligiň wideosy Gülnaryň we Türkmenistanda BMGÖM-niň sosial aragatnaşyk kanallarynda ýerleşdirildi we halk arasynda durnukly sarp etmek hem-de durnukly durmuş ýörelgeleri barada işjeň çekişmeleriň döremegine itergi berdi.
Mundan başga-da, Gülnar şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda BMGÖM tarapyndan gurnalan ýaş eko-aktiwistler bilen resmi däl söhbetdeşligiň bilelikde guramaçysy hökmünde çykyş etdi.
Gülnaryň we beýleki gatnaşyjylaryň goldawy bilen bu çärede işjeň çekişmeler boldy we sosial aragatnaşyk torlarynda BMGÖM-niň mandaty we maksatlary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen mazmunlar döredildi, şeýle hem ýerli ilatyň endiklerini üýtgetmek boýunça alnyp barylýan işleri durnukly ösüşe gönükdirmek barada çekişmeler geçirildi.
"Biziň her birimiziň hereket etmegimiz möhümdir we bu hereketler howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça saldamly goşant goşýar" – diýip, Gülnar duşuşygyň dowamynda aýtdy.
Bu çäre bilim almak we ekologiýa taýdan howpsuz we jogapkärçilikli kararlary bermek üçin tejribeler bilen tanyşmaga gönükdirilen BMGÖM-niň ýaşlar bilen resmi däl gepleşikleriň bir bölegidir.
"Şular ýaly bilim beriji başlangyçlar adamlara antropogen hapalanmasynyň adamlaryň we ekosistemanyň saglygyna ýetirýän täsirini düşünmäge ýardam edýär, hem-de durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin endikleri üýtgetmek bu meseläniň çözgüdini tapmak ugrunda nähili goşant goşup biljekdigi barada has giňişleýin pikir alyşmaga ýardam edýär" – diýip, BMGÖM-niň Türkmenistanda Hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy.
BMGÖM-niň ýaş eko-aktiwistler bilen duşuşygynda Gülnar BMGÖM-niň tagallalaryna ýaşlary çekmek, şol sanda öýsüz-öwzarsyz haýwanlara goldaw bermek babatyndaky taslamany ýola goýmak boýunça birnäçe gymmatly teklipleri hödürledi.
Adamlaryň haýwanlara bolan ynsanperwer garaýşy, Gülnaryň Instagram blogynyň esasy mowzuklarynyň biridir.
“Meniň haýwanlara bolan söýgim maňa ejemden geçdi. Çagalygymda ejem öýsüz haýwanlaryň ýanyndan geçip gidip bilmeýärdi, ol olary bejermäge çalyşýardy we iýmit berýärdi, ol häzirem şol işini dowam edýär.”
Gülnar köplenç öýsüz haýwanlaryň gonalgasyna gidýär, soňra bolsa öz abunaçylaryna haýwanlar barada gynançly hekaýalaryny gürrüň berýär we olary bu haýwanlara ideg etmäge çagyrýar: “Men päk tohumly pişikleri ýa-da güjükleri satyn almagyň zerur däldigini düşündirýärin, gonalgada biziň ünsümize, söýgimize we idegimize mätäç bolan köp gürjiler bar.”
Gülnaryň daşky gurşaw meseleleri boýunça maslahatlary we teklipleri bermek üçin blog hökmünde açan köpçülikleýin habar beriş sahypasy indi has möhüm bir zada öwrüldi - sagdyn durmuş ýörelgelerini we bilimi paýlaşmak, hereketleri we üýtgeşmeleri etmäge çagyrmak üçin jemgyýetçilik platformasyna öwrüldi. Gülnar durnukly geljegi gurmak üçin üýtgeşmeleri öňe sürmek ugrundaky edýän tagallalary arkaly beýleki ýaşlar üçin görelde boldy.
“Şahsy mysallarym bilen, men uglerodyň ýetirýän täsirlerini azaltmak bilen her birimiziň häzirki ýagdaýy nädip gowulaşdyryp biljekdigimizi görkezýärin. Men öz abunaçylaryma zyňyndylaryň ýok bolan dünýäsini gurmak üçin edýän tagallalaryna goldaw bermäge taýyar."
1 of 5

Waka
05 April 2022
Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň täsirine garşy göreşmek üçin tagallalary birleşdirmek
"Tebigat bilen sazlaşygy saklamak 21-nji asyrda biziň esasy wezipämizdir" – diýip, BMG-niň Baş sekretary has ygtybarly, has durnukly we has adalatly dünýäni döretmek üçin howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyny meýilnama hökmünde ulanyp, dünýä jemgyýetçiligini bilelikde işleri amala aşyrmaga çagyryp, aýtdy.
Hemişeki ýaly, BMG-niň Türkmenistandaky topary BMG-niň ýolbaşçysynyň çagyryşyna seslendi.
Türkmenistan Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýa-da DÖM-i kabul eden ilkinji ýurt bolandygyny bellemegimiz zerurdyr. BMG-niň ýurt boýunça topary hökmünde biziň üçin bu, milli hyzmatdaşlarymyza goldaw bermegi dowam etdirmegi, bilim almagy we tiz wagtda DÖM-na ýetmek üçin alyp barýan işimize innowasion çözgütleri girizmegi aňladýar.
Meniň ýolbaşçylygymda BMG-niň ýurt boýunça topary howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan işleri ýaýbaňlaşdyrmakda we ýurduň daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny goldamakda Türkmenistana hemmetaraplaýyn we utgaşdyrylan goldaw bermek üçin işjeň hereket etdi.
BMG-niň düzümleýin edaralarynyň birnäçesi, şol sanda FAO, BMGÖM, ÝUNISEF we BSGG, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hökümet bilen pugta hyzmatdaşlygyny dowam etdirdi. Şeýle hem, biz hökümet bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin çäreleri gurap, BMG-niň beýleki edaralarynyň gatnaşygyny artdyrdyk.
Bu işjeň gatnaşyklaryň döwri 2021-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Glazgoda geçiren Howanyň üýtgemegi babatynda maslahatynyň (COP26) öňsyrasynda bolup geçdi. Netijede biz strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrdyk we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çekişmelere has köp milli gatnaşyjylary çekdik.
Şolaryň biri meniň edaramyň goldawy bilen howanyň üýtgemegi boýunça utgaşdyryjy toparynyň döredilmegidir. Ýene bir mysaly, BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnamanyň gol çekilmegi, iň aýdyň mysallaryň biri bolsa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmakda ýaşlaryň ornuny nygtaýan, biziň goldawymyz bilen geçirilen Milli ýaşlar maslahatydyr.
Bu özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine aşa ejiz bolan, iri magdançylyk senagatly we deňize çykalgasy bomadyk ýurt hökmünde Türkmenistan üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Şeýlelik bilen, Hökümet bilen has ýakyndan işleşmek arkaly bu şertnama geljekde ýüze çykyp biljek meseleleri azaltmak üçin howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere bolan milli islegleri güýçlendirip biler.
Mundan başga-da, ol pes uglerodly ösüş boýunça Milli strategiýalar we Hereketler meýilnamasy, Aral deňzi babatynda Milli hereketler meýilnamasy, howanyň üýtgemegi babatynda Milli strategiýalar we Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşantlaryny täzelemek ýaly milli başlangyçlary goldamak üçin platforma döredýär.
Umuman, düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama daşky gurşaw babatyndaky başlangyçlara maýa goýumlaryny ösdürmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin halkara maliýeleşdiriş işlerine elýeterliligi üpjün etmek arkaly BMG-niň berýän goldawyny hasam işjeňleşdirýär. Bu bolsa, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak ugrunda tagallalary dowam etdirmek üçin jemgyýetleri işjeň gatnaşmak we ýuwaş-ýuwaşdan işleri amala aşyrmak üçin ruhlandyryp biler.
Biziň geljekki ýyllarda umydymyz köp. Soňky ýyllarda Türkmenistanda önümçilik pudagynyň uglerod zyňyndylary yzygiderli azalýar. Ýurt tokaýlary dikeldýär we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak üçin ýerleriň ulanylyşyny gowulandyrýar. Şeýle hem, ýaşlar durnukly jemgyýetleri döretmek ugrunda möhüm orunlaryny öňkülerinden hem has gowy düşünýärler.
Italiýada geçirilen COP26 maslahatynyň Howa babatynda ýaşlar maslahatynda Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş eden 13-nji DÖM-niň ýaş ilçisi Leýli Ýagşiýewa şeýle diýdi: “Biz, ýaş ýolbaşçylar, geljegimiziň ýagty we dowamly bolup biljekdigine ynanýarys. Dünýä bize umytlanýar, geliň, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin döredijiligimizi şu ýerde we şu wagt birleşdireliň! ”
1 of 5

Waka
10 March 2022
8-nji mart, Pandemiýa döwründe öz maksatlaryna ýetýän 8 sany gyzyň ruhlandyryjy durmuş hekaýalary
Dünýäniň global pandemiýanyň üçünji ýylyna gadam basmagy bilen, gyzlaryň dürli derejelerde gender, ýagny jyns meselesi babatynda adalatsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmaklarynyň dowam edýändigi sebäpli, olaryň hak-hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek zerurlygy täze ähmiýete eýe bolýar. Halkara zenanlar güni ÝUNISEF, Türkmenistanyň hemme ýerinde gyzlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň durmuş hekaýalaryny, üstünlige tarap ýollaryny we global pandemiýanyň olaryň durmuşyna nähili täsir edendigi barada paýlaşmagyny haýyş etdi.
“Halkara zenanlar gününde, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy, global pandemiýa şertlerinde gender deňligi barada pikir alyşýar. Türkmenistandaky her bir gyzyň we zenanyň öz hukuklaryndan doly peýdalanmagyny üpjün etmek we biziň hemmämiz üçin has asuda we abadan geljegi gurmak üçin olaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlar bilen işleýäris” - diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi belläp geçdi.
Şu gün 8 sany gyz: Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçisi, grafiki dizaýneri, şepagat uýasy, ussat we ökde basketbol oýunçysy, mugallym, fotosuratçy, daşky gurşaw bilen işjeň gyzyklanýan hünärmen we žurnalist, bu möhüm senäni bellemek we gender stereotiplerini ýok etmeklige gönükdirilen özgerişleriň mysaly bolmaga, şeýle hem pandemiýanyň ýaramaz netijeleriniň täsirinden dikelmäge goşant goşmak we dünýädäki her bir gzyň hak-hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öz üstlerine borçnama almak üçin birleşýärler. Geliň, olar bilen has ýakyndan tanyş bolalyň:
ÝUNISEF gyzlara elýeter bilim, saglygy goraýyş ulgamy we durmuş taýdan goraglylyk babatyndaky mümkinçilikleri berýän, şeýle hem esasy maksatlaryna ýetmekde olaryň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak maksady bilen pandemiýadan soňky has adalatly we deňhukukly dünýäni döretmäge kömek etjek, gyzlary global pandemiýasyndan dikeltmek boýunça işlerini dowam etdirer. Munuň özi bolsa, her bir çaga üçin has röwşen, has asuda we abadan geljegi döretmek üçin örän ähmiýetli ädimlerdir.
1 of 5

Waka
01 February 2022
Durmuş işi boýunça psiholog hünäri - Türkmenistanyň kämilleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň aýrylmaz bölegidir
Her gün dürli-dürli adamlar bilen duşuşýar we şol duşuşyklaryň esasy maksady bolsa – olara ruhy taýdan goldaw bermekden ybarat.
Näzik – çaga psihology –juda ýaş hünär boýunça ýaş hünärmen.
Näzik hemişe psiholog bolmany arzuw ederdi we Magtymguly adyndaky TDU-de hünärmeniň diplomyny, soňra Belarus Respublikasynda psihologiýa ylymlarynyň magistri derejesini alyp, Türkmenistanda adamlara kömek etmek we okuwyň dowamynda alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmak üçin ol öz watanyna dolanyp geldi.
Bagtyna, Näzigiň Türkmenistana dolanyp gelmegi BMG we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly täze bilelikdäki maksatnama gatnaşyjylary seçip almanyň başlanan döwrüne gabat geldi.
«Bu maksatnama gatnaşmak we söýýän hünärim boýunça işlemek miýesser edenligine men örän şat. Durmuş işi boýunça psiholog - bu biziň ýurdumyz üçin täze hünär. Şahsy göreldäm bilen men beýlekileri hem bu hünäri öwrenmäge we ösdürmäge ruhlandyraryn, diýip umyt edýärin.»
Bu maksatnamanyň çäklerinde ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny üpjün etmäge Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu başlangyç dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilatyň ejiz toparlaryna olary çözmäge goldaw bermäge, agyr durmuş ýagdaýlaryndan çykmaga we olara özbaşdak durmuş obrazyny alyp barmaga kömek etmäge gönükdirilendir.
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylygynda we esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýerli derejede hemmetaraplaýyn hyzmatlaryň täze nusgasy 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan synag edilip başlandy we durmuş işi boýunça 45 hünärmen işe alyndy we tutuş Türkmenistan boýunça 20 etrapda olar ilkinji durmuş hyzmatlaryny bermek boýunça okuw geçdiler. Şol bir maksatnamanyň çäklerinde, 2021-nji ýylda, ÝUNISEF dört täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatyny, hususan-da, ýerli derejede çagaly maşgalalary işjeň goldama, maýyp çagaly maşgalalary goldama, çagalar öýlerinden gelen çagalaryň ýaňadan durmuşa goşulyşmagy we internat edaralaryndan gelen ýaşlara maşgala we jemgyýete goşulyşma üçin durmuş goldawyny bermegi synag etdi.
Aşgabatda, bu maksatnamanyň çäklerinde, bu hyzmatlaryň ikisi synag edildi: topar derejesinde çagaly maşgalalary işjeň goldama we maýyplygy bolan çagaly maşgalalary goldama. Näzik eýýäm 18 iş boýunça iş alnyp barylýan bu synag edilýän hyzmatlara gatnaşýar.
Durmuş işi boýunça hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda, Näzik köp çagaly maşgalalara, agyr durmuş ýagdaýyny başdan geçirýän maşgalalara, maýyplygy bolan çagaly maşgalalara kynçylyklary ýeňip geçmäge, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga, çaganyň ösmegi we terbiýesi üçin zerur ene-ata başarnyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga we ş.m. kömek edýär.
«Biziň durmuş işi boýunça taslamamyzda psihologyň işi durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ruhy taýdan sagdynlygyny we şahsyýetiň ösüşini üpjün etmekden ybarat. Işimde men psihologiýanyň dürli usullaryndan peýdalanýaryn, mysal üçin, söhbetdeşlik, maslahat berme, aýratyn we toparlaýyn bejergi we beýlekiler. Söhbetdeşlik ýiti psihologik birahatlylyk ýagdaýyny, dartgynlylygy aýyrmak, psihologik birahatlylygyň we agressiýanyň, gorkynyň derejesini peseltmek maksady bilen geçirilýär. Şeýle-de, ol maşgalada, durmuşda we daş-töweregimizde bolup geçýän düşünişmezlikleriň we agzalalyklaryň sebäplerini ýüze çykarmak üçin hyzmatlardan peýdalanýanlar bilen ilkinji tanyşlykda geçirilýär.»
Psihologyň işiniň tapgyrlary psihologik barlaglary geçirmekden we olaryň netijelerini jemlemekden, psihologik zerurlyklara, töwekgelçililere we müşderileriň serişdelerine baha bermekden, olaryň durmuş ýagdaýlarynyň psihologik aýratynlyklaryny we durmuş şertlerini, şeýle-de dürli jemgyýetçilik toparlarynyň adaty psihologik meselelerini ýüze çykarmakdan ybarat bolýar. Soňra, müşderiler bilen bilelikde, sosiallaşdyrmanyň anyk tapgyrlary, durmuşda özüňi alyp barmanyň kadalarynyň emele gelmesi üçin durmuş maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek maksady bilen “hereketleriň meýilnamasy” düzülýär.
«Adamlar özleriniň kömege mätäçligine hemişe düşünip durmaýarlar we olaryň işini üstünlikli çözenimizde, olar hemişe bize minnetdar bolýarlar. Käwagt bolsa, adamlara diňe içini dökmek we hünärmenleriň pikirlerini diňlemek gerek bolýar.»
Soňra, geçirilen barlaglaryň we alnan netijeleriň, «hereketleriň meýilnamasy» düzülende ýüze çykarylan delilleriň we maksatlaryň esasynda durmuş işi boýunça hünärmen bilen birlikde ÖHEM (Özbaşdak hemaýat etmek meýilnamasy) düzülýär we onda öňde goýulan maksatlara ýetmegiň usullary, möhletleri we tärleri beýan edilýär.
«Men öz işimi juda söýýärin, hiç wagt meniň iki birmeňzeş günüm bolmaýar. Adamlar dürli we edil şonuň ýaly-da, olaryň durmuş ýagdaýlary hem dürli bolýar. Iň ýakymly zat - bu biz hakykatdan-da adamlara kömek edip bilýäris, öz işimiziň netijesini we olaryň ýüzlerinde ýylgyryşlary görüp bilýäris.»
1 of 5
Press reliz
28 June 2022
TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK UGRUNDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIKLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Ministrleriň orunbasarlary we pudaklaýyn ministrlikleriň hünärmenleri DÖM-niň halkara maglumat binýadynda Türkmenistanyň reýtingi we 2022-nji ýylda DÖM-niň milli orta möhletleýin synynyň netijeleri, şol sanda boşluklaryň derňewi we teklipler bilen tanyşdylar. Olar halkara geňeşçisi jenap Marian Petreski tarapyndan tanyşdyryldy, ol görkezijiler boýunça maglumatlaryň elýeter bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň reýtingi ýokarlanyp biljekdigini hem aýtdy. Şeýle-de, ol esasy we maksatlaýyn gymmatlyklaryň elýeterliligini üpjün etmek, global maglumat binýadyna has işjeň hasabat bermek, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň DÖM-niň görkezijileri boýunça ýokary hilli hasabaty taýýarlamaklary üçin entek köp işleriň amala aşyrmalydygyny aýdyp geçdi.
“Ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligi, daşarky sarsgynlaryň, global pandemiýanyň, şol sanda Gündogar Ýewropadaky harby çaknyşyklaryň makroykdysady ýagdaýa we ilatyň dürli gatlaklaryna edýän täsirine düşünmek üçin möhüm şert bolup durýar. Şeýle hem, bu hiç kiminiň ünsden düşmezligini üpjün etmek üçin gönükdirilen çäreleri geçirmek üçin bolan kynçylyklaryň sebäplerine düşünmäge mümkinçilik berer "- diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.
Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti DÖM-niň Milli maglumat binýadyny ulanmagyň başlangyç netijelerini, şol sanda onlaýn görnüşine tapgyrlaýyn geçiş ädimlerini hödürledi. DÖM-niň Milli maglumat binýady maglumatlary ýygnamak we gözegçilik etmek, şeýle hem meýilleşdirmegiň we DÖM-ny durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstülikleri yzarlamagyň netijelerine baha bermek üçin amatly guraldyr.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilermenleriniň bilelikdäki iş toparynyň 2021-nji ýylda DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça ýyllyk hasabatyny, şeýle hem DÖM-niň milli matrisasyny üýtgetmek baradaky tekliplerini hödürledi. Mundan başga-da, duşuşukda DÖM-ny maliýeleşdirmek üçin alnyp barylýan işleri gowulandyrmak boýunça ýurduň ygrarlylygy we bilermenleriniň bilelikdäki iş toparynyň üstünlikli işi barada aýdylyp geçildi, Türkmenistanda DÖM-ny Maliýeleşdirmegiň Toplumlaýyn Milli Mehanizmlerini durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimler, hususan-da, häzirki wagtda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldawy bilen BMGÖM-niň hünärmenleri we geňeşçiler topary tarapyndan amala aşyrylýan Ösüşi Maliýeleşdirmegiň Bahalandyrmasy hödürlendi.
Duşuşygyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň agzalary Türkmenistanyň global maglumat binýadyna hasabat bermeýän ugry - DÖM-niň millileşdirilen görkezijilerini işläp düzmek boýunça Milli Hereketler meýilnamasyny döretmek babatynda teklibi goldadylar. Bu meýilnamada, her bir milli görkeziji boýunça kesgitlenen çäreler, şeýle hem jogapkär milli edaralar görkezilmeli. Bu meýilnama görkezijiniň usulyýetiniň çylşyrymlylygyna baglylykda 1-3 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilip bilner.
1 of 5
Press reliz
28 June 2022
2022-NJI ÝYLDA BILIM ULGAMYNY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA MASLAHATYŇ ÖŇSYRASYNDA MILLI GEŇEŞMELER ÝOLA GOÝULDY
Bilimi özgertmek baradaky inklýuziw gepleşiklere milli ministrlikler, talyplar we ýaşlar guramalary, raýat jemgyýeti guramalar, mugallymlar birleşikleri, hususy kärhanalar, ylmy toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem bilim ulgamynyň beýleki wekilleri gatnaşdy.
Bilim ulgamyny 2030-njy ýyla çenli özgertmek üçin bu geňeşmeler gatnaşyjylaryň arasynda umumy düşünjäni, borçnamalary we hereketleri işläp düzmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň hökümetiniň ýolbaşçylygynda milli geňeşmeler bilim ulgamyndaky ýitgileriň öwezini dolmaga, Durnukly ösüşiň 4-nji maksadyny täzeden herekete getirmäge we geljekde bilim ulgamyny täzeden gözden geçirmäge gönükdirilendir.
Geňeşmeler üç mowzugyň çäklerinde geçirildi: COVID-19 pandemiýasyndan soň dikelmek; 21-nji asyrda bilim ulgamyny täzeden gözden geçirmek üçin esasy strategiki özgerişleri we hereketleri kesgitlemek, şeýle hem bilim ulgamyny özgertmek ugrunda umumy maksatlara ýetmek üçin alnyp barylýan işleri tizleşdirmek; bilim ulgamynda milli maksatlara bolan ymtylyşy ýokarlandyrmak.
Milli geňeşleriň netijesinde Sammitiň sekretariaty üçin gysgaça hasabat we Bilimi özgertmek üçin ygrarlylygy görkezýän Milli beýannama taýýarlanyldy, onda bar bolan meýilnamalaryň, maksatnamalaryň we başlangyçlaryň esasynda ileri tutulýan işlere degişlilikde milli borçnamalar beýan ediler we ylalaşyga gelner.
1 of 5
Press reliz
25 June 2022
Milli hyzmatdaşlar üçin wirtual görnüşde okuw maslahaty: “Migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak, derňemek we ýaýratmak üçin HMG-niň göçüş hereketlerini yzarlamak boýunça matrisasy”
Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk gullugy (SDC) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Owganystan we goňşy döwletler üçin toplumlaýyn hereketleriň meýilnamasy” atly taslamasynyň çäginde milli hyzmatdaşlar üçin “Migrasiýa maglumatlaryny ýygnamak, derňemek we ýaýratmak üçin HMG-niň göçüş hereketlerini yzarlamak boýunça matrisasy (DTM) boýunça onlaýn okuw maslahatyny geçirdiler.
Bu okuw maslahatynyň maksady gatnyşyjylary HMG-niň migrasiýa maglumatlary we ylmy-barlag işleri babatyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem milli hyzmatdaşlar bilen Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýanyň, Türkiýe döwletiniň, Taýlandyň we Mongoliýanyň - ýurtlaryndan gaýdyp gelen we bir ýurtda eglenip galan migrantlar barada maglumat ýygnamak, olaryň zerurlyklaryna we gowşak taraplaryna baha bermek we seljermek, şeýle hem migrasiýa barada maglumatlary ýaýratmak boýunça tejribeleri bilenpaýlaşmak boldy. Bu iş, merkezi we ýerli derejedäki esasy döwlet edaralarynyň migrasiýa syýasatyny ösdürmek we migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak mümkinçiliklerini artdyrar. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlikleriniň we edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Häkimliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdy.
Awstriýadan gelen DTM taslamasynyň sebit boýunça utgaşdyryjysy hanym Esra Kaýi gatnaşyjylara göçüş hereketlerini yzarlamagyň matrisasynyň nähili döredilendigini, maglumatlary ýygnamagyň amaly ulanylyşyny, göçüş hereketlerini yzarlamagyň matrisasyny ulanmakda beýleki ýurtlaryň tejribesini, şeýle hem hökümetler we migrantlar üçin onuň peýdaly taraplary barada giňişleýin maglumat berdi. Migrasiýa barada maglumatlary dolandyrmak babatyndaky täze düşünje milli hyzmatdaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we olar bu ulgamy Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan girizilmegini mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak üçinylalaşyga geldiler.
Duşuşyk HMG-niň Türkmenistandaky wekilhasynyň başlygy jenap Azat Atajanowyň çykyşy bilen başlandy:
"DTM – bu öňdebaryjy ulgamdyr, ol çökgünlik döwründe ilatyň göçüş hereketleri we gowşak taraplary barada köp ugurly maglumatlary yzygiderli ýygnamaga, gaýtadan işlemäge we ýaýratmaga ýardam eder." DTM taslamasynyň sebit boýunça utgaşdyryjysy hanym Esra Kaýi sözüni şeýle dowam etdirdi: “DTM-niň usulyýet binýadynyň esasy maksady göçüş hereketlerine baha bermek üçin DTM tarapyndan ulanylýan dürli komponentler, gurallar we usullar bilen baglanyşykly saýlama prosesi, garaşylýan netijeler we çäklendirmeler barada ýol görkezmekdir."
1 of 5
Press reliz
28 June 2022
Ýerli komitetiň agzalary ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek we olara ýol görkezmek üçin gurallar bilen enjamlaşdyryldy
Döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 20-den gowrak wekili, şol sanda Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan ýaşlar netijelere esaslanýan dolandyryşy, şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagyndaky usullary ulanyp, jemgyýetçilik esasyndaky başlangyçlary ösdürmek boýunça ädimme-ädim ýol görkezmek üçin geçirilen tälimçileriň üç günlük okuwyna gatnaşdylar.
BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, dört jemgyýetçilik başlangyçlaryny meýilleşdirmek, işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi we olary bu işlere çekmegi maksat edinýär. Bu başlangyçlar, adam howpsuzlygy baradaky çemeleşmäni öz içine alýar we “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ejiz toparlaryna gönükdirilendir.
"Ýaş meýletinçiler tarapyndan netijelere esaslanýan, hem-de taslamalaryň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gönükdirilen dolandyryş çemeleşmesiniň ulanylmagy, maksatnama başlangyçlarynyň has täsirli durmuşa geçirilmegini üpjün eder we ilatyň ejiz gatlaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam eder diýip umyt edýärin." - diýip, bu okuw maslahatyny gurnan we geçiren ÝUNFPA-niň halkara hünärmeni Ýelena Pozdorowkina aýtdy.
Bu okuw, ýaşlara başlangyçlaryny ösdürmekde we dolandyrmakda, şol sanda SMART ulgam arkaly zerurlyklara baha bermek, umumy düşünjäni işläp düzmek, maksatlary we meseleleri kesgitlemek, üýtgeşmeler teoriýasyny işläp düzmek, gözegçilik etmek, hem-de baha bermek ýaly ugurlarda ýol görkezmek üçin welaýatdan gelen gatnaşyjylary gurallar bilen üpjün etdi.
Okuwlaryň indiki tapgyry iýul aýynda geçiriler we pandemiýanyň köp ölçegli töwekgelçilikleriniň çözgütlerini tapmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek çemeleşmesini ulanmak arkaly geljek üç aýyň dowamynda ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik başlangyçlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin her bir welaýatdan 40-dan gowrak ýaş meýletinçiler gatnaşar. Ýerli komitetler ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlara ýolbaşçylyk eder we goldaw bererler, şeýle hem Bilelikdäki Maksatnamanyň netijeleriniň dowamlylygyny üpjün etmek üçin onuň çäginde işlenip düzülen we gazanylan ähli bilimleri we tejribeleri ýygnalar.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy we BMG-niň düzümleýin edaralary (UNFPA, UNICEF, UNODC we IOM) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy jemgyýetiň jebisligini, adamlaryň eklenjini we mertebesini ýokarlandyrmak arkaly ýaşlar bilen döwlet işgärleriň arasyndaky sebitleýin derejede gepleşikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Adam howpsuzlygy babatyndaky çemeleşme iň amatly konsepsiýa hökmünde ulanylýar, çünki ol adamlara gönükdirilen, sebite laýyklykda we toplumlaýyn, hem-de öňüni alyş çäreleri tekli edýän gurallar toplumyny hödürleýär.
Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary.
1 of 5
Press reliz
20 June 2022
Türkmenistanyň hünärmenleri “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça kommisiýasynyň guralyny öwrendiler
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edarlarynyň, şeýle hem BMG-niň düzümleýin edaralarynyň 30-a golaý wekili UNESCAP tarapyndan “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin işlenip düzülen seljeriş guralyny ulanmagyň usullaryny öwrendiler. Bu gural, dürli ýagdaýlaryň biri-birine nähili baglydygyny we Durnukly ösüş maksatlarynda göz öňünde tutulýan esasy mümkinçiliklere elýeterlilikde ýüze çykýan deňsizlikleriň nähili döreýändigine düşünmek üçin ulanylýar. Ilatyň gowşak toparlaryny we olaryň gowulaşmagyna päsgelçilik berýän ýagdaýlary kesgitlemek üçin guralyň içine umumy we statistiki maglumatlar girizilýär.
Okuw döwründe gatnaşyjylar aşakdaky mowzuklar bilen tanyşdylar:
1. Klassifikasiýa we regressiýa agajynyň usulyýetini, şeýle hem ilatyň gowşak toparlaryny ýüze çykarmak üçin onuň nähili ulanylýandygyna düşünmek.
2. Tapawutlylyk indeksiniň (H-Indeks) nämedigine düşünmek, şeýle hem ösüşiň belli bir ugrunda deňsizligi görkezýän ýeke-täk sany ýüze çykarmak üçin onuň nädip hasaplanýandygyna düşünmek.
3. UNESCAP-yň “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin ulanylýan guralynyň düzümine girýän 15 görkezijini düýpli gözden geçirmek.
4. UNESCAP-yň “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin ulanylýan guralynyň düzümine girýän grafikleriň we diagrammalaryň hemmesine düşünmek we olardan peýdalanmak.
5. Aýry-aýry ýurtlaryň zerurlyklaryny göz öňüne tutup, barlag işlerini her bir ýurda nädip uýgunlaşdyryp boljakdygy barada öwrenmek.
Guraly has gowy düşünmek we ulanmak üçin gatnaşyjylar 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanda ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-niň goldawy bilen Döwlet statistika komiteti tarapyndan geçirilen Köp görkezijili toparlaýyn gözleg işleriniň maglumatlaryny ulandylar.
Bu okuw, BMG we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň deňhukukly we inklýuziw bolmagy üçin işlenip düzülen syýasaty kämilleşdirmäge mümkinçilik berjek maglumatlara we statistika elýeterliligi gowulandyrmak boýunça has giňişleýin strategiýanyň bir bölegidir.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
20 October 2021
Serişdeler
23 April 2020
Serişdeler
23 April 2020
1 / 11