Press reliz

BMG parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň giňden ýaýbaňlaşdyrlymagy üçin köpugurlylygyň we söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtaýar

12 December 2021

  • Şu gün Türkmenistanyň Hökümeti “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty - halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly ýokary derejeli halkara maslahatyny  geçirdi.

Bu çäre Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanýar we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak gününi bellemegiň bir bölegidir. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan açylan ýokary derejeli umumy mejlise Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we ýurtda diplomatik wekilhanalaryň ýokary derejeli wekilleri çykyş etdi.

“Parahatçylyk we ynanyşmak BMG-niň Tertipnamasynda we onýyllyklaryň dowamynda kabul edilen şertnamalarda görkezilen esasy ýörelgelerdir. Bu pikirler, özara düşünişmek, halkara hukugyna hormat goýmak, şeýle hem parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, adamlaryň hukuklaryny we durnukly ösüşi öňe sürmek bilen köpugurlylygy ösdürmek üçin deslapky şertlerdir "- diýip Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyrjysy Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.

Ýokary derejeli maslahatyň çäginde, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň düzümleýin edaralary bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak meselesinde hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmeklik baradaky Memorandumy, şeýle hem BMGÖM, ÝUNFPA, ÝUNISEF we FAO bilen Bilelikdäki hereketler meýilnamalary ýaly birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Ýokary derejeli forumdan soň bir wagtda üç sany umumy mejlis geçirildi: “Parahatçylygyň we YnanyşmagyňSyýasaty: Parahatçylygy gurmakda Bitaraplyk we Öňüni alyş Diplomatiýasy”; “Parahatçylygyň medeniýeti billen durnukly ösüş meýilnamasynyň arasynda aýrylmaz baglanyşyk”; we “Bütin dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürmek prosesleriniň adam tarapdan ölçegi”.

Maslahat raýdaşlygy we sazlaşygy berkitmek arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga goşant goşýan gymmatlyk hökmünde halkara gatnaşyklar ugrunda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösmegi bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşygyny nygtaýan Netijeler boýunça resminamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

BMG parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň giňden ýaýbaňlaşdyrlymagy üçin köpugurlylygyň we söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtaýar

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdyýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UNCTAD
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz