Press reliz

Ownuk gäwüş gaýtarýan haýwanlar babatyndaky taslama Türkmenistanyň resmi gatnaşmagynda batly depgin bilen öňe barýar

20 December 2021

  • BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) we Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda "Ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin ownuk gäwüş haýwanlaryň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak" atly taslamany bilelikde durmuşa geçirmek üçin şertnama gol çekdiler.

Resmi dabara Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygyny belleýän gününde geçirildi. Bu şertnama FAO-niň adyndan FAO-niň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gututarapyndan we Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altýew tarapyndan gol çekildi.

Azyk we oba hojalygy boýunça FAO-niň we Türkiýe döwletiniň hyzmatdaşlykMaksatnamasynyň (FTHM) saýasynda durmuşa geçirilýän Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlary nyşana alýan taslama, her bir gatnaşyjy ýurtda we umuman Merkezi Aziýa sebtinde ownuk gäwüş haýwanlaryň önümçilik ulgamyny seljermek we netijeliligi gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga maksat edinýär. Mundan başga-da, taslama maldarlara ylym bermek maksady bilen fermerlar üçin meýdan mekdeplerini döretmek, şeýle hem milli we halkara bilermenler tarapyndan daýhanlara göni tälim bermek ýaly innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrar.

Meýilleşdirilen 36 aýyň dowamynda (2024-nji ýylyň aprel aýyna çenli) taslamanyň çägindeösüş pudagyna jogapkär wekiller, şol sanda aýal-gyzlar we ýaşlar bilimlerini artdyrarlar we başarnyklaryny ösdürerler.

Şeýle-de, taslama, hususan-da, Türkmenistanda we sebit boýunça maldarçylyk pudagynyň ösüşine goşant goşar we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) birnäçesiniň, esasanam DÖM1 (Garyplyk aradan aýyrmak), DÖM 2 (Açlygy aradan aýyrmak), DÖM 13 (Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek) we DÖM 15 (Gury ýer we ekoulgamlary gorap saklamak) durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

FAO-Türkiýe hyzmatdaşlygynyň maksatnamalary barada

FAO-Türkiýe hyzmatdaşlygynyň Maksatnamalarynyň esasy maksady azyk howpsuzlygynyüpjün etmek, oba ýerlerinde garyplygy azaltmak we tokaýlary durnukly dolandyrmak; çölleşmäge garşy göreşmek; we Azerbaýjanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkiýede, Türkmenistanda we Özbegistanda, şeýle hem beýleki gyzyklanýan ýurtlarda ekoulgamlary gorap saklamak ýaly işlerde goldaw bermekdir.

FAO-niň Türkiýe döwleti bilen azyk we oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlygynyňMaksatnamalarynyň (FTHM) 2007-nji ýylda döredilen birinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin Türkiýe hökümetiniň maliýeleşdirilmeginde hem-de Oba we tokaý hojalygy ministrligi tarapyndan tanyşdyrylmagynda ynam gaznasy tarapyndan 10 million ABŞ dollary möçberinde pul berildi. Maksatnamanyň birinji tapgyrynda 2009-njy we 2015-nji ýyllar aralygynda 16 ýurtda 28 taslama durmuşa geçirildi.

2014-nji ýylda Türkiýe we FAO, FAO-niň we Türkiýe döwletiniň tokaýlary goramak ugrunda hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamasynyň (FTHM) birinji tapgyry bilen birlikde goşmaça 20 million ABŞ dollary möçberinde FTHM-niň ikinji tapgyryny ýola goýdy, netijede, Türkiýe döwletiniň umumy goşandy 30 million ABŞ dollar boldy.

SALGYLAR:

  • “Ownuk gäwüş gaýtarýan haýwanlar” taslamasynyň giriş flaýery
  • Ownuk gäwüş gaýtarýan haýwanlar önümçiligiň netijeliligini we durnuklylygynyýokarlandyrmak üçin taslama başlaýar

Ownuk gäwüş gaýtarýan haýwanlar babatyndaky taslama Türkmenistanyň resmi gatnaşmagynda batly depgin bilen öňe barýar

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz