BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň alyp barýan işlerinde goldaw berýär. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Hökümetiň ösüş ugrunda ileri tutýan ägirt uly tagallalary boýunça BMG-niň strategiki hereketlerini kesgitlemek we ol ugurda ylalaşyga gelmek üçin Hökümet bilen maslahatlaşyp BMG-niň ýurt boýunça toparyna ýolbaşçylyk edýär. Bu hereketler Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynda şöhlelendirilýär.

Hyzmatdaşlyk çarçuwasy Türkmenistanyň hökümeti we BMG ulgamynyň arasyndaky umumy düşünjäni we hyzmatdaşlygy tassyklaýar. Ol gülläp ösýän, inklýuziw we durnukly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan höwesi beýan edýär. Onda 2025-nji ýyla çenli DÖM bilen bir hatarda Milli ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda möhüm öňegidişlikler gazanmak göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bäş sany esasy wezipesi bar:

1. Strategik meýilnamalaşdyryş

2. Ykdysadyýet

3. Hyzmatdaşlyk we ösüşi maliýeleşdirmek

4. Maglumatlary we netijeleri dolandyrmak we hasabat bermek

5. Aragatnaşyk we wagyz etmek

Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy

Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko.

Jenap Şlapaçenko diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol Birleşen Milletler Guramasynda, ýaňy-ýakynda Günorta Afrikanyň meseleleri boýunça toparyna we Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynda Sudanyň geçiş döwrüne goldaw bermek üçin Missiýasyna (UNITAMS) ýolbaşçylyk etdi. Mundan başga-da ol Syýasy we Parahatçylygy gurmak babatyndaky meseleler boýunça bölümine we Parahatçylyk babatynda operasiýalar bölümine goldaw berdi. Şeýle hem ol Yrakda, Kosowada, Nýu-Ýorkda, Somalide, Täjigistanda we Wenada ýolbaşçy wezipelerinde işledi.

Guramada işläp başlamazdan ozal jenap Şlapaçenko ABŞ-nyň Parahatçylyk Korpusynda we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda işledi. Şeýle hem ol öz ýurdunda halkara gatnaşyklar boýunça birnäçe işleri ýazdy.

Jenap Şlapaçenko halkara žurnalistika ugrunda bakalawr we magistr derejesine, şeýle hem Ukrainanyň Kiýew Uniwersitetinden halkara gatnaşyklary ugrunda doktorlyk derejesine, Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesine we Beýik Britaniýanyň London Ykdysadyýet Mekdebinden halkara gatnaşyklary ugrunda magistr derejesine eýedir. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina şäherindäki Dýuk Uniwersitetinde halkara žurnalistika we jemgyýetçilik syýasaty boýunça maksatnamany tamamlady.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy

Dmitry Shlapachenko

Dmitry Shlapachenko

UN Resident Coordinator