Biziň toparymyz Türkmenistanda

Aidai Kurmanova

Aýdaý Kurmanowa

UNEP
Merkezi Aziýa boýunça sebitara bölüminiň ýolbaşçysy
 
Hanym Aýdaý Kurmanowa öz kärini Almatydaky Merkezi Aziýa Edarasynyň ýolbaşçysy hökmünde 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 2-ne başlady. Onuň durnukly ösüş ugrunda 21 ýyl tejribesi bar. BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasynda işläp başlamazdan ozal ol Gyrgyzystan Respubliksaynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet boýunça sekretary wezipesinde bäş ýyl işledi. Onuň hünäri boýunça esasy ugurlary, durnukly ykdysady ösüş ugrunda syýasatlary taslamak we durmuşa geçirmek. Ol ýaşyl ykdysadyýet, elektron dolandyryş, kiçi we orta kärhana boýunça strategiki resminamalary taýýarlady. Ol Gyrgyzystan Respublikasynda Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek üçin alnyp barylan işlere ýolbaşçylyk etdi. Hanym Kurmanowa Gyrgyzystan Respublikasynyň Mejlisi bilen ykdysady ösüşini we işewürlik gurşawyny gowulandyrmak boýunça kanun taslamalaryny öňe sürip hyzmatdaşlyk etdi. Ol Ýaponiýanyň Halkara Uniwersitetinden ykdysady ösüş ugrunda, şeýle hem Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasyndan döwlet dolandyryşy boýunça magistr derejesini eýe boldy.
Aýna Seýitliýewa

Aýna Seýitliýewa

UNFPA
Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy
Hanym Seýitliýewa 2019-njy ýylyň maý aýynda ÝUNFPA-niň wekilhanasynyň başlygy wezipesine bellendi. Ol ýolbaşçylyk, programma dolandyryşy we aragatnaşyk ulgamynda 20 ýyllyk giňişleýin we köp ugurly tejribe toplady. Soňky 12 ýylyň içinde ol durmuş taýdan ösüşe, aragatnaşyga we ýaşlara gönükdirilen maksatnamalara ýolbaşçylyk edip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynda pudagara maksatnamalarynyň hünärmeniniň wezipesini ýerine ýetirdi, şeýle hem hyzmatdaşlyk we resurslary dolandyrmak ýaly meseleler boýunça işledi. BMG-da ilki işläp başlanda (2001-2006), ol Türkmenistanda ÝUNFPA-niň maglumat we aragatnaşyk bölümini utgaşdyrýardy. Hanym Seýitliýewa, Beýik Britaniýanyň Londondaky ykdysady we syýasy ylymlar mekdebini gutardy (2006-2007). Ol özüňi alyp baryş we jemgyýetçilik ylymlaryna gönükdirilen Media we aragatnaşyk ylymlary ugrunda magistr derejesine eýedir. Ol Beýik Britaniýanyň Chevening talyp haky maksatnamasynyň uçurymy. Mundan başga-da, onuň Türkmen Döwlet Uniwersitetinden Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklar ugry boýunça ýokary bilim aldy.
IOM Head

Azat Atajanow

IOM
Türkmenistanda Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýolbaşçysy
 
 
 
Jenap Atajanowyň 20 ýyldan gowrak tejribesi bolup, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, BMG-niň Ilat gaznasynda, BMG-niň Ösüş maksatnamasynda, şeýle hem BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdiriýetinde işledi. Onuň adam hukuklary, demokratik dolandyryş, ilat we ösüş, şeýle hem adam söwdasy ýaly ugurlarda ussatlyk derejesi bar. Ol Kiýew şäheriniň döwlet uniwersitetinden Halkara gatnaşyklary ugry boýunça, şeýle hem Missuri ştatynyň Kolumbiýa şäheriniň uniwersitetinden syýasaty öwreniş ýaly ugurlar boýunça magistr derejesine eýedir.
Chary Atayev

Çary Ataýew

UNODC
Türkmenistanda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk barada Müdiriýetiniň ýolbaşçysy
Jenap Ataýewyň hukuk goraýjy edaralarynda 10 ýyldan gowrak iş tejribesi bolup, ol Türkmenistanda neşe serişdeleri we jenaýatçylygyň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler boýunça hünärmen bolup durýar. Ol BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdiriýetinde 1996-njy ýylda işläp başlady, ondan öň ol BMG-niň Ösüş maksatnamasynda (Bütindünýä gaznasy) işledi. Ol Russiýa döwletiniň D. Mendeleýew adyndaky Himiýa tehnologiýalary uniwersitetiniň diplomyna eýedir, mundan başga-da ol Nýu Ýork şäherinde Jon Jeý adyndaky Jenaýatçylyk kazyýeti kolledžynda ylmy-barlag işlerini geçirdi.
Dmitriý Şlapaçenko

Dmitriý Şlapaçenko

Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy
 
Jenap Şlapaçenko diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol Birleşen Milletler Guramasynda, ýaňy-ýakynda Günorta Afrikanyň meseleleri boýunça toparyna we Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynda Sudanyň geçiş döwrüne goldaw bermek üçin Missiýasyna (UNITAMS) ýolbaşçylyk etdi. Mundan başga-da ol Syýasy we Parahatçylygy gurmak babatyndaky meseleler boýunça bölümine we Parahatçylyk babatynda operasiýalar bölümine goldaw berdi. Şeýle hem ol Yrakda, Kosowada, Nýu-Ýorkda, Somalide, Täjigistanda we Wenada ýolbaşçy wezipelerinde işledi.

Guramada işläp başlamazdan ozal jenap Şlapaçenko ABŞ-nyň Parahatçylyk Korpusynda we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda işledi. Şeýle hem ol öz ýurdunda halkara gatnaşyklar boýunça birnäçe işleri ýazdy.

Jenap Şlapaçenko halkara žurnalistika ugrunda bakalawr we magistr derejesine, şeýle hem Ukrainanyň Kiýew Uniwersitetinden halkara gatnaşyklary ugrunda doktorlyk derejesine, Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesine we Beýik Britaniýanyň London Ykdysadyýet Mekdebinden halkara gatnaşyklary ugrunda magistr derejesine eýedir. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina şäherindäki Dýuk Uniwersitetinde halkara žurnalistika we jemgyýetçilik syýasaty boýunça maksatnamany tamamlady.
Freya Von Groote

Freýa fon Groote

UNOPS
YUNOPS-yň wekili
 
Hanym Freýa Groote BMG-da, hökümetara we hökümete degişli bolmadyk pudaklarda dürli işlerde we ýolbaşçylyk wezipelerinde 20 ýyl tejribesi bar. Ol Gruziýada, Ermenistanda, Liberiýada / Günbatar Afrika, Yrakda, şeýle hem Wenada we Nýu-Ýorkdaky baş edaralarda ösüş, ynsanperwer ýardamy we hyzmatdaşlyk ugrunda toplumlaýyn taslamalary dolandyryp işledi. Hanym fon Groote Germaniýanyň raýaty. Ol Wels uniwersitetinden halkara syýasat ugrunda ykdysadyýetiň magistri derejesine we Dublinde Triniti kolledžinden taryh we rus dili ugrunda bakalawr derejesine eýedir. Hanym fon Groote nemes, iňlis, rus we fransuz dillerinde arassa gepleýär.
Hans Friedrich Schodder

Hans Fridrih Şodder

UNHCR
BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili
 
Ozal jenap Hans Fridrih Şodder Serbiýada BMG-niň ýokary komissarynyň wekili we bir ýyllap Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bolup işledi. 2012-2015-nji ýyllarda jenap Şodder BMG-niň ýokary komissarynyň Hindistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary, Siriýada krizis döwründe BMG-niň ýokary komissarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda ýokary utgaşdyryjysy (2014 ý.) we BMG-niň ýokary komissarynyň Gyrgyzystanda wekili (2008-2012 ý.) ýaly wezipelerini ýerine ýetirdi. Jenap Şoder BMG-niň ýokary komissarynyň edarasynda öz işini 1991-nji ýylda Gonkong şäherinde başlady, soňra Wýetnamda ÝHHG-sy bilen BMG-niň ýokary komissarynyň aragatnaşyk bölüminiň daşary gatnaşyklar boýuça ýokary maslahatçysy, şeýle hem Ukrainada, Sudanda we Şri-Lankada (2001-2008) BMG-niň ýokary komissarynyň hukuk meseleleri boýunça ýokary derejeli işgäri wezipelerinde işledi. Jenap Şodder öýlenen we iki çagasy bar. Ol Londonda SOAS uniwersitetinde (Gündogar we Afrika öwreniş mekdebi) “Sosial antropologiýa we Wýetnam okuwlary” boýunça bakalawr derejesine eýedir.
Mohammad Fayyazi

Mohammad Faýýazi

UNICEF
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili
Mohammad Faýýazi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenildi. Mohammadyň, Birleşen Milletler Guramasynda, ynsanperwer we ösüş maksatnamalaryny dolandyrmakda 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bar.
Özüniň öňki wezipesinde Mohammad, 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Liwanyň ykdysady we maliýe çökgünligi döwründe adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmek boýunça ÝUNISEF-iň Liwandaky ýerli işlerine ýolbaşçysylyk etdi. ÝUNISEF-iň ýurt maksatnamasyny işläp düzmek we milletara hyzmatdaşlygynyň durmuşa geçirmek işlerini utgaşdyrdy we ÝUNISEF-iň ýurtdaky bäş sany wekilhanasyna ýolbaşçylyk etdi.
Mohammad Eýranda, Sudanda, Owganystanda, Nýu-Ýorkda, Liwanda işledi we 20-den gowrak ýurtda we sebitde gurama wekilçilik etdi. Tehniki (çagany goramak), syýasat maslahaty we dolandyryş ugurlar boýunça ýerli we ýurt edaralarynda we ştab-kwartiralarynda dürli wezipelerde zähmet çekdi.
Mohammad Eýranyň raýaty. Ol Tähranyň Şahid Beheşti uniwersitetinden syýasy ylymlar boýunça bakalawr derejesini we Tähran uniwersitetinden syýasy ylymlar boýunça magistr derejesini aldy. Ol Pars, Iňlis, Arap we Fransuz dillerini bilýär.
Narine Sahakyan

Narine Saakýan

UNDP
BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili
 
 
 
Hanym Saakýan BMG ulgamynda taslamalaryň dolandyryjysy we BMGÖM-niň hemişelik wekili bolup, 18 ýyldan gowrak tejribe toplady, şeýle hem ol hökümet edaralarynda we ylmy-gözleg guramalarynda, ýerli we halkara jemgyýetçilik guramalarynda, Bütindünýä bankynda, USAID-da hem-de beýleki halkara guramalarynda 15 ýyl goşmaça tejribe toplady. Onuň geçiş meýilnamasy we Ýewropa Bileleşiginde integrasiýa ýaly meselelerde hökümetler üçin esasy reformalary işläp düzmekde we ösdürmekde, ösüş we maýa goýum maksatnamalary üçin serişdeleri herekete getirmekde; döwlet edaralaryndan, ýerli häkimiýetlerden hyzmatdaşlar, donorlar we hususy pudak bilen çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda baý tejribesi bar.

Hanym Saakýan ozal BMGÖM-niň Demirgazyk Makedoniýada hemişelik wekili, Makedoniýada, Moldowada we Türkmenistanda hemişelik wekiliniň orunbasary bolup işledi. BMGÖM-da işläp başlamazdan ozal hanym Saakýan ABŞ-da ýerleşýän “EurAsia Foundation” döwlet-hususy hyzmatdaşlygy bilen ykdysady ösüş bölümine ýolbaşçylyk edip işledi. Mundan başga-da, ol Ermenistan Respublikasynyň hökümetinde dürli wezipelerde işledi - Söwda we senagat ministrliginiň Maýa goýumlar müdirliginde we Ykdysadyýet ministrliginiň Daşary ýurt maýa goýumlar müdirliginde ýolbaşçy wezipelerde işledi.
Hanym Saakýan Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory (Moskwa, Döwlet meýilleşdiriş gullugy) we Biznes dolandyryşy boýunça bakalawr derejesine eýedir (Ýerewan, Inženerçilik uniwersiteti).
Natalia Gherman

Natalýa German

UNRCCA
BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň başlygy
Hanym Natalýa German 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-ne BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň başlygy wezipesine bellendi.
Hanym Natalýa German diplomatiýa we halkara gatnaşyklar ugrunda dürli ýokary derejeli hökümet wezipelerini ýerine ýetirmek bilen 25 ýyl tejribe toplady. Golaýda 2013-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli hanym German Moldowanyň Daşary işler ministri we Ýewropa integrasiýasynyň ministri bolup işledi, şol döwürde, 2015-nji ýylda premýer-ministriň orunbasary we ýurduň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bolup işledi.
Mundan ozal Hanym German Şwesiýa patyşalygynda, Norwegiýa patyşalygynda we Finlýandiýa respubliksaynda Moldowa respublikasynyň ilçisi (2006-2009), BMG-niň Wenadaky edaralarynyň we ÝHHG-niň (2002-2006) hemişelik wekili, şeýle hem Brýusselde Moldowanyň NATO-da Missiýanyň başlygynyň orunbasary bolup işledi (2001-2002).
Hanym Natalýa German Moldowa Respublikasynda 1969-njy ýylda doguldy; ol Moldowa Respublikasynyň Döwlet uniwersitetinden bakalawr we London uniwersitetiniň korol kolledžinden harby öwreniş ugrunda magistr derejelerini aldy; ol rumyn, iňlis, rus, fransuz we nemes dillerinde gürleýär.
Nikolay Pomoshchnikov

Nikolaý Pomoşnikow

UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň Demirgazyk we Merkezi Aziýa üçin sebitara bölüminiň başlygy
 
Jenap Nikolaý Pomoşnikow BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň Demirgazyk we Merkezi Aziýa üçin sebitara bölüminiň ýolbaşçysy.
Bu bölüm tehniki we seljeriş ugrunda maslahat beriş hyzmatlary bilen üpjün edýär, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň sebitara ykdysady, durmuş we daşky gurşaw çärelerini öňe sürmek üçin okuwlary geçirýär we taslamalary durmuşa geçirýär.
Ondan başga-da, ol sebitara we milli derejede BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň seljeriş we kadalaşdyryjy işini durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işlere itergi berýär.
Jenap Pomoşnikow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýada baý tejribesi bar.
2011-nji ýylda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynda işläp başlamazdan ozal ol Russiýa Federasiýasynyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynda hemişelik wekiliniň orunbasary bolup işledi.
Ol Adatdan daşary we doly ygtyýarly wekiliniň diplomatik derejesine eýedir. Jenap Pomoşnikow syýasat öwreniş ylymlarynda doktor derejesini aldy.
Octavian Bivol

Oktawian Biwol

UNDRR
Birleşen milletler guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça edarasynyň Ýewropadaky sebitleýin bölüminiň ýolbaşçysy
 
 
 
Jenap Oktawian Biwol Halkara ösüş we dolandyryş, saglygy goraýyş, bilim we durmuş goragy ulgamlarynda durnuklylygy ýola goýmak babatynda 25 ýyllyk tejribesi bar. Şeýle hem, ol betbagtçylyga taýýarlyk we jogap bermek ugrunda dürli wezipelerde işledi. Bu wezipä bellenmezden ozal ol ÝUNISEF-iň dürli wezipelerinde ýolbaşçy bolup işledi, Bolgariýada we Laos Halk demokratik respublikasynda ÝUNISEF-iň wekili, şol sanda hem Ýewropa Bileleşiginiň guramalary bilen hyzmatdaşlyk ugrunda alnyp barylýan işlere jogapkär bolup ÝUNISEF-iň Brýusseldäki Ýewropa Bileleşiginiň guramalary bilen aragatnaşyklar bölüminiň müdiriniň orunbasary hökmünde işledi.
Ol Birleşen milletler guramasynda iş tejribesi 1995-nji ýylda başlady; şol wagt ol Moldowada ÝUNISEF-iň saglyk bölüminiň işgäri hökmünde işledi. Soňra jenap Biwol ÝUNISEF bilen, şol sanda Saud Arabystanyň Aýlag sebitindäki ofisinde, Gazagystandaky Astana ofisine ýolbaşçy hökmünde we Ženewadaky Ýewropa we Merkezi Aziýa sebit bölüminde saglygy goraýyş ulgamy we syýasat boýunça sebit geňeşçisi hökmünde işledi.
Jenap Biwol Moldowa Respublikasynyň raýaty bolup, ol lukmançylyk boýunça doktor derejesine eýedir.
Olga V. Koulaeva

Olga W. Kulaýewa

ILO
Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin edarasynyň müdiri
Olga Wladimirowna Kulaýewa Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin edarasynyň müdiri wezipesine 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 1-ne bellendi.
2010-njy ýylyň fewral aýyndan başlap Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin edarasynda iş üpjünçiligi ugrunda ýokary derejeli hünärmen bolup işledi.
Hanym Kulaýewa Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň Ykdysadyýet fakultetinde okady we Ykdysadyýet ylymlarynda doktor derejesine eýe boldy. Ol iňlis we şwed dillerini bilýär. 1983-1990-njy ýyllarda hanym Kulaýewa Moskwadaky Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinde sapak berdi hem-de zähmet bazary we hünär okuwy ýaly ugurlarda gözleg işlerini geçirdi.
1990-2002-nji ýyllar aralygynda ol Sowet-Şwesiýanyň bilelikdäki kärhanasy “VneşAgro”, “Vita” korporasiýasy we Stokgolmda 2F Sverige AB ýaly birnäçe kompaniýalarda marketing we maliýe müdiri bolup işledi. 2002-2004-nji ýyllarda hanym Kulaýewa Şwesiýanyň Milli Zähmet Bazar Geňeşinde maliýe dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirdi.
2004-2005-nji ýyllarda ol Taslamanyň müdiriniň orunbasary bolup işledi we 2005-nji ýylyň maý aýynda Şwesiýanyň Milli Zähmet bazary Geňeşiniň we Şwesiýanyň jemgyýetçilik iş üpjünçiligi gullugynyň taslama müdiri wezipesine bellendi. Onuň esasy jogapkärçilik ugurlary meýilleşdirmek, býudjet düzmek, durmuşa geçirmek, zähmet bazary we iş üpjünçilik syýasaty bilen baglanyşykly halkara taslamalara gözegçilik etmek.
Ozan Sevimli

Ozan Sewimli

World Bank
Bütindünýä Bankynyň Täjigistanda we Türkmenistanda ýurt boýunça dolandyryjysy
 
 
 
Ozan Sewimli, Germaniýanyň raýaty, Täjigistanda we Türkmenistanda ýurt boýunça dolandyryjy wezipesine 2021-nji ýylyň Awgust aýynyň 2-ne bellenildi. Bu wezipesinde ol Bütindünýä Bankynyň syýasatyny işläp düzmek boýunça gepleşikleri alyp barar we maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda ýolbaşçylyk eder.

Bu wezipä bellenmezden ozal ol Karib sebitinde Ýamaýka we Gaýanada Bütindünýä Bankynyň hemişelik wekili bolup işledi.

Ozal ol Tbliside, Gruziýada ýerleşýän Bütindünýä Bankynyň Günorta-Kawkaz bölüminiň maksatnamasynyň utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, ol Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Bütindünýa Bankynyň wise-prezidentiniň apparatynda strategik we amaly meseleler boýunça ýokary işgäri bolup işledi. Ol bankyň sebit boýunça strategik we korporatiw tagallalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin ýokary ýolbaşçylyk etdi.

2005-2012-nji ýyllar aralygynda Bütindünýä bankynyň amaly syýasat we ýurt hyzmatlary bölüminde, şeýle hem Afrika sebit bölüminde zähmet meseleleri boýunça ykdysatçy bolup işledi.

Bütindünýä bankynda işläp başlamazdan ozal ol Germaniýanyň iş üpjünçiligi boýunça edarasynda zähmet bazary ugrunda hünärmeniniň wezipesini ýerine ýetirdi.

Jenap Sewimli Tehas uniwersitetinden Telekeçilik dolandyryşy boýunça magistr derejesini we Mangeýmyň amaly ylymlar uniwersitetiniň zähmet ykdysadyýeti ugrunda magistr derejesini aldy.
Plamen Skrobanski

Plamen Skrobanski

UNDSS
Türkmenistanda BMG-niň Goranmak we howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçysy
 
Jenap Skorbanski BMG-niň Goranmak we howpsuzlyk bölüminde işläp başlamazdan ozal, Bolgariýanyň Içeri işler ministrliginiň dürli bölümlerinde polisiýa bolup 16 ýyl işledi. Halkara guramalarynda onuň toplan tejribesi ÝHHG-niň Gruziýadaky wekilhanasynda, BMG-niň parahatçylygy saklamak boýunça işler bölüminiň Kambojidaky wekilhanasynda (UNTAC), BMG-niň parahatçylygy saklamak boýunça işler bölüminiň Bosniýa we Gersegowinadaky wekilhanasynda (UNMIBH), BMG-niň parahatçylygy saklamak boýunça işler bölüminiň Kosowadaky wekilhanasynda (UNMIK) dürli wezipelerden ybaratdyr.
2007-2009-njy ýyllarda ol Mogadişoda, Somalida BMG-niň Goranmak we howpsuzlyk bölüminiň sebitleýin işleri boýunça bölüminde (UNDSS DRO)
howpsuzlyk utgaşdyryjysy bolup işledi. 2009-2013-nji ýyllar aralygynda ol Bolgariýanyň, Makedoniýanyň, ozalky Ýugoslaw respublikasynyň, Maltanyň (2012) sebit boýunça howpsuzlyk geňeşçisiniň wezipesini ýerine ýetirip, Ermenistanda UNDSS-yň howpsuzlyk geňeşçisi bolup işledi. 2013-2017 ýyllarda ol Gyrgyz Respublikasynyň howpsuzlyk geňeşçisi hökmünde wezipesini ýerine ýetirdi.
Ryzsard Komenda OHCHR Representative Turkmenistan

Ryzsard Komenda

OHCHR
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň wekili
 
Ol sülçi bolup, Ottawa şäheriniň uniwersitetinden adamyň halkara hukuklary ugry boýunça magistr derejesine we Gdansk şäheriniň uniwersitetinden hukukşynaslyk ugry boýunça magistr derejesine eýe. Soňky 20 ýylyň dowamynda, ol BMG-niň Russiýadaky bölüminde, Kanadanyň Gyzyl haç jemgyýetinde, BMG-niň Zenanlaryň hukuklary boýunça edarasynda, Kanadanyň Daşary işler ministrliginde, Kanadanyň Halkara ösüş gullugynda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginde we BMG-niň ýaraşdyryjy güýçlerinde işledi.
Cvetan Cvetkovski

Tswetan Tswetkowskiý

UNESCO
Tähranda ÝUNESKO-niň Toplumlaýyn edarasynyň başlygy
 
Makedoniýanyň raýaty jenap Tswetan Tswetkowskiý Tähranda ÝUNESKO-niň Toplumlaýyn edarasynyň ýolbaşçysy. Ol 1960-njy ýylda mart aýynyň 28-ne Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde doguldy. Jenap Tswetkowskiý Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherindäki Keramatly Kiril we Mefodiý adyndaky uniwersitetinden hukuk ylymlary ugrunda doktor derejesine we ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň Williamsburg şäherindäki William we Meri kolledžynyň hukuk fakultetinden magistr derejesine eýedir.
Tähranda ÝUNESKO-niň Toplumlaýyn edarasynyň başlygy wezipesine bellenmezden ozal (2019-njy ýylyň mart aýynyň 10-dan häzirki wagta çenli) jenap Tswektowskiý Baş direktoryň edarasynda meýilleşdirmek boýunça ýokary derejeli işgär hem-de işgärler bilen aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy bolup işledi, şeýle hem Fransiýanyň Pariž şäherinde ÝUNESKO-niň baş edarasynda işgärler býurosynda işledi. 2002-nji ýylda ÝUNESKO-da işläp başlamazdan ozal jenap Tswektowskiý Ruandada Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara jenaýat kazyýetiniň Prezidentiniň ýokary wezipeli geňeşçisi bolup işledi.
Viorel Gutu

Wiorel Gutu

FAO
Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy
 
Moldowanyň raýaty Wiorel Gutu BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy we BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Türkiýe we Özbegistan boýunça wekilidir.
Ol BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynda 2014-nji ýylda milli hökümet, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk gullugy ýaly esasy donorlar bilen öndürijilikli gatnaşyklary ýola goýmakda BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Täjigistandaky ýurt boýunça wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip işläp başlady.
Gutu BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynda işläp başlamazdan ozal Moldowada Oba hojalygy we azyk senagaty ministriniň orunbasary bolup işledi. Bu wezipede ol oba hojalygynda we oba ösüşinde strategiki syýasaty durmuşa geçirmegi utgaşdyrmak, gözegçilik etmek we baha bermek üçin jogapkär bolupdy. Şeýle hem ol Gündogar Timorda Birleşen Milletler Guramasynyň Wagtlaýyn Dolandyryşynda Ykdysady meseleler boýunça hünärmen bolup işledi we parahatçylygy goramak, garyplygy azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak ýaly meseleler bilen meşgullandy. Ol ykdysady ylymlary ugrunda doktorlyk derejesine eýedir.
Jacek Cukrowski

Ýatsek Tsukrowski

UNIDO
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi ugrunda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryş bölüminiň başlygy
 
Ýatsek Tsukrowski ÝUNIDO-niň Awstriýanyň Wena şäherindäki baş edarasynda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryş bölümine ýolbaşçylyk edýär.
Sebitleýin utgaşdyryş bölüminde işlemezden ozal, Ýatsek Tsukrowski ÝUNIDO-niň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça institutynyň ýolbaşçysy bolup işledi. Ondan öň Ýatsek Tsukrowski Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynda müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça geňeşçisi we Ýewropa boýunça sebitleýin merkeziniň we Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Ondan öň Ýatsek Tsukrowski Polşada Durmuş we ykdysady gözlegler merkezinde we Çehiýa respubliksaynda Ylymlar akademiýasynyň Ykdysadyýet institutynda işledi.
Ol ulgamlaýyn inženeriýada magistr derejesine, kompýuter ylymlarynda doktor derejesine, şeýle hem ykdysadyýet ylymlarynda doktor derejesine we postdoktor derejesine eýedir. Ýatsek Tsukrowskiniň hünär we akademiki ussatlygyny ykrar etmek üçin Polşanyň prezidenti oňa professor derejesini berdi.
Ýegor Zaýtsew

Ýegor Zaýtsew

BSGG
Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hemişelik wekili
 
Ýegor Zaýtsew 2021-nji ýylyň awgust aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistanda hemişelik wekiliniň wezipesine bellenildi. Ol BSGG-niň ýurt boýunça wekilhanasynyň dolandyryşynda, hökümete saglygy goraýyş meselelerinde goldaw berip, hökümet bilen tehniki meýilnamalary durmuşa geçirip we hyzmatdaşlygy ýola goýup 15 ýyldan gowrak tejribe toplady.
BSGG-niň Türkmenistanda hemişelik wekili wezipesine bellenmezden ozal, ol BSGG-niň Ermenistandaky wekilhanasynda (2016-2021) temmäkä garşy göreşmek babatynda täze kanuny işläp düzmek, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hemmelere elýeter bolmagy üçin saglygy goraýyş syýasatlaryny öňe sürmek we Ermenistana adatdan daşary ýagdaýlarda, şol sanda COVID-19 pandemiýa garşy göreşmek we Karabagdaky ýaragly çaknyşyklarda DG NEAR, USAID we beýleki taslamalar arkaly ýardam etmek ýaly işleri amala aşyryp wezipesini ýerine ýetirdi.
Jenap Zaýtsew BSGG-nda BSGG-niň Belarusdaky wekilhanasynyň başlygy bolup 2003-nji ýylda işläp başlady. Onuň Belarus respublikasynda işlän döwründe gazanan esasy üstünlikleri - AIW-yň wertikal ýokaşmagyny aradan aýyrmak, saglyk ulgamynyň inçekesele garşy çärelerini güýçlendirmek we BSGG-niň, ÝUNISEF-iň, BMGÖM-niň we ÝUNFPA-niň gatnaşmagynda Belarusda Ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek boýunça taslamany ýola goýmak.
Jenap Zaýtsew Belarusyň Minsk lukmançylyk institutyndan bakalawr derejesini we Angliýanyň Edinburg uniwersitetinden jemgyýetçilik saglygy ugrunda magistr derejesini aldy.
Elena Boutrimova

Ýelena Butrimowa

ITC
Halkara söwda merkeziniň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy
 
Ýelena Butrimowa 2009-njy ýyldan bäri Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Halkara Söwda Merkeziniň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy bolup işleýär. Ol 2004-nji ýylda Gündogar Ýewropanyň söwdany ösdürmek boýunça işgäri hökmünde Halkara Söwda Merkezinde işläp başlady. Ozal Hanym Butrimowa BMG-niň Söwda we ösüş geňeşinde söwda proseduralaryny, şeýle hem bäsdeşlik boýunça kanunlary we syýasaty ýeňilleşdirmek ugrunda taslamanyň dolandyryjysy bolup işledi. Mundan başga-da ol BMG-niň Ýewropada ykdysady komissiýasynda, BMG-niň Ynsanperwer işleri boýunça utgaşdyryş edarasynda we Bütindünýä bankynda dürli wezipeleri ýerine ýetirdi. Hanym Butrimowa Moskwanyň Döwlet uniwersitetinden ykdysadyýet we halkara gatnaşyklary ugrunda magistr derejesini aldy.