BMG we Hökümet "Ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň" gözegçilik işlerini ara alyp maslahatlaşýarlar

  • BMG we Türkmenistanyň hökümeti COVID-19 pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsiri boýunça Bilelikdäki iş toparynyň çäginde "Ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň" gözegçilik etmek boýunça gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenler derejesinde onlaýn ýygnak geçirdiler.

Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tehniki ýolbaşçy hökmünde BMGÖM gözegçilik tablisasynyň gurluşyny, çäreleri, möhletleri we görkezijileri hödürledi. Ýygnaga gatnaşyjylar maksatlaýyn toparlaryň görkezijileri we maliýeleşdiriş ugurlary, şeýle hem Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin global görkezijiler bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy janly resminama bolup durýandygy we dowam edýän ileri tutulýan ugurlara we ösüşlere laýyklykda oňa täzelenmeleriň girizilip bilinjekdigi barada bellenip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar 2020-nji ýylda Türkmenistanda Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirilişiniň netijeleri barada öňegidişlik hasabatyny bilelikde taýýarlamak we mümkin bolan täzelenmeleri we düzedişleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Meýilnamanyň her sütüniniň üstünde işlemek boýunça duşuşyklary geçirmäge razylaşdylar.

Медиа контакты
Агентства ООН, вовлеченные в эту инициативу
МОТ
Международная организация труда
МОМ
Международная организация по миграции
ПРООН
Программа развития ООН
ЕЭК
Европейская экономическая комиссия ООН
ЮНФПА
Фонд народонаселения ООН
УВКБ ООН
Верховный комиссар Организации Объединенных Наций по делам беженцев
ЮНИСЕФ
Детский фонд Организации Объединенных Наций
УНП ООН
Управление ООН по наркотикам и преступности
ВОЗ
Всемирная организация здравоохранения