Press reliz

BMG we hökümet 2021-2025-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty boýunça döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzýär

13 noýabr 2020

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Ýaşlar-2030 strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin ýaşlar babatynda BMG bilen Hökümetiň arasynda hyzmatdaşlygyň çäginde 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmek üçin birnäçe seminarlary geçirip başlady.

Otuz bäş sany milli gurama, jemgyýetçilik guramalaryna we BMG-niň gulluklaryna wekilçilik edýän bilelikdäki iş toparynyň agzalary BMG-niň Ilat gaznasynyň halkara bilermeni doktor Katerina Şalaýewa tarapyndan geçirilen onlaýn ýygnaklaryň birinji tapgyrynda ýaşlar syýasatyny işläp düzmek boýunça halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen ýygnandy. Bilelikdäki iş topary Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň täsirli mehanizmi bolup hyzmat edýär.

Gatnaşyjylar maglumatlar, görkeziji ýörelgeler, esasy düşünjeler, esasy maksatlar, ileri tutulýan ugurlar, toparlar we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň hereketlendirijileri ýaly ýaşlar syýasatyny işläp düzmegiň esasy düzüm böleklerini gözden geçirdiler. Ýaşlar syýasatyny işläp düzmegiň sykli we beýleki pudaklar bilen arabaglanyşygy hem öwrenildi. Gatnaşyjylar ýaşlar syýasatynyň - ýaşlaryň işiniň - ýaşlaryň ylmy gözlegleriniň - ýaşlaryň gatnaşygynyň - resmi däl okuwyň - ýaşlaryň bilim hereketiniň - ýaşlaryň gatnaşyklarynyň arasyndaky baglanyşykda ünsüni jemlediler.

“Ýurtlar ýaşlaryň saglygyna we bilimine maýa goýup, ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin şertleri we mümkinçilikleri döredenlerinde, şonuň bilen döwletiň durmuş ösüşine we ykdysady ösüşine goşant goşýarlar. Şonuň üçin ýaşlaryň kämilleşmegi we jemgyýete gatnaşmagy Bütindünýä Durnukly ösüş maksatlarynyň özara baglanyşykly mowzuklary bolup durýar”- diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň BMG-niň Strategiki meýilleşdiriş we utgaşdyryş boýunça hünärmeni Çary Nurmuhammedow belledi.

Doktor Katerina Şalaýewa dünýäde we sebitde ýaşlar syýasaty babatynda üstünlikli tejribe paýlaşdy we iş toparyna Ýaşlar boýunça netijeli we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet maksatnamasynyň işlenip düzülmegine ýardam berer.

Onlaýn seminarlaryň ikinji tapgyry ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň amaly düzüm böleklerine bagyşlanar we 2020-nji ýylyň 25-27-nji noýabrynda geçiriler.

Bu çäre Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem BMG-niň guramalary, esasan hem BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we UNICEF bilen bilelikde gurnaldy we 2019-njy ýylda BMG bilen Hökümetiň arasynda ylalaşylan meýilnamasynyň bir bölegi bolup durýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz