Press reliz

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlyk we jogap beriş boýunça Milli meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşmak

24 noýabr 2020

BMG we Türkmenistanyň hökümeti taýýarlyk we jogap beriş boýunça Milli meýilnamanyň öňegidişligini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdaky ýygnagyny geçirdi. Mundan başgada, duşuşyk meýilnamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň netijeleri, şol sanda hem beýleki ösüş hyzmatdaşlaryň we halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagy bilen hasabat beriş usullarynyň kämilleşdirmegine bagyşlandy.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýaly milli ministrlikleriň wekilleri ýokanç keselleriň öňüni almak we gözegçiligi pugtalandyrmak üçin gönükdirilen çäreler barada hasabat berdiler. Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin hökümetiň umumy maýa goýumy 17 597 436 ABŞ dollary boldy.

BSGG -nyň tehniki ýolbaşçylygynyň astynda BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy we Bütindünýä banky ýaly BMG-niň agentlikleri taýýarlyk we jogap berişe boýunça Milli meýilnamanyň işlerini amala aşyrmaga gönükdirilen: döwlet derejesinde utgaşdyrmak, töwekgelçilik barada habardarlygy ýokarlandyrmak we jemgyýetiň gatnaşmagy, gözegçilik, giriş nokatlary, kazyýet derňewi we tiz jogap bermek, milli laboratoriýa ulgamy ýaly esasy ugurlar barada hasabat berdiler. 2020-nji ýylda BMG-niň agentlikleri tarapyndan berlen umumy maliýe çeşmeleri 2 496 650 ABŞ dollary boldy.

Aziýanyň ösüş banky, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara ösüş boýunça agentligi we Ýewropanyň ösüş we dikeldiş banky ýaly ösüş hyzmatdaşlary öňegidişikler barada maglumatlaryny paýlaşdylar, şeýle hem taýýarlyk we jogap beriş boýunça Milli meýilnamanyň çägindäki çäreleri durmuşa geçirmek üçin goldamagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

 

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

EBRD
European Bank for Reconstruction and Development
USAID
United States Agency for International Development
World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz