Press reliz

BMG we hyzmatdaşlar COVID-19-dan soň dikelmek üçin gözleg işlerini alyp barmak ugrunda global hyzmatdaşlygy barada gepleşik geçirýärler

29 ýanwar 2021

  • COVID-19 pandemiýasy global derejede deňsizligi, nogsanlyklary we ýerliksiz usullardan peýdalanmagy artdyrdy, bu bolsa öz gezeginde pandemiýanyň täsirini has hem ýokarlandyrdy. BMG-niň baha bermegine görä, 2020-nji ýylda 71 million adam aşa garyplyga sezewar boldylar.

Ylmyň we global hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek maksady bilen BMG we Kanadanyň Saglygy goraýyş gözleg institutlary “COVID-19 bilen baglanyşykly ösüş ugrunda ylym barada açyk gepleşik” geçirýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammediň eden belliklerinden başga-da, bu çärä ýylda jemi 100 milliard Amerikan dollaryna barabar bolan gözleg işleriniň global maýa goýumlaryna bilelikde jogapkärçilik çekýän, şeýle hem dünýäniň ýüzi boýunça gözleg işlerini maliýeleşdirmek ugrunda goşant goşan hemaýatkärleriň wekilleri COVID-19-dan soň dikelmek üçin BMG-niň gözleg işleriniň Ýol kartasyna esaslanyp, gözleg işleriniň ileri tutumlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem adalatly derejede dikelmek üçin umumy çeşmelerden peýdalanýan strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanarlar.

BMG-niň COVID-19-dan soň dikelmek üçin Ýol kartasy dikeldiş işleriniň depginini güýçlendirip esasanam yzda galan adamlaryň zerurlyklaryna gönükdirilen we maglumatlaryň esasynda netijeleri almak üçin maksatlaýyn gözleg işlerini goldamak bilen, COVID-19-yň saglyk, ynsanperwer we sosial-ykdysady ulgamyna ýetiren agyr täsirlerini dessin ýagdaýda aradan aýyrmak üçin döredildi.

 

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Kanadanyň Saglygy goraýyş gözleg institutlary | mediarelations@cihr-irsc.gc.ca | + 1-613-808-7526

BMG-niň hyzmatdaşlyk boýunça edarasy | Partnership@un.org

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN
Birleşen Milletler Guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz