Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

02 fewral 2021

  • Türkmenistanda BMG we Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylda BMG ulgamy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny gözden geçirmek üçin onlaýn ýygnak geçirdiler.

Türkmenistanda BMG-niň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi gatnaşyjylara ýurtda DÖM-ny gazanmak üçin alnyp barylýan işleri tizleşdirmäge ýardam berjek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada habar berdi. Ol hususan-da, saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirlerine garşy göreşmek, DÖM-ny milli maksatnamalara we meýilnamalara girizmegi dowam etdirmek, DÖM-ny maliýeleşdirmek, şeýle hem DÖM-niň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek we ol barada hasabat bermek; milli derejede betbagtçylyga taýýarlygy ýokarlandyrmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we adam hukuklaryny öňe sürmek boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýratyn belläp geçdi.

2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň 5 sany ugry boýunça BMG-niň agentlikleriniň netijeleri boýunça toparynyň egindeş ýolbaşçylary şeýle ileri tutulýan ugurlary hödürlediler:

  • Adamlaryň gyzyklanmalaryna gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy;
  • Durnukly ykdysady diwersifikasiýa;
  • Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak;
  • Ýokary hilli we elýeter saglygy goraýyş we durmuş taýdan goraglylyk hyzmatlary;
  • Ýokary hilli, inklýuziw we elýeter bilim we ukyby ýokarlandyrmak üçin ulgamlar.

“Soňky döwürde Türkmenistanyň we BMG ulgamynyň hyzmatdaşlygy ösüşiň iň möhüm ugurlaryny öz içine alyp köp ugurly boldy. Şeýle-de bolsa, global pandemiýa DÖM-niň yzygiderli ösüşine uly päsgelçilik döretdi. BMG-niň 19 sany agentliklerini bir ýere jemleýän BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy, 2021-nji ýylda we ondan soňky döwürde Türkmenistanyň durnukly ösüşine goldaw bermek üçin BMG-niň gatnaşygyny hasam giňeltmek üçin ajaýyp platforma hökmünde hyzmat edýär" - diýip BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Weýgand belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow beýleki meseleler bilen birlikde, Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde kesgitlenen strategiki ileri tutulýan ugurlara ýetmek üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp geçdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz