Press reliz

Türkmenistanyň wekilleri DÖM-ny Maliýeleşdirmek üçin Toplumlaýyn Milli Mehanizmler boýunça sebitleýin okuwlara gatnaşdylar

27 ýanwar 2021

  • Türkmenistanyň ministrlikleriniň we BMG-niň ýurt toparynyň hünärmenleri, COVID-19 pandemiýasyndan soň durnukly derejede dikelmek üçin we Durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmak üçin Toplumlaýyn Milli Maliýeleşdiriş Mehanizmleri (TMMM) boýunça ýedi günläp dowam eden sebitleýin okuwlara gatnaşdylar.

Bu okuwlaryň dowamynda Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan üç ýüze golaý gatnaşyjylar DÖM-na ýetmek ugrunda milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa deçirmek üçin ähli maliýe çeşmelerini toplamak we DÖM-iň ýerine ýetirilişine ugrukdyrmak üçin utgaşdyrylan platformany döretmäge niýetlenen TMMM-ni işläp düzmek boýunça çemeleşmeler we usulyýetler bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet ösüş bankynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bu çäräniň gurnamak işlerine, şeýle hem okuwyň dowamynda geçirilen ýurt toparlardaky maslahatlaryň geçirilmegine hem ýardam berdi.

Bu okuw TMMM-ni işläp düzmek we ony durmuşa geçirmek boýunça esasy düşünje we usulyýetlerden, şeýle hem bu mehanizmleri durmuşa geçimek üçin mümkin bolan çemeleşmeleriň anyk mysallaryndan ybarat boldy. Gatnaşyjylar Demirgazyk we Merkezi Aziýa sebitlerindäki kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan öňdebaryjy tejribeleri öwrendiler.

Bu sebitleýin giriş okuwy BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy (ESCAP), BMG-niň Okuw we ylmy-barlag instituty (UNITAR), BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) we BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (UNDESA) bilen bilelikde BMG-niň esasy edaralaryny, şeýle hem Demirgazyk we Merkezi Aziýada durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça meselelere gatnaşýan beýleki hyzmatdaşlar bilen birleşip, BMG-niň TMMM-i barada habary giňden ýaýratmak we ony ösdürmek üçin bilelikdäki alyp barýan işleriniň çäginde gurnaldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN DESA
BMG-niň ykdysady we sosial soraglary boýunça departamenti
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz