Press reliz

COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki iş topary, Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşýar

05 fewral 2021

  • BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki iş topary dudşuşyk geçirdiler.

BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki iş topary Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň bäş sany tematiki ugry boýunça bilermenler derejesinde ýygnak geçirdi:

  • Ýokary hilli we elýeter saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek;
  • Durmuş goraglylygy we esasy hyzmatlar bilen üpjün etmek;
  • Iş orunlaryny goramak, kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek;
  • Makroykdysady höwes we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk;
  • Jemgyýetiň agzybirligini we ösüşiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak.

Milli ministirlikler şeýle hem BMG-niň agentlikleri tarapyndan wekilçilik eden bilelikdäki iş toparynyň agzalary, şol sanda Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi, Merkezi bank, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we beýleki milli ministrlikler 2020-nji ýylyň iýul aýynda kabul edileli bäri Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstünlikler bilen paýlaşdylar, esasan hem bu çäreleriň gowşak toparlara ýetiren täsirine ünsi çekdiler.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar meýilleşdirilen çäreleriň çäginde girizilip bilinjek üýtgeşmeleri, şeýle hem 2021-nji ýylyň ahyryna çenli dowam edýän Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň çäreler tablisasyna girizmeli üýtgeşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Tematiki toparlar BMGÖM tarapyndan işlenip düzülen Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň gözegçilik tablisasyny doldurmak boýunça milli ministrlikleriniň we BMG-niň agentlikleriniň goşan goşantlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Başga-da ýygnakda gözegçilik tablisasyny doldurmak boýunça maglumat ýygnamak bilen baglanyşykly işler we möhletler ylalaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar bilelikdäki iş toparynyň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge we Durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň wagtynda we netijeli durmuşa geçirilmegi üçin BMG-niň agentlikleri, halkara maliýe guramalary we degişli ministrlikler bilen wagtal-wagtal maslahat alyşyp berişmäge razylaşdylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz