Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda 2021-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin ýaşlary çekmek

15 fewral 2021

  • Türkmenistanda BMG we DÖM-niň ýaş ilçileriniň topary 2021-nji ýylda strategiki ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin onlaýn ýygnak geçirdiler.

Bu çäre ýaşlaryň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin alnyp barylýan işlere, şeýle hem BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşup biljek goşantlaryny ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär. Bu wirtual görnüşdäki ýygnaga öz jemgyýetlerinde we deň-duşlarynyň arasynda DÖM-ni wagyz etmek isleýän ýaşlar, Daşary işler ministrliginiň we BMG-niň agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

"Men, häzirki wagtda DÖM-niň ilçileriniň özleriniň görüjilik ukybyny paýlaşýan we hiç bir adamy yzda goýman durnukly ösüşi öňe sürýän çärelere, ýagny, Türkmenistanda milli we halkara guramalar tarapyndan geçirilýän ýokary derejeli çärelere çagyrylýandygyny bellemek isleýärin," diýip BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Hanym Kristin Weýgand belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň agentlikleriniň wekilleri gatnaşyjylara özleriniň ileri tutýan ugurlary barada habar berdiler we DÖM-niň ýaş ilçileriniň BMG-niň ýurt toparyna bu ugurlarda üstünlikleri gazanmak üçin berip biljek goldawlary barada aýdyp geçdiler.

"DÖM-niň Ýaş ilçileri" atly bilelikdäki başlangyç iki ýyl ozal başlandy we Türkmen ýaşlarynyň arasynda has hem meşhur bolýar.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz