Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy tassyklandy

11 ýanwar 2017

  • BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.

“Onuň Alyhezreti, jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, oňa BMG-niň Baş Sekretarynyň meni BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellemek barada gol çeken ynanç hatyny gowşurmak meniň üçin uly bagt boldy. Men Türkmenistana hem-de Merkezi Aziýa sebitine ilkinji gezek işe bellendim” diýip, hanym Ýelena Panowa belledi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Birleşen milletler guramasynyň arasynda, esasan, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle-de  ykdysady köpdürlilik, adam hukuklaryny wagyz etmek we olary goramak hem-de howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirini azaltmak ýaly ösüş bilen baglanyşykly milli bähbitleri durmuşa geçirmekde strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hanym Ýelena Panowa Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen milletler guramasyny ajaýyp bina bilen üpjün edendigi we ýurtda BMG-niň gulluklary üçin ýokary derejeli iş şertlerini döredendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Türkmenistandaky ýokary derejeli işgäri wezipesine bellenmeginden öň, hanym Ýelena Panowa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri üçin sebitleýin býurosynyň  Stambul şäherindäki sebitleýin merkezinde maksatnamanyň baş utgaşdyryjysy wezipesinde (2014-2016 ýý.), Ukrainada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurt boýunça müdiriniň orunbasary wezipesinde (2010-2014 ýý.) işledi. 

Hanym Ýelena Panowa Bolgariýa döwletiniň Sofiýa şäherindäki Milli we dünýä ykdysadyýeti uniwersitetinden halkara hukugy we daşary söwda ugry boýunça magistr derejesine hem-de Bolgariýa döwletiniň Sofiýa şäherindäki Tehniki-himiki uniwersitetinden mikroelektronika ugry boýunça magistr derejesine eýe.    

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz