Press reliz

Türkmenistanda habar beriş beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Bilelikdäki maksatnama boýunça brifing gurnaldy

01 iýul 2021

  • Ýerli derejede durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan BMG-niň edaralary we esasy milli hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýerli we milli habar beriş serişdeleriniň wekillerine Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirilişi we gazanan netijeleri barada brifing gurnadylar.

Türkmen milli telewideniýe we radio kanallarynyň hem-de milli gazetleriň wekilleri maýyplygy bolan adamlaryň, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň, gender esasly zorlugyň pidalarynyň we töwekgelçilik toparyna girýän ýaşlaryň zerurlyklaryna laýyklykda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde synagdan geçirýän täze ýerli derejede durmuş hyzmatlary bilen tanyş boldular.    

BMG-niň edaralarynyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmenleriniň çykyşlaryny diňläp, duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlary barada habar bermek boýunça öz bilimlerini artdyrdylar. Olar ilatyň dürli toparlary bilen işlemek we olar barada habar bermek boýunça halkara tejribeler bilen tanyş boldular.

Bu çäre habar beriş serişdeleri arkaly sosial sazlaşygy we raýdaşlygy berkitmek maksatly degişli halkara tejribeleri paýlaşmak nukdaýnazaryndan netijeli boldy. Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň jemgyýetiň has inklýuziw bolmagyna goşant goşmaklaryna we ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlarynyň meseleleri barada habardarlygynyň artmagyna garaşylýar.  

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz