Press reliz

ÝUNFPA tarapyndan geçirilen gözleg işlerine laýyklykda aýallar we gyzlar üçin saýlaw mümkinçiliklerini giňeltmek Türkmenistana 87 million Amerikan dollaryny tygşytlamaga ýardam eder

09 iýul 2021

  • Türkmenistanyň Hökümeti ÝUNFPA-niň goldawy bilen, 2030-njy ýyla çenli maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlygyny aradan aýyrmak üçin çykdajylary kesgitlemek maksady bilen maýa goýumlaryny esaslandyrmak boýunça işleri öwrendi. Bütindünýä ilat gününiň öňüsyrasynda başlanan gözleg, Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy bölegi bolan Türkmenistanda reproduktiw saglygynyň ähliumumy elýeterliligini üpjün etmek üçin maşgalany meýilleşdirmek üçin goşmaça 11 million dollar gerek boljakdygyny anyklady.

Naýrobi şäherinde kabul edilen borçnamalardan soň, Türkmenistan ÝUNFPA-niň Jon Hopkins uniwersiteti, Wiktoriýa uniwersiteti we Waşington uniwersiteti, şeýle hem Awenir saglygy bilen hyzmatdaşlykda global usulyýeti ulanyp, işlenip düzülen, gözlegi geçirmäge başlady.

Mümkinçilikleri giňeltmek üçin esaslandyryş

“Maýa goýumlary esaslandyrmakda üç meýilnama teklip edilýär we netijeler olaryň hemmesinde maliýe we saglyk üçin peýdalary görkezýär” diýip, gözlegi geçiren ÝUNFPA-niň halkara geňeşçisi Mihai Horga belledi.

Iň oňat meýilnama aýallar we gyzlar üçin göwreli bolmakdan goraýan serişdelerininiň üpjünçiligini ýaýbaňlaşdyrmak we saýlamak boýunça mümkinçilikleri giňeltmegi göz öňüne tuýar. Bu hem, has köp aýallaryň göwreli bolmakdan goraýan serişdelerini mugt almak hukugynyň bardygyny we reproduktiw saglygy goraýyş kabinetler tarapyndan goşmaça göwreliligiň öňüni alyş usullaryny hödürlejekdigini aňladýar.

Bu meýilnama laýyklykda, maýa goýumlar 680 000-den gowrak meýilleşdirilmedik göwreliligiň we 22 500 howply bolan çaga aýyrtmagyň öňüni almaga mümkinçilik berer we ykdysady nukdaýnazardan 2030-njy ýylyň ahyryna çenli milli hökümet býujetinde 87 500 Amerikan dollardan gowrak pul möçberini tygşytlap, bularyň köpüsi adamlaryň abadançylygyny goldamakda goşundy bolar.

Maşgalany meýilleşdirmek diňe bir adam hukuklaryna degişli däldir. Ol ykdysady ösüşe goşant goşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin öňünden döreýän şertdir. Ýurtlar maşgalany meýilleşdirmegine ileri tutulýan mesele hökmünde garap, oňa maýa goýsalar, onda olar sagdyn ilata, has netijeli saglyk ulgamlaryna we güýçli ykdysadyýete goşant goşýarlar.

2017-nji ýyldan başlap, Türkmenistan ÝUNFPA-niň goldawy bilen gowşak ýagdaýdaky aýallara mugt göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bilen üpjün etmek üçin maliýe borçnamasyny üstüne aldy. Bu borçnama, enäniň saglygynyň gowulandyrmagyna we häzirki wagtda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda iň pes derejede bolan öňüni alyp bolýan eneleriň ölümini aradan aýyryp biler. Global pandemiýanyň bu gazanylanlary yzyna gaýtarmak howpy abanýandygy sebäpli, bu ugurlarda maýa goýumlaryny goýmagy dowam etdirmek zerurdyr. 

Häzirki wagtdaky maýa goýumlaryny goýmak dowam edilse, ýurtda maşgalany meýilleşdirmegiň kanagatlandyrylmadyk zerurlygynyň peselmegi dowam edip biler. Emma göwreliligiň öňüni almak ýa-da onuň möhletini yza süýşürmek isleýän, ýöne döwrebap göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmaýan 15 ýaşdan 49 ýaş aralygyndaky 160 000 töweregi aýallar bar. Sebäpler her bir aýal üçin dürli bolup, olar berilýän hyzmatlar barada maglumatlaryň ýoklugyndan başlap, ene-atasynyň, ýanýoldaşynyň ýa-da jemgyýetiň goldawynyň ýoklugyndan, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini özbaşdak kesgitlemek ýa-da satyn almak ukybyna çenli tapawutlandyrlar.

Global pandemiýa bilen baglylykda, ÝUNFPA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tutuş ýurt boýunça 95 reproduktiw saglyk kabinetlerinde göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen üpjün edýär. Global üpjünçilik zynjyrynyň bökdençliklerine garamazdan, reproduktiw saglyk kabinetleriniň hemmesi azyndan dört sany döwrebap göwreliligiň öňüni alyş usuly bilen enjamlaşdyryldy.

ÝUNFPA-niň Türkmenistan boýunça Direktory hanym Julia Walleze şeýle belledi: “ÝUNFPA Türkmenistanyň Hökümetiniň Naýrobi şäherindäki üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýändigi bilen we 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda maşgalany meýilleşdirmegiň kanagatlandyrylmadyk zerurlygyny aradan aýyrmak üçin maýa goýumlaryny esaslandyrmak boýunça işi geçirmegi bilen gutlaýar”. “Maşgalany meýilleşdirmäge maýa goýulan her bir dollaryň, aýal-gyzlaryň has sagdyn we reproduktiw durmuşy alyp barmaga mümkinçilik bermekden başga-da, geljek dokuz ýylda saglygy goraýyş ulgamyna 7 dollardan gowrak girdeji getirjekdigini hakyky maglumatlar görkezýär.”

“ÝUNFPA hökümet bilen hemme aýal-gyzlaryň we jübüt bolup ýaşaýanlaryň, şol sanda yzda galanlaryň maşgalany meýilleşdirmek zerurlyklaryny kanagatlandyrsa, reproduktiw saglygyna bolan ähliumumy elýeterlilik meselesinde ösüşi tizleşdirmek üçin işini dowam etdirer” diýip, hanym Walleze belledi. “2021-2025-nji ýyllar üçin Hökümet/ÝUNFPA ýurt meýilnamasy we ýakynda kabul edilen “Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn gelejek” atly milli strategiýanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny gowylandyrmagyna we maliýeleşdirmegiň yzygiderli bolmagyna ýardam bermegi, şeýle hem  Türkmenistanda ähli aýallaryň we gyzlaryň saýlamaga bolan hukuklaryny üpjün etmekde çemeleşmelerini goldamagy dowam eder."

Çözgütleri kabul etmek ukyby we beden azatlygy

Maşgalany meýilleşdirmek hem aýal-gyzlar üçin has giň mümkinçilikleri bermekde möhüm orna eýedir. Maýa goýum esaslandyrma işleriniň başlamagy bilen birlikde, ÝUNFPA beden azatlygyna gönükdirilen “Dünýä ilatynyň 2021-nji ýylda ýagdaýy” atly hasabatyň esasy netijelerini hödürledi.

ÝUNFPA-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça reproduktiw saglyk boýunça Sebitleýin geňeşçisi, doktor Tamar Homasuridze, aýallar üçin reproduktiw saglyk pudagynda ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeter däldiginiň dowam etmeginiň sebäpleriniň biri - bu aýallaryň zorlukdan gorkman, öz bedenlerine degişlilikde saýlamak mümkinçiliginiň çäklidigini ýa-da olaryň ýerine başga biri çözgüt kabul etjekdiginden ybaratdygyny tassyklady.

“Hasabata laýyklykda, dünýä boýunça aýallaryň ýarysyna golaýy özleriniň bedenine degişlilikde karar etmekligine esaslanyp ölçenýan beden azatlyklardan mahrum edilmegi (DÖM görkezijisi 5.6.1) we aýallaryň karar kabul etmeklerini goldaýan ýa-da çäklendirýän (DÖM görkezijisi 5.6.2) dürli ýurtlardaky kanunlaryň seljerilmegi bilen ölçenýär"- diýip, ÝUNFPA-niň Sebitleýin geňeşçisi belledi.

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda saglygy goraýyş, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerinde we jyns gatnaşyklaryna “hawa” ýa-da “ýok” diýmek babatynda doly hukugy bolmadyk aýallaryň paýy henizem az däl: Ukrainada 19 göterimden, Gyrgyzystanda 23 göterimden, 31 göterim Albaniýada we Ermenistanda 34 göterimden ybaratdyr. Türkmenistanda aýallaryň 60 göterimi diýen ýaly bu möhüm meseleler boýunça garaşsyz karar berip bilmeýär.

DOM 5.6.1 görkezijisinde görkezilen üç ölçegden başga-da, halkara hukugy tarapyndan berk düzgünleşdirilýän we esasy adam hukuklaryny bozýan beden azatlygynyň beýleki taraplary hem bar. Bulara çaga nikasy, “abraý üçin” öldürmek, maşgala zorlugy, reproduktiw soraglarynda meýletinligiň ýoklugy, reproduktiw saglygyna degişlilikde bilim we “päkligini” barlamak synaglary degişlidir.

“Jemgyýetlerimiz we ýurtlarymyz diňe her bir adamyň öz bedenine degişlilikde karar bermek we öz gelejegini gurmaga mümkinçiligi bolan ýagdaýynda gülläp öser” diýip, doktor Homasuridze belledi. “Aýal-gyzlar öz bedenine degişlilikde iň möhüm karary bermek mümkinçilige eýe bolsalar, diňe bir erkinlik däl, eýsem saglyk we bilim ugurnda girdeji, ykdysady mümkinçilikler, işe ýerleşmek mümkinçilikleri we howpsuzlyk ýaly peýdalary hem gazanarlar. Bularyň hemmesi ählimiz üçin peýdaly boljak adalat we adam abadançylygy dünýäsini döredýär.”

Ýükläp alyň: Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maşgalany meýilleşdirmek üçin kanagatlandyrylmadyk zerurlyklary aradan aýyrmak üçin maýa goýum esaslarmasy

Okaň: Bilelikdäki “Üç sany transformasiýa netijeleriniň bahasy” atly gözleg işi

Okaň: ÝUNFPA-yň 2021-nji ýylda dünýä ilatynyň global ýagdaýy barada hasabaty

Has giňişleýin maglumat üçin, aşakda görkezilen salga ýüzleniň:

Kemal Goşlyýew

Reproduktiw saglygy boýunça milli Maksatnamanyň hünärmeni

goshliyev@unfpa.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz