Press reliz

Türkmenistanda ýerli derejede täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek: gazanylan üstünlikler we ýüze çykan kynçylyklar

18 oktýabr 2021

  • Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edýän Türkmenistanyň Hökümetiniň we hökümete dahylsyz edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinden gelen täze durmuş işi boýunçahünärmenler BMG we Türkmenistanyň bilelikdäki “Ýerli derejde öz içine alyjy ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek” maksatnamasynyň çäginde hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça maslahat bermek üçin geçirilen bir günlük onlaýn sessiýasynda ýerli derejde täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek ugrunda gazanylan öňegidişlikleri we ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada pikir alyşdylar.

Bu sessiýa Bolgariýanyň jemgyýetçilik çäreleri we tejribeleri institutynyň hünärmenleri, milli tälimçiler, şeýlehem Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goldar berýän BMG-niň düzümleýin edaralarynyňwekilleri we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan geçirildi.

Interaktiw çekişmeler Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýän BMG-niň düzümleýin edaralarynyň maliýeleşdirmegi bilen Türkmenistanda synagdan geçirilýän 12 sany täze ýöriteleşdirilen durmuşhyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň iň agyr ýagdaýlaryna gönükdirildi. Duşuşygyň täze ýöriteleşdirilen durmuşhyzmatlaryny hödürleýän gatnaşyjylary durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýan käbir ulanyjylarynyňmaşgalalaryna we jemgyýetlerine täzeden goşulmagy bilen tejribeleri we ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary bilenpaýlaşdylar, beýleki synag hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň agyr durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçmegiň alternatiw ýollary barada amaly maslahatlaryny diňlediler we Bolgariýanyň jemgyýetçilik çäreleri we tejribeleriinstitutynyň hünär boýunça beren maslahatlaryny aldylar. Sessiýanyň gatnaşyjylary bilim we tejribe alyşmaküçin durmuş hyzmatlaryny üpjün edijileriň we ulanyjylaryň peýdasyna şular ýaly çäreleri synag döwründe weondan soň geçirilmeginiň dowam etdirilmegi barada ylalaşyga geldiler.

Onlaýn görnüşde geçirilen maslahat beriş sessiýasy Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramakministrligi we Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýän BMG-niň beýleki düzümleýin edaralarynyň goldawy bilen, Türkmenistanda täze dörän milli durmuş hyzmatlary boýunça işi alyp barmak üçinBMGÖM tarapyndan geçirilen 10 aýlyk giňişleýin okuw meýilnamasynyň tamamlanandygyny görkezýär. Başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen bu çäräniň maksady ýerli derejde öz içine alyjy ýokary hilli durmuşhyzmatlarynyň milli nusgasyny döretmek üçin Türkmenistanyň durmuş hyzmatlary bilen üpjün ediş ulgamynydöwrebaplaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermekden ybaratdyr, esasan hem maýyplygy bolançagalaryň, ene-atasyz çagalaryň, ene-atalaryndan aýyrylmak töwekgelçiligindäki çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we goldawa mätäç bolan gartaşan adamlaryň, jyns esasynda zorluga sezewar bolan zenanlaryň, şeýle hem howp astyndaky ýaşlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdyr.

***

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

 

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz