Press reliz

Türkmenistan maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak üçin işlerini ýola goýdy

19 oktýabr 2021

  • 2021-nji ýylyň 13-nji we 14-nji oktýabrynda Tähranda ÝUNESKO-niň Toplumlaýyn edarasy Türkmenistanyň ÝUNESKO-niň meseleleri boýunça Milli komissiýasy bilen bilelikde türkmen bilermenleriniň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnama goşulyşmagy üçin mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyny gurady.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä 40 adam gatnaşdy, şol sanda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky milli dil, edebiýat we golýazamalar institutynyň, Bilim ministrliginiň, Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçylary we bilermenleri, şeýle hem resminamalar we arhiw, medeni mirasy goramak we dikeltmek, teatr we kino hem-de syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça okuwlary öwrenýän talyplar gatnaşdy.

Tähranda ÝUNESKO-niň ýerine ýetiriji direktory jenap Tswetan Tswetkowskiý, Türkmenistanyň ÝUNESKO-niň meseleleri boýunça Milli komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary doktor Çynar Rüstemowany "Türkmenistanyň gahrymany" adyna eýe bolmagy we “Altyn Aý” altyn medaly almagy bilen gutlap, okuw maslahatyny açdy. Ol biziň umumy ýatlamamyzyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak we ony elýeter etmek üçin möhüm orna eýe bolan “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnama barada gürrüň bermek bilen öz çykyşyny dowam etdi we bu maksatnama erkekleriň we aýallaryň pikirlerini üýtgetmek bilen hemmeler üçin has gowy geljegi gurmak üçin kartalarda, kitaplarda we golýazmalarda öz beýanyny tapan dünýäniň görüşini görkezýär.

"ÝUNESKO-niň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň esasy görüşi Türkmenistaniň hökümetiniň halklaryň arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi ösdürmek ugrundaky tagallalary bilen laýyk gelýär, bu bolsa, netijede BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine sebäp boldy"- diýip, Tswetan Tswetkowskiý, Tähranda ÝUNESKO-niň Toplumlaýyn edarasynyň ýolbaşçysy belläp geçdi.

Doktor Çynar Rüstemowa açylyşda eden çykyşynda Türkmenistanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasyna goşulmagynyň we bu maksatnamanyň döredileli bäri ýitirilen wagtyň öwezini dolmagyň zerurdygyny aýtdy.

"Milli maddy däl medeni miras arkaly biz adamzadyň pikirleriniň, açyşlarynyň we gazananlarynyň ösüşini yzarlap we görkezip bileris. Aslynda, bu häzirki we geljekki jemgyýetler üçin geçmişiň mirasydyr" – diýip, Çynar Rüstemowa, ÝUNESKO-niň meseleleri boýunça Türkmen milli komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.

Mundan başga-da ol türkmen bilermenleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ÝUNESKO tarapyndan bu ugurda yzygiderli okuwlary guramagy teklip etdi.

"Biziň hemmämiz Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň iň beýik nusgalarynyň goralmagyna jogapkärçilik çekýändiris" diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni mirasy bölüminiň başlygy hanym Gozel Magtymgulyýewa aýtdy we maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda sanly tehnologiýalaryň möhümdigini, şol bir wagtyň özünde sanly çeşmeleriň howpsuz ýagdaýda elýeter hem-de bitewi bolmagy, şeýle hem bu mirasyň asyl nusgalarynyň ähli semantik we funksional aýratynlyklaryny gorap saklamak üçin aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belläp geçdi.

Indiki gatnaşyjy, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky milli dil, edebiýat we golýazamalar institutynyň müdiri jenap Dawut Orazsähedow pars dilinde çykyş etdi we Golýazmalar institutynyň golýazmalary dikeltmek we gorap saklamak boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, ol bu ýolda dürli golýazmalaryň ýygnalmagyna we Türkmenistana gaýtarylmagyna sebäp bolan dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy.

Amaly sapaklara iki günüň dowamynda iki bilermen gatnaşdy we gatnaşyjylar ÝUNESKO-niň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasy, şol sanda dürli ýazgylar hem-de Awstraliýanyň milli komitetini mysal hökmünde ulanyp, “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň milli komitetiniň döretmegiň usullary barada bilimlerini artdyrdylar.

Bilermenler “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasyna dalaşgär hökmünde bellige alynmak üçin gatnaşyjylara resminamalary taýýarlamakda ýardam etmek üçin teklipleri berdiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz