Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti Toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň düzümini ara alyp maslahatlaşýarlar

25 oktýabr 2021

  • DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň agzalary Toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň düzümini öwrenmek üçin iki günlük okuwa gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar Toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň düzümini öwrendiler, şeýle hem Addis Abeba Hereketler meýilnamasynyň çäginde durnukly ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň borçnamalaryny durmuşa geçirmek üçin geljekde amala aşyrylmaly işleri we dünýä derejesindäki beýleki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldawy bilen ÝUNISEF-iň, Türkmenistanda BMGÖM-niň we Stambulda BMGÖM-niň sebit boýunça goldaw bermek merkeziniň hünärmenleri gatnaşyjylary bahalandyrma we barlama, dolandyryş we utgaşdyrma, maliýeleşdiriş strategiýasy, şeýle hem gözegçilik etme we syn berme ýaly Toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň düzümi bilen tanyşdyrdylar.

Bu çäre, bilelikdäki toparyň 2021-2022-nji ýyllar üçin Hereketler meýilnamasynyň çäginde geçirildi.

Duşuşygyň okuw bölüminden başga-da, toparyň agzalary Hereketler meýilnamasyna girizilmeli üýtgetmeleri, ýygnaklary geçirmek üçin deslapky gün tertibi barada ylalaşyga geldiler we toparyň alyp barýan işine ýa-da käbir çärelere has köp gyzyklanýan taraplary çekmek barada pikirlerini paýlaşdylar. Birnäçe gatnaşyjylar hususy kärhanalaryň gatnaşmagynyň zerurlygyny belläp geçdiler.

Bilermenler toparynyň esasy wezipeleriniň biri durnukly ösüşi we DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça tejribe öwrenip, bu tejribäni Türkmenistanda DÖM-niň netijeli durmuşa geçirilmegi barada habar bermek üçin ýurt derejesinde hödürlemekdir.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz