Press reliz

DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler topary bank işinde durnukly ösüş ýörelgelerini öwrenýär

02 December 2021

  • BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki bilermenler topary durnukly ösüş ýörelgelerini bank pudagyna ornaşdyrmagyň usullaryny öwrenmek üçin üçünji ýygnagyny geçirdi.

Bilelikdäki bilermenler toparynyň agzalary - BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Merkezi bankyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri halkara tejribeler bilen tanyşdylar we bank ulgamynda durnukly ýörelgelerini öňe sürmek üçin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjylara durnukly ösüş baradaky düşünjäniň taryhy we geljekki nesilleriň öz zerurlyklarynykanagatlandyrmak ukybyna päsgelçilik döredemýän ösüşi üpjün etmegiň ähmiýeti barada maglumat berildi.

Doktor Ýohanna Dihtl, BMG-niň daşky gurşaw maksatnamasynyň maliýe başlangyjynyň durnuklylyk boýunça bilermeni jogapkärçilikli bank işi boýunça ýörelgeleri hödürledi. Ol 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna, şeýle hem Pariž şertnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin ähli gyzyklanýan taraplaryň, şol sanda ykdysadyýetiň bank pudagynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini aýtdy. Bu nukdaýnazardan ugur alyp, jogapkärçilikli bank işiniň ýörelgelerini ýerine ýetirmek, ýagny, "utgaşdyrma", "täsir etme we maksatlary ýola goýma", "müşderiler we buýrujylar", "gyzyklanýan taraplar", "dolandyryş we medeniýet", "aç-açanlyk we hasabatlylyk" ýokarda agzalyp geçilen global maksatlarynyň ýetilmegine we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde saldamly goşant goşar.

Seminaryň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank pudagynda durnuklylygy ýokarlandyrmak baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar we şu wagta çenli gazanylan üstünlikleri belläp geçdiler.

Okuw sessiýasy, DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň 2021-2022-nji ýyllar üçin Hereket meýilnamasyna laýyklykda gurnaldy.

DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler topary bank işinde durnukly ösüş ýörelgelerini öwrenýär

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy