Press reliz

Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin Ready4Trade taslamasynyň çäginde söwda syýasatyny işläp düzmek üçin jyns taýdan bölünmedik maglumatlary ýygnamak boýunça okuw geçirildi

27 dekabr 2021

  • Aýallaryň ykdysady taýdan hukuklarynyň we mümkiçilikleriniň ýaýbaňlaşmagy üçin serhetara söwdada jyns bilen baglanyşykly meseleleri hasaba almak möhümdir. Söwda syýasatynyişläp düzýän şahsyýetler, serhedi düzgünleşdiriş edaralary we işewürlik jemgyýeti birleşip, aýallar üçin öz içine alyjy iş gurşawyny döretmek üçin bilelikde işleýärler.

Şunuň bilen baglylykda, 21-22-nji dekabr aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýa üçin Ready4Trade” taslamasy döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri üçin söwda syýasatyny işläp düzmke üçin jyns taýdan bölünmedik maglumatlary ýygnamak boýunça iki günlük okuw geçirdi. Bu çärä jemi 24 gatnaşyjy, şol sanda Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet statistika komitetiniň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.

Bu okuwyň esasy maksady gatnaşyjylary aýallaryň halkara söwdasynda tutýan orny we täsiri, söwda akymyna degişlilikde tariflaryň importyň ýokarlanmagyna edýän täsiri we söwda şertlerini gowulandyrmakda, esasanam aýallar üçin strategiki kararlary kesgitlemek üçin statistika maglumatlaryň ähmiýeti bilen tanyşdyrmakdyr. Okuw maksatnamasy dört moduldan ybarat bolup, toparlaýyn gönükmeler, mysallar we çekişmeler bilen baýlaşdyryldy.

“Söwda pudagynda aýallaryň ýüzbe-ýüz bolýan jyns esasynda kynçylyklaryna düşünmekbazarlara deň derejede elýeterliligi, adalatly bäsdeşligi we sagdyn iş gurşawyny üpjün etmek üçin aýratyn möhümdir. Jyns esasynda meseleleri hasaba alýan düşünjeler esasynda, bu diňe bir aýallara degişli däl, şular ýaly kynçylyklara erkekler hem ýüzbe-ýüz bolýarlar, bu bolsa söwda pudagynda jyns deňligini öňe sürmegiň bir bölegi bolar. Syýasaty işläp, düzmekde bu çemeleşme deňsizlikleriň döremeginiň ýa-da güýçlenmeginiň öňüni almagaýardam edýär. Söwda we işewürlik pudagynda belli bir şahsyýetiň ýoklugy sebäpli, täze kabul edilen syýasatlaryň hemmeler üçin deň mümkinçilikleri döretmegini üpjün etmek möhümdir. Maglumatlara elýeterlilik we ony ulanmak ukyby innowasiýa we ösüş üçin zerurdyr. Maglumatlara esaslanýan innowasiýa has gowy syýasaty işlap düzmek we jemgyýetçilik hyzmatlaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm we anyk peýdalary getirip biler”, - diýipTürkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň başlygynyň orunbasary hanym Renata Wrobel aýtdy.

Okuwyň dowamynda esasy bölegi aýallardan ybarat bolan gatnaşyjylar iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we tejribe alyşdylar. HSM-niň wekilleri aýallar üçin söwdany ýeňilleşdirmek we söwda bilen baglanyşykly infrastruktura, aýallaryň ykdysady goşandy, jynsbilen baglanyşykly statistikasyny kesgitlemek we ýygnamak üçin görkezijiler, şeýle hem jyns taýdan bölünmedik maglumatlary ýygnamak üçin gatnaşmaly edaralar we guramalar hem-deorunlaryň we jogapkärçilikleriň paýlanmagy we köp gyzyklanýan taraplary utgaşdyrmak üçinplatformalaryny döretmek barada söhbetdeşlik etdiler.

HSM-niň hünärmenleri dünýäde aýallar üçin telekeçilik pudagyndaky päsgelçilikleriň azalandygyny, munuň bolsa aýallaryň eýeçiligindäki kompaniýalaryň ösmegine goşant goşandygyny bellediler. Aýallaryň ýolbaşçylygyndaky iş has kiçi göwrümden başlaýar, şonuň üçin has çalt ösýär we şol bir wagtyň özünde aýallaryň ýolbaşçylygyndaky kompaniýalaryň köpüsinde 10 adamdan az adam işleýär. Şeýle hem jyns taýdan başarnyklaryň dogry paýlanyşynyň örän möhümdigi we ol zähmet netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam edip biljekdigi bellenildi.

Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasy Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara söwda merkeziniň bilelikdäki başlangyjydyr. Onuň esasy maksady sebitde içerki we halkara söwdany ösdürmek arkaly Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we öz içine alyjy ykdysady ösüşine goşant goşmakdyr. Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasyndan peýdalanýanlar hökümetlerden, kiçi we orta kärhanalardan, hususan-da zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky kärhanalardan we telekeçiligi goldaýan guramalardan ybaratdyr. Taslama 5 ýurtda hereket edýär: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Has giňişleýin maglumat üçin şu salga geçiň: intracen.org/Ready4Trade.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ITC
Halkara söwda merkezi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz