Press reliz

Howpsuz, tertipli we kanuna laýyklykda göçmek babatyndaky Global ylalaşygyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň pudagara iş toparynyň ýygnagy

21 ýanwar 2022

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde Migrasiýa babatynda Global ylalaşygyny durmuşa geçirmek boýunça pudagara iş topary üçin wideo konferensiýa görnüşde ýygnak geçirdi.

BMG-niň Baş Assambleýanyň 73/326 kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 10-13-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda Migrasiýa syn bermek boýunça ilkinji halkara forumyny guramak barada karara gelindi. Forumyň wekilleri hökümet baştutanlar bilen birlikde ýokary derejede syýasy şahsyýtelerden ybarat bolar. Bu forumyň maksady, howpsuz, tertipli we kanuny göçüş babatynda Global ylalaşygyň çäginde ýurtlaryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmakdyr (GMY).

Şu gün, iş mejlisinde GMY-niň pudagara iş toparynyň gatnaşyjylary foruma taýýarlygyň esasy tapgyrlaryny, hasabat nusgasyny, milli derejede taýýarlyk meýilnamalaryny we foruma taýýarlyk görmek üçin HMG we BMG-niň beýleki edaralary tarapyndan goldawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda iş toparynyň utgaşdyryjysy - Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy, iş toparynyň ähli agzalarynyň foruma taýýarlyk görmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz