Press reliz

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly bilelikdäki maksatnamasy ýaşlar we olaryň maşgalalary bilen işleşýän

25 April 2022

  • Soňky maglumatlara görä, COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak üçin görülýän epidemiýa garşy çäreleriň oňyn täsirlerine garamazdan, olaryň uzak wagtlap dowam etmegi, esasanam karantin, uzak wagtlap dowam edýänakyl bozulmalarynyň peýda bolmagyna sebäp bolýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 2-nji martynda çap edilen ylmy makala görä, COVID-19 pandemiýasynyň ilkinji ýylynda dünýäniň ýüzünde howsalanyň we depressiýanyň ýaýramagy 25% köpeldi. Munuň sebäbi, pandemiýa zerarly jemgyýetden üzňe bolmagyň netijesinde peýda bolan görlüp-eşidilmedik stresdir. Muňa adamlaryň işlemek, ýakynlaryndan goldaw gözlemek we jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak ukybyna päsgelçilik döredýän çäklendirmeler degişlidir.

Ýalňyzlykdan, wirus ýokaşmakdan, ondan ejir çekmekden, özüňiziň we ýakynlaryňyzyň ýogalmak howpundan bolan gorky, şeýle hem ýogalmakdan soňky hasrat we maliýe meseleleri - howsala we depressiýa sebäp bolýan stres hökmünde kesgitlendi. Ýaşlaryň arasynda öz janyna kast etmek pikirini öjükdirýän esasy sebäpleriň biri nerw keselleridir.

Pandemiýanyň döwründe akyl saglygynyň näsazlyklary şahsy we jemgyýetçilik howpsuzlygyna howp salýan uzak möhletli üzňeligiň, daşlaşmagyň, adaty gatnaşyklaryň bozulmagynyň, okuwdan we işden mahrum bolmagyň, syýahat etmek üçin çäklendirmeleriň netijeleri hökmünde hasaplanýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek müdiriýeti (UNODC), UNODC-niň (Wena ş.) Baş edarasynyň umumy ýolbaşçylygynda ýurtda psihologiki hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek üçin tagallalary ýokarlandyrmak, şeýle hem "Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek" atly maksatnamanyň çäginde UNODC-niň ylmy subutnamalara esaslanýan "Güýçli maşgalalar" maksatnamasyndan peýdalanmak kararyna geldi, hem-de 2022-nji ýylyň 25-27-nji apreliaralygynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň 20 ýaş aktiwistleri üçin synag sebitlerinde (Daşoguz we Lebap welaýatlarynda) syn bermek üçin milli okuw maslahatlaryny gurady.

Maslahatyň maksady, durmuş endiklerini we oňyn pikirlenmegi öňe sürmek, öz jemgyýetinde maksatnamalary öňe sürmek üçin gatnaşyjylaryň ukybyny güýçlendirmek, şeýle hem maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin başlangyçlary taýýarlamak arkaly adam howpsuzlygy barada düşünjäni artdyrmak we onuň köpdürli täsirlerini düşündirmekdir.

Gatnaşyjylar maşgalada gatnaşyklaryň we özüňi alyp baryş endikleriň esasy ýörelgeleri, hem-de stresi dolandyrmak usullary barada öwrendiler. Olar ýaşlar üçin akyl saglygynyň, şähdiň açyk bolmagynyň, oňyn duýgularyň we COVID-19-yň öňüni alyş çäreleri bilen baglanyşykly ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge goldaw berýän maşgala we dostlar bilen berk arabaglanyşygyň möhümdigine göz ýetirdiler.

Okuw maslahaty, 2021-2022-nji ýyllarda Durmuş hyzmatlary baradaky bilelikdäki maksatnamanyň çäginde “Güýçli maşgalalar” maksatnamasy boýunça tejribeli, taýýarlanan hünärmenler tarapyndan geçirildi.

Gatnaşyjylar töwekgelçilik toparyna girýän ýaşlar, neşe serişdelerini ulanýan agzasy bolan maşgalalar, şeýle hem kanuna garşy hereket edýän kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekler üçin ýerli derejede "Güýçli maşgalalar"atly maksatnamanyň synagdan geçirilmegine goşant goşar, şeýle hem maşgalalary saýlamaga we çäreleri bilelikde amala aşyrmaga ýardam eder diýlip garaşylýar.

UNODC, Bilelikdäki maksatnamanyň hyzmatdaşy hökmünde jemgyýeti ösdürmek üçin şahsy, jemgyýetçilik we saglyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda adam howpsuzlygy çemeleşmesini ulanmak bilen başlangyçlary işläp düzýär we durmuşa geçirýär.

Okuw maslahaty USAID-iň "Döwlet dolandyryşyna goldaw bermek" maksatnamasynyň maliýe goldawy bilen geçirildi.

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly bilelikdäki maksatnamasy ýaşlar we olaryň maşgalalary bilen işleşýän

Merjen Annamuradova Communications Focal Point UNODC Turkmenistan

Merjen Annamuradowa

UNODC
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz