Press reliz

HMG milli hyzmatdaşlar üçin migrasiýa maglumatlaryny ýygnamak we derňemek üçin usulyýet materiallaryny işläp düzmek üçin migrasiýa görkezijileri we hökümetiň zerurlyklary babatynda geňeşleri geçirdi

20 May 2022

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde HMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda ösüş ugrunda milli meýilnamalar üçin migrasiýa barada statistikany ýygnamak, derňemek we ulanmak üçin milli mümkinçilikleri artdyrmak" taslamasynyň çäginde milli hyzmatdaşlar üçin migrasiýa maglumatlaryny ýygnamak we derňemek üçin usulyýet materiallaryny işläp düzmek üçin migrasiýa görkezijileri we hökümetiň zerurlyklary babatynda geňeşleri geçirdi.

Bu maslahatyň maksady, migrasiýa maglumatlary esasynda syýasatlary işläp düzmek arkaly Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan migrasiýa dolandyryşyny güýçlendirmek boldy. Bu çärä Türkmenistanyň migrasiýa maglumatlaryny ýygnaýan ministrlikleriniň we pudaklarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty we Mejlis (Mejlis) gatnaşdylar.

Bu maslahatda Russiýa Federasiýasynyň we Polşanyň ylmy-gözleg işleri, migrasiýa maglumatlary we sosial statistikasy boýunça halkara bilermenleri we HMG-niň migrasiýa usulyýetleri boýunça geňeşçileri çykyş etdiler.

Duşuşyk Türkmenistanda HMG-niň ýolbaşçysy jenap Azat Atajanowyň sözleri bilen başlandy: "Maglumatlary ýygnamak we seljermek - migrasiýa dolandyryşynyň subutnamalar binýadyny gowulandyrýar", HMG-niň geňeşçisi Wiktoriýa Ledenewa sözüni şeýle dowam etdirdi: "Maglumatlar migrasiýa dolandyryşynda habar bermek, programmirlemek ukybyny gowulandyrmak we jemgyýetçiligiň migrasiýa barada düşünjesini ösdürmek ugrunda esas bolup hyzmat edýär."

Diana Çaryýewa

Diana Çaryýewa

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz