Press reliz

Türkmenistanyň hünärmenleri “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça kommisiýasynyň guralyny öwrendiler

10 June 2022

  • Türkmenistanda BMG BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleriboýunça kommisiýasy (UNESCAP) bilen bilelikde Türkmenistanyň hünärmenleri üçin “hiç kiminiň ünsdendüşmezligini” üpjün etmek üçin geçirilýän barlag işleriň çäginde seljeriş guraldan peýdalanmak boýunça iki günlük okuw geçirdi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edarlarynyň, şeýle hem BMG-niň düzümleýin edaralarynyň 30-a golaý wekili UNESCAP tarapyndan “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin işlenip düzülen seljeriş guralyny ulanmagyň usullaryny öwrendiler. Bu gural, dürli ýagdaýlaryň biri-birine nähili baglydygyny we Durnukly ösüş maksatlarynda göz öňünde tutulýan esasy mümkinçiliklere elýeterlilikde ýüze çykýan deňsizlikleriň nähili döreýändigine düşünmek üçin ulanylýar. Ilatyň gowşak toparlaryny we olaryň gowulaşmagyna päsgelçilik berýän ýagdaýlary kesgitlemek üçin guralyň içine umumy we statistiki maglumatlar girizilýär.

Okuw döwründe gatnaşyjylar aşakdaky mowzuklar bilen tanyşdylar:

1. Klassifikasiýa we regressiýa agajynyň usulyýetini, şeýle hem ilatyň gowşak toparlaryny ýüze çykarmak üçin onuň nähili ulanylýandygyna düşünmek.

2. Tapawutlylyk indeksiniň (H-Indeks) nämedigine düşünmek, şeýle hem ösüşiň belli bir ugrunda deňsizligi görkezýän ýeke-täk sany ýüze çykarmak üçin onuň nädip hasaplanýandygyna düşünmek.

3. UNESCAP-yň “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin ulanylýan guralynyň düzümine girýän 15 görkezijini düýpli gözden geçirmek.

4. UNESCAP-yň “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin ulanylýan guralynyň düzümine girýän grafikleriň we diagrammalaryň hemmesine düşünmek we olardan peýdalanmak.

5. Aýry-aýry ýurtlaryň zerurlyklaryny göz öňüne tutup, barlag işlerini her bir ýurda nädip uýgunlaşdyryp boljakdygy barada öwrenmek.

Guraly has gowy düşünmek we ulanmak üçin gatnaşyjylar 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanda ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-niň goldawy bilen Döwlet statistika komiteti tarapyndan geçirilen Köp görkezijili toparlaýyn gözleg işleriniň maglumatlaryny ulandylar.

Bu okuw, BMG we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň deňhukukly we inklýuziw bolmagy üçin işlenip düzülen syýasaty kämilleşdirmäge mümkinçilik berjek maglumatlara we statistika elýeterliligi gowulandyrmak boýunça has giňişleýin strategiýanyň bir bölegidir.

Türkmenistanyň hünärmenleri “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek üçin BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça kommisiýasynyň guralyny öwrendiler

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz