Press reliz

Pariž ylalaşygyna laýyklykda ýyladyşhana gazlarynyň inwentarizasiýasy we hasabat bermek boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlamak

24 iýun 2022

  • BMG-niň Aziýa - Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş işleri boýunça komissiýasy (ESKATO) we Ysraýylda ýerleşýän, akademik Yu.A. adyndaky Global howa we daşky gurşaw instituty Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldawy bilen 2022-nji ýylyň 21-24-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň hünärmenleri üçin Pariž ylalaşygyna laýyklykda ýyladyşhana gazlarynyň inwentarizasiýasy we hasabat bermek boýunça onlaýn okuw geçirdiler.

Halkara hünärmenler hasaplamak we hasabat bermek usulyýeti boýunça ýurtlara gural hödürlediler. Bu gollanma, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), hem-de taraplaryň milli ýazgylary taýýarlamagy üçin hökmany bolan Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara toparynyň görkezmeleri (IPCC 2006) tarapyndan kabul edilen kararlara laýyk gelýär.

Bu okuw, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary boýunça milli ýazgylary işläp düzýän Türkmenistanyň tehniki hünärmenleri we ýurduň içinde emele gelýän zyňyndylara gözegçilik etmek, bu barada hasabat bermek we barlag işleri geçirmek babatyndaky ulgamlary işläp düzýän hünärmenler üçin geçirildi.

Okuwyň usulyýet boýunça gollanmasy maglumat gözlemäge, degişli çemeleşmeleri saýlamaga we energiýa, senagat prosesleri, önümi ulanmak, oba hojalygy, ýer ulanylyşy, tokaý hojalygy we galyndylar ýaly bäş pudak boýunça hasabat taýýarlamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, belli bir kategoriýanyň hasaplaýyş işlerinde ýüze çykýan päsgelçiliklere, iň köp goýberilýän ýalňyşlyklara üns berildi we gözegçiler tarapyndan adaty teswirler aýdyldy.

Bu cärä Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň, “Türkmengaz” döwlet konserniň, “Türkmennebit” döwlet konserniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, "Türkmenhimiýa" döwlet konserniň, "Türkmenawtoulaglary" gullugynyň, "Türkmenhowaýollary" gullugynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.

****

2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi babatyndaky maslahatynda (COP26) kabul edilen Howa babatynda Glazgo şertnamasy “global ýylylygy 1,5° C çenli çäklendirmek - global ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny tiz wagtda, düýpleýin we durnukly ýagdaýda azaltmak, şol sanda 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli global kömürturşy gaz zyňyndylary azaltmak we asyryň ortalaryna çenli uglerodyň ýok etmek, şeýle hem beýleki ýyladyşhana gazlaryny ep-esli azaltmak ýaly ugurlary öz içine alýar".

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz