Press reliz

Iş we ýaşlaryň hünär ugry bilen baglanyşykly meseleler Aşgabatda tegelek stolda gozgaldy

14 iýul 2022

  • Türkmenistandaky Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy (MHG), Ýewraziýa Gaznasy (EF) Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň çäginde we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy (USAID) bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda “Ýaşlaryň iş we hünär ugry” atly tegelek stoly geçirdi.

Bu çärä 36 wekilden gowrak ýaş liderler, jemgyýetçilik guramasynyň we döwlen edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýagny, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaş alymlar Merkezi, Halakara Ynsanperwer we ösüş uniwersiteti we Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika instituty.

Tegelek stoluň esasy maksady, häzirki zaman dünýäsine degişli, ýaşlaryň iş üpjünçiligi we hünär bilimini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy gyzyklanýan taraplary birleşdirmek üçin meýdança döretmek. Şol sebäpden bu duşuşykda ýaşlaryň wekilleri esasy orny eýeleýändir, we meseleler çözilende ýaşlaryň pikirlerini, gyzyklanmalaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutmak zerurdyr.

Gatnaşyjylara Türkmenistandaky USAID guramanyň ýolbaşçysy Nino Nadiradze ýüzlendi. “Türkmenistanda zerur bolan we geljekde gerek bolan hünärlere uly üns berilýär. Bu ugur boýunça biz Türkmenistanyň Hökümetiniň ýaşlar barada alyp barýar wajyp meselelerini begenç bilen goldaýarys. USAID ýaşlaryň potensialyny açmaga, şeýle-de zähmet bazarynda ukyplygyny artdyrmaga goldaw bermäge taýýar.

MHG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygyň Azat Atajanowyň adyndan aýdylan ýüzlenmesinde şeýle diýilýär. “Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty köpugurly we biziň ata-enelerimiziň adam gymmatlyklaryndan we öňdebaryjy halkara standartlardan esaslanýandyr” we ruh we watana bolan söýgi terbiýelemekde, saglyk, bilim, iş üpjünçiligi we ýaşlary çekmek bilen bagly ähli wajyp meselelerininden ybaratdyr. Ýaşlar 2030-nji ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatnamasyň esasy topary bolup durýar”.

Plenar sessiýanyň dowamynda Mähri Açilowa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we sport çäreleriniň bölüminiň hünärmeni 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty ugrundaky Döwlet maksatnamasynyň netijeleri we 56 meýilleşdirilýän çäreleri barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty” Kanuny“ yaşlaryň ykdysadyýet garaşsyzlygyny we zähmet etmäge hukugynyň bardygyny” kesgitleýär. Iş üpjünçiligi we hünär ugruny kesgitlemek, şeýle-de okamak we hünärini kämilleşdirmek maksatnamalaryny amala aşyrmak merkezleri we gulluklary, talyplar toparlary, guramalary arkaly ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de, ýaşlar üçin iş berijilere iş orun döretmägi çagyrýarlar.

"CAYLA maksatnamasyny gutaran talyba, bu duşuşyk, ilki bilen hyzmatdaşlygy, hususan-da bilelikdäki taslamalary döretmek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary we döwlet pudagy bilen aragatnaşyk gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Işe ýerleşmeş we hünär ugruny saýlamak ýaly wajyp meseleleri ara-alnyp maslahatlaşyldy, we meniň üçin bu pikirleriň gaznasyna öwrüldi. Gyzykly çäräni gurnan guramaçylara sag bolsun aýdýaryn!" - Leýla Jumaýewa aýtdy.

“Tegelek stol gyzykly boldy. Men köp zehinli ýaşlar bilen tanyşdym. Guramaçylara duşuşyk gurnanlaryna we meni çagyranlaryna sag bolsun aýdasym gelýär. Çäräniň atmosferasyny gowy gördim, ýagny hünärmenleriň we ýaşlaryň çykyşlary. Şeýle-de, oba ýerlerinde ýaşlaryň ösmäge mümkinçiligi barada öwrenmek hasda gyzykly boldy” – Daşoguz welaýatynyň ”Eko Durmuş” guramasynyň wekili Kasym Jumaýew.

Tegelek stolda geljegiň hünärleri, täze ukyplary, hünär ösüş, bilim, şeýle hem ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagy ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty ugrundaky Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gatnaşmagy temalary we pudagara hyzmatdaşlygy işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geljek döwrüň hünärlerini kesgitlemek, zähmet bazarynda zerur bolan hünärlerini taýýarlamak, iş üpjünçiligini we onlaýn bilim almagyny girizmek barada söhbetdeşlik we pikir alyşma boldy. Goşmaça, oba ýerlerinde modelirlemek we robototehnika boýunça kruzhok/sapak açmak mümkinçiligi barmy diýip sorag berildi. Ýaşlar gyzykly we haýyr getirýän zada wagtyny harç edip bilerler, we özlerini täze ugurda synap görerler. Şeýle-de, gatnaşyjylar ýaşlaryň zähmete, sporta, bilime we ylyma motiwasiýasyny ýokarlandyrmaly diýip bellediler.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz