Press reliz

BMG, Türkmenistanda serhetüsti kagyzsyz söwdany ýola goýmak üçin geçirilýän taýýarlyk işlerine baha bermegiň netijeleri boýunça milli maslahat geçirýär

19 sentýabr 2022

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, milli gyzyklanýan taraplar bilen Türkmenistanda serhetüsti kagyzsyz söwdany ýola goýmak üçin alnyp barylýan taýýarlyk işlerine baha bermegiň netijeleri bilen tanyşdyrmak we ara alyp maslahatlaşmak üçin milli maslahat geçirdi. Bu çäre BMG-niň Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy we BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy.

Duşuşygyň dowamynda, BMG-niň Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň 2020-nji ýylda geçiren gözleg işlerine laýyklykda, Demirgazyk we Merkezi Aziýada soňky ýyllarda gazanylan öňegidişliklere garamazdan, bu sebitiň häzirem ulag serişdelerine sarp edýän çykdajylary ýokary, ulag aragatnaşygy pes, ulag infrastrukturasy ýetmezçilik edýär we ýük geçirmek işlerinde amaly kemçilikler bar.

Şeýle hem, gatnaşyjylar, sanlaşdyrma prosesiniň we serhetüsti ulag we söwda amallarynyň pes derejede alnyp barylmagy bar bolan kynçylyklary artdyrýandygy barada habar berdiler. Serhetüsti kagyzsyz söwdany üstünlikli durmuşa geçirmegiň peýdaly taraplary köp. Muňa degişlilikde, Serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek baradaky çarçuwaly şertnama taraplaryň bilelikde üstünlik gazanmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

“Bu subutnamalara esaslanyp, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Hökümet hünärmenleri bilen, çözgütleriň biri hökmünde, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmagy öňe sürýän ulag syýasaty babatynda gepleşikleri geçirdi. Men, karar kabul etmekde subutnamalara esaslanýan maglumatlaryň ulanylýandygyny uly şatlyk bilen tassyklaýaryn - 2022-nji ýylyň aprel aýynda ýurtda Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyz söwdasyny ýeňilleşdirmek baradaky çarçuwaly şertnama goşulmak baradaky Kanuny kabul edildi" – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.

“… Häzirki wagtda halkara söwda amallarynyň hemmesi diýen ýaly sanly we aragatnaşyk tehnologiýalar arkaly alnyp barylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu nukdaýnazardan, häzirki wagtda bütin dünýäde halkara söwda ulgamlarynyň hemmesi diýen ýaly sanlylaşdyryldy. COVID-19 pandemiýasy, söwdany ýeňilleşdirmek we harytlaryň, esasanam, ilkinji zerurlyk harytlarynyň we möhüm harytlaryň üznüksiz hereketini üpjün etmek üçin hökümetleriň we kärhanalaryň sanlylaşdyrma prosesini tizleşdirmek baradaky zerurlygyny ýokarlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, söwda ulgamyny has durnukly we öz içine alyjy etmek üçin söwdany ýeňilleşdirmek çärelerini we sanlylaşdyrma prosesini tizleşdirmek has möhümdir "- diýip, BMG-niň Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň - söwda, maýa goýumlar we innowasiýa bölüminiň müdiri Rupa Çanda aýtdy.

Milli maslahatyň gatnaşyjylary, teklip edilen Hereketler meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenistanda serhetüsti kagyzsyz söwdany ýola goýmak üçin taýýarlyk işlerine baha bermek” boýunça hasabatyň tekliplerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin pikir alyşmak barada ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz