Press reliz

Türkmenistana DÖM-niň durmuşa geçirilmegi barada hasabatyny taýýarlamak ugrunda goldaw bermek

01 noýabr 2022

  • BMG we Türkmenistanyň milli ministrlikleriniň milli hünärmenleri millileşdirilen DÖM-niň görkezijilerini işläp düzmek üçin Milli Hereketler meýilnamasynyň (MHM) işlenip düzülmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe ýygnak geçirdiler.

Bilermen derejeli gatnaşyjylar Döwlet statistika komitetiniň jogapkär bölümleri bilen DÖM-niň görkezijilerini işläp düzmek üçin usulyýet we maliýe goldawyny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Ýokary hilli statistiki maglumatlaryň elýeterliligi, hemmetaraplaýyn we bölünmedik görkezijilere esaslanmak bilen Durnukly ösüş maksatlaryny ölçemek, meýilleşdirmek we seljermek üçin zerurdyr" – diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.

Milli Hereketler meýilnamasy, DÖM-ny integrasiýa etmek boýunça milli meýilnamanyň ozal gazanylan netijelerine esaslanýar we olary durmuşa geçirmek ugrunda indiki ädimlere goşant goşýan Türkmenistanda DÖM-na ýetmek üçin orta möhletleýin strategiki gözýetimdir. MHM-niň esasy maksatlary:

DÖM-niň işlenip düzülen görkezijileri boýunça gazanylan ösüşe gözegçilik etmek; Milli maglumatlaryň halkara maglumatlar toplumyna laýyk gelmegi üçin global derejdäki usulyýeti millileşdirmek ýa-da kabul etmek; DÖM-ny ölçemek üçin pudagara we köp pudaklaýyn hyzmatdaşlyk; DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin borçnamalary we jogapkärçilikleri ýerine ýetirmek; Çäreleri utgaşdyrmak, şol sanda global derejesinde DÖM-ny durmuşa geçirmegiň netijeliligi boýunça ýurduň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maglumatlary ýygnamak üçin çeşmeleri ulanmak.

2022-nji ýylyň iýun aýynda DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň agzalary geljekki birnäçe ýyl üçin DÖM boýunça jogapkärçiligi güýçlendirer ýaly Milli Hereketler meýilnamasyny işläp düzmek kararyna geldiler, bu bolsa Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan DÖM barada maglumatlaryň elýeterliligi we hasabat bermek boýunça milli statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanda BMG-niň Döwlet statistika komiteti bilen bilelikdäki Ähtnamasyna laýyk gelýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz