Press reliz

BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň Bilelikdäki netijeler boýunça toparlary 2022-nji ýylyň netijelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

06 dekabr 2022

  • BMG, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde, 2022-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň netijelerini gözden geçirmek üçin birnäçe ýygnaklary geçirdi.

Duşuşyklar, BMG-niň we Hökümetiň Netijeler boýunça bäş Toparynyň (NT) çäginde geçirildi:

NT 1. Adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy

NT 2. Durnukly ykdysady diwersifikasiýa, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudaklary, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek

NT 3. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak

NT 4. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary

NT 5. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli bilim ulgamlary

BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine jogapkär BMG-niň düzümleýin edaralry we pudaklaýyn ministrlikler, ýagny, Netijeler boýunça toparyň agzalary 2022-nji ýylda Bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň çäginde gazanylan üstünlikler bilen paýlaşdylar. Şeýle hem olar Bilelikdäki hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleler barada pikir alyşdylar.

Duşuşyklaryň dowamynda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň ykdysadyýetçisi Bilelikdäki netijeler toparyny BMG-niň Ýurt boýunça topary tarapyndan taýýarlanan Türkmenistanyň Ýurt boýunça umumy derňewiniň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we Türkmenistanyň Ýurt boýunça umumy derňewiniň netijelerine aýratyn üns berip, 2023-nji ýylda Bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, olar Bilelikdäki hereketler meýilnamasyny 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tamamlamak we 2023-nji ýylyň fewral aýynda Ýolbaşçy komitetine tabşyrmak barada ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz