Press reliz

BMG, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler boýunça Meýletin milli synynyň çäginde gyzyklanýan taraplar bilen inklýuziw maslahatlary geçirýär

05 dekabr 2022

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, 2023-nji ýylda hödürlenjek, ikinji Meýletin milli synyny işläp düzmegiň çäklerinde gyzyklanýan taraplar bilen inklýuziw maslahatlary geçirdi. Maslahatlar BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň tehniki hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldawy bilen geçirildi.

Maslahata BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine jogapkär pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri ýaly milli hyzmatdaşlar, mejlisiň agzalary, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary, hususy pudak we beýlekiler gyzyklanýan taraplar gatnaşdy. Duşuşyklar DÖM-ny durmuşa geçirmegiň esasy netijelerini, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny we DÖM-ny durmuşa geçirmegiň innowasion ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdürildi.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Yldysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň Meýletin milli synyny işläp düzmek boýunça halkara bilermeni hanym Keýtlin Porter gatnaşyjylary Meýletin milli syny işläp düzmek boýunça öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrdy we DÖM-ny durmuşa geçirmek prosesini, şol sanda üstünlikleri, kynçylyklary, innowasion çözgütleri we geljekde ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdy.

Bu maslahatlaryň netijeleri, 2023-nji ýylda Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda geçiriljek, ýokary derejeli syýasy forumda hödürlenjek Türkmenistanyň Meýletin milli synyna giriziler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz