Press reliz

Birleşen Milletler Guramasyndaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak

14 dekabr 2022

  • Türkmenistanda BMG we Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şol sanda BMG-niň Nýu-Ýorkda, Ženewada we Wenada ýerleşýän edaralaryndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy gatnaşyjylary 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynda beýan edilen BMG-niň ýurt boýunça toparynyň strategiki ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ol, strategiki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny belläp, BMG-niň Nýu-Ýorkda, Ženewada we Wenada ýerleşýän edaralaryndaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň möhüm ornuna ünsi çekdi.

Olar indiki ýyl hödürlenjek Türkmenistanyň Meýletin milli syny, DÖM-niň milli maksatnamalara we syýasatlara mundan beýläk-de goşulmagy, DÖM-niň maliýeleşdirilmegi, DÖM-niň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek we hasabat bermek, şeýle hem adam hukuklaryny öňe sürmek we gender deňligini gazanmak üçin hyzmatdaşlykdyr.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde we birnäçe umumy meselelerde kesgitlenen ileri tutulýan ugurlarda üstünlik gazanmak üçin strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz