Press reliz

Aşgabatda BMG-niň guramagynda Merkezi Aziýanyň geljekki diplomatlary üçin sebit okuw maslahaty geçirildi

16 maý 2025

Türkmenistan, Aşgabat – 2025-nji ýylyň 16-njy maýy – 2025-nji ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde gurnalan Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebit derejesinde okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen bu çärä 24–30 ýaş aralygyndaky Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletlerinden gelen 26 zehinli ýaş diplomatlar gatnaşdylar.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Şweýsariýanyň we Italiýanyň ilçihanalarynyň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň goldawy bilen gurnalan bu okuw maslahaty ýaş liderleriň diplomatiýa babatdaky başarnyklaryny ösdürmäge we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirildi. Bu başlangyç, ýaş hünärmenleri kämilleşdirmek we Merkezi Aziýada parahatçylygy, ynamy hem-de hyzmatdaşlygy öňe sürmek babatdaky Türkmenistanyň ygrarlylygyny görkezýär.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Kaha Imnadze, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Luigi Ferrari, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko we UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýolbaşçysy jenap Kemal Goşlyýew çykyş etdiler.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Bäş günlük okuw maksatnamasy BMG ulgamyny, öňüni alyş diplomatiýasyny, gender we adam hukuklary, ykdysady we demografik seljerme, durnukly ösüş, howa şertleri boýunça gepleşikler, çykyş etmek sungaty we diplomatik etiket ýaly mowzuklary öz içine aldy. Maksatnamanyň esasy böleklerinde howanyň üýtgemegi boýunça gepleşikleriň, gapma-garşylyklary dolandyrmagyň we syýasy seljermäniň simulýasiýasy geçirildi.

Bu okuw maslahaty BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy we 86 agza döwletiň goldawy bilen biragyzdan kabul eden karary esasynda 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäginde amala aşyryldy.

“Bu gün ýaş diplomatlara goýulýan maýa goýum ertir has durnukly we hyzmatdaşlyga taýýar sebitiň düýbüni tutýar” diýip, jenap Şlapaçenko açylyş dabarasynda aýtdy. “Bilelikde öwrenmek we kämilleşmek bilen geljekki liderler ertiriň diplomatiýasyny emele getirjek baglanyşyklar gurýarlar.”

Maksatnamanyň ilkinji güni, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň başlygy hanym Selbi Hanowanyň we hyzmatdaşlyk boýunça hünärmeni jenap Maksat Keşiýewiň BMG ulgamyny tanyşdyrmagy bilen açyldy. Gatnaşanlar BMG-niň taryhy, gurluşy we köptaraply mandatlary, Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi we Sekretariat ýaly möhüm guramalaryň rollary barada has içgin öwrendiler.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Soňra jenap Kaha Imnadze öňüni alyş diplomatiýasynyň, gapma-garşylyklary dolandyrmagyň we halkara kontekstde parahatçylygy döretmegiň esasy düşünjeleri bilen tanyşdyrdy. Ol bu çemeleşmeleriň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Ynsanperwerlik ýörelgeleri we BMG-niň bu ugurda alyp barýan işi baradaky çykyşlar jenap Stiwen O'Malli (Gazagystandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy) we hanym Kawilmadam Ramaswami Parwati (Täjigistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy) tarapyndan geçirildi. Olar BMG-niň bitaraplyk, garaşsyzlyk we çäksiz kömek ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtadylar.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Gün interaktiw toparlaýyn işler we pikir alyşmalar bilen tamamlandy. Gatnaşyjylar täze öwrenen bilimlerini simulýasiýa arkaly ulanyp görmäge mümkinçilik aldylar.

Ikinji gün ösüş meselelerine bagyşlandy. Gyrgyz Respublikasyndaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Antýe Grawe 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) we 2030-njy ýyldaky Gün tertibiniň has giňişleýin mazmuny bilen tanyşdyrdy. Ol bu maksatlaryň dünýäde durmuşy gowulandyrmagy maksat edinýändigini we Merkezi Aziýanyň geljegi üçin ähmiýetini düşündirdi.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Soňra Özbegistandaky Hemişelik utgaşdyryjy hanym Sabine Mahl jenap Kemal Goşliew bilen bilelikde gender deňligi, jemgyýetiň inklýuziwligini üpjün etmekde BMG-niň ýörelgeleri barada çykyş etdi. Olar genderiň ösüşe we diplomatiýa nähili täsir edýändigi barada açyk piker alyşmaga çagyrdylar.

Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky sebit maksatnamasynyň utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Petrin tarapyndan suw diplomatiýasy boýunça sessiýa hem geçirildi. Gatnaşyjylar “Guş depe kanaly” atly türgenleşik oýnunda toparlaýyn hereket edip, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça suw serişdelerini dolandyrmak boýunça meýilnamalary taýýarladylar. Bu türgenleşik döredijilikli pikirleri ýüze çykardy we her kime sebit gepleşiklerindäki ýaly pikirlenmäge mejbur etdi.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Üçünji gün ýaş diplomatlaryň analitik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirildi. Aziýa Ösüş Bankynyň ýurt boýunça müdiri jenap Artur Andrysiak ykdysady seljermäniň esaslaryny we maliýe tendensiýalaryna düşünmegiň diplomatiýada has gowy karar kabul etmegi goldap biljekdigini düşündirdi.

Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň maglumatlary dolandyrmak we netijelere gözegçilik boýunça jogapkär işgäri jenap Geldi Myradow maglumatlary syýasatda ulanmagyň ähmiýeti barada aýtdy. Ol durnukly maglumatlaryň nädip maksatnamalary ugrukdyryp biljekdini we diplomatiýany has täsirli we esasly etmekde ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek edip biljekdigini görkezdi.

Okuw gününi jenap Kemal Goşliýew demografiýa boýunça sessiýa bilen jemledi, sebitdäki geljekki kynçylyklar we mümkinçilikler barada ilatyň tendensiýalarynyň bize aýdyp biljek zatlaryny düşündirdi. Gatnaşyjylar bu gurallary hakyky durmuş ssenariýalarynda ulanmak bilen, maglumatlary herekete öwürmekde tejribe topladylar.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Dördünji gün, amaly aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge gönükdirildi. BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt toparynyň agzalary bu ugurda şahsy tejribelerini paýlaşdylar. Jenap Dmitriý Şlapaçenko, hanym Narine Sahakýan (BMGÖM), hanym Jalpa Ratna (ÝUNISEF) we jenap Egor Zaýtsew (BSGG) köpçüligiň öňünde çykyş etmek, kyn ýagdaýlarda asuda bolmak we täsirli aragatnaşyk saklamak barada maslahat berdiler.

Okuw BMG-niň aragatnaşyk toparynyň ýolbaşçylygyndaky metbugat okuwlary bilen dowam etdi. Gatnaşanlar söhbetdeşlikleri nähili alyp barmalydygyny, anyk habarlary bermelidigini we kyn soraglara jogap bermelidigini öwrendiler. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Peksa metbugat manipulýasiýasy bilen iş salyşmak we nädogry maglumatlardan nädip goranmak boýunça häzirki zaman sanly dünýäsinde möhüm tema barada çykyş etdi.

Gün UNITAR-yň Ýaşyl ösüş we howanyň üýtgemegi bölüminiň hünärmeni hanym Maýa Walçewanyň ýolbaşçylygyndaky howanyň üýtgemegi boýunça gepleşik simulýasiýasy bilen tamamlandy. Gatnaşanlar dürli ýurtlaryň rollaryny aldylar, şertnamalar baglaşdylar we howa syýasatynyň nähili emele gelýändigini öwrendiler. Şeýle hem, howanyň üýtgemegi baradaky halkara hukugynyň esaslaryny we syýasy derňewiň global meselelere düşünmäge nähili kömek edip biljekdigini öwrendiler.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Okuwyň ahyrky güni gatnaşyjylar BMG-niň adam hukuklary, bilim, ýaşlar we migrasiýa ýaly möhüm mowzuklaryny öwrendiler. BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Türkmenistandaky hünärmeni hanym Ýelena Butowa, Adam hukuklarynyň ähliumumy Jarnamasynyň taryhy we ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy we bu hukuklary goraýan BMG-niň esasy guramalary barada düşündiriş berdi.

Hanym Jalpa Ratna we jenap Kemal Goşliýew bilim we ýaşlar boýunça sessiýa ýolbaşçylyk edip, çagalara we ýaşlara maýa goýmagyň durnukly ösüş üçin nähili möhümdigini görkezdiler. Soňra jenap Timur Dosmamedow migrasiýa bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşyk barada çykyş edip, howpsuz we adalatly migrasiýa syýasatlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Okuw maksatnamasy Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Luigi Ferrari, Germaniýanyň ilçihanasyndan jenap Dirk Jakobi, jenap Kaha Imnadze we jenap Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan geçirilen diplomatik etiket we protokol boýunça ýörite sessiýa bilen tamamlandy. Çykyş edenler protokolyň diplomatyň işinde möhümdigini bellediler we öz karýeralaryndaky kynçylyklary ýada saldylar.

Soňra gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli diplomatlary bilen açyk pikir alyşma gatnaşdylar. Hepde ýaş diplomatlara şahadatnama gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy. Okuw maksatnamasy şahsy tejribeleri paýlaşmak, gatnaşyklary pugtalandyrmak we geljekki hyzmatdaşlyga esas döretmek üçin platforma döretdi.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Okuw maslahaty öz esasy maksatlaryna üstünlikli ýetdi: ýaş hünärmenleriň diplomatik başarnyklary ösdürildi, BMG ulgamy barada düşünjeleri giňeldi we Merkezi Aziýada sebitleýin gatnaşyklary güýçlendirmäge mümkinçilik döredildi. Teoretiki sapaklaryň, amaly simulýasiýalaryň we deň-duşlar bilen özara öwrenmegiň utgaşmasy arkaly gatnaşyjylar diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlyk we global kynçylyklar boýunça gymmatly tejribe aldylar. Esasy netijeleriň biri – ýaş diplomatlaryň arasynda güýçli gatnaşygyň we hyzmatdaşlygyň esaslaryny tutýan sebit derejeli ulgam döredildi.

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

ADB
Asian Development Bank
EOG
Embassy of Germany
EOI
Embassy of Italy
EOSQ
Embassy of Switzerland
World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz