BMG Türkmen ýaşlaryny Baş sekretaryň klimat boýunça ýörite ýüzlenmesi bilen tanyşdyrdy
30 iýul 2025
Türkmenistan, Aşgabat, 2025-nji ýylyň 30-njy iýuly – Şu gün BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ýolbaşçysy Selbi Hanowa ÝUNISEF-iň Eko lagerine gatnaşýan ýaşlar bilen duşuşyp, BMG-niň Baş sekretarynyň “Arassa energiýa döwrüni tizleşdirmek üçin mümkinçilik pursaty” atly howanyň üýtgemegi baradaky ýörite ýüzlenmesini ara alyp maslahatlaşdy.
Çärede ýaşlar Baş sekretaryň wideo ýüzlenmesini synladylar we adamyň ýer şaryny goramakda nähili rol oýnap biljekdigini gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Baş sekretar dünýäniň gazylyp alynýan energiýadan arassa energiýa geçmekde taryhy pursat bilen ýüzbe-ýüz durandygyny nygtady.
“BMG-niň Baş sekretarynyň ýüzlenmesini synlap, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýyň näderejede çynlakaýdygyny has gowy düşündim. Ýaşlaryň edýän kiçijik işleri hem geljegiň arassa bolmagyna goşant goşup biler,” diýip, Eko lageriň gatnaşyjysy Resul Taýjanow aýtdy.
Baş sekretar häzirki zamanyň kynçylyklaryna garamazdan, dünýäde arassa energiýa geçmek boýunça özgerişleriň eýýäm başlandygyny aýtdy. 2024-nji ýylda bu ugra goýlan maýa goýumlar 2 trillion dollara ýetip, gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden hem geçdi. Bu bolsa arassa energiýanyň has tygşytly we netijeli bolandygyny görkezýär.
Ýaşlar bu taryhy pursatdan peýdalanyp, durnukly we arassa energiýa geljegine geçmegi goldamaga taýýardygyny aýtdylar.