Ýaşlar forumynda Durnukly ösüşiň hereketlendirijileri hökmünde ýaşlaryň orny nygtaldy
07 awgust 2025
Türkmenistan, Awaza,– 2025-nji ýylyň 6-njy awgusty – Ýer ýüzünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan gelen ýaş liderler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde Awazada geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşyp, hiç bir ýaş adamyň yzda galmazlygyny üpjün etmek üçin inklýuziw syýasatlaryň we anyk hereketleriň zerurdygyny nygtadylar.
Forum ýaşlar üçin öz aladalaryny beýan etmek, innowasion pikirlerini paýlaşmak we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň duçar bolýan aýratyn kynçylyklaryny – dünýä bazarlaryna çäklendirilen elýeterlilikden, sanly bölünişlikden başlap, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine we iş bilen üpjünçilikde päsgelçiliklere çenli – ýeňip geçmek üçin syýasat tekliplerini hödürlemekde möhüm platforma boldy.
Iki günlük çärede ýaş delegatlar aşakdaky mowzuklar boýunça sessiýalara gatnaşdylar:
Bilim we başarnyklary ösdürmek
Iş üpjünçiligi we telekeçilik
Howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak
Sanly elýeterlilik we innowasiýa
Bu sessiýalar ýaşlaryň birek-birege öwredip, tejribeleri alyşmaga şert döretdi we milli, sebit we global derejede durmuşa geçirilmeli anyk teklipler bilen jemlendi. Maslahatlaryň netijesi hökmünde ýaşlar tarapyndan bilelikdäki ýörelgeleri, ileri tutulýan ugurlary we talaplary öz içine alýan Ýaşlar Jarnamasy hödürlendi.
Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda guralan Ýaşlar maslahatda Çad, Demirgazyk Makedoniýa, Paragwaý we Özbegistandan gelen dört sany BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylary ýaşlar bilen iş tejribesini we üstünliklerini paýlaşdylar. Şeýle hem, BMG-niň Ýaşlar boýunça Baş sekretarynyň kömekçisi jenap Felipe Paullier tarapyndan ýörite wideo ýüzlenme görkezildi. Ol ýaşlary işjeň gatnaşmagy dowam etdirmäge ruhlandyrdy we ýaşlaryň sesine ähli derejelerde üns bermegi çagyrdy.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileriniň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu ýaş liderler çekeleşiklere goldaw berdiler, ýaşlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrdylar we ýerli derejedäki jemgyýetçilik işleri bilen baglanyşykly tejribelerini paýlaşdylar. DÖM-iň ilçileri DÖM-lere bagyşlanan milli başlangyç esasynda saýlanan ýaş liderler bolup, olaryň gatnaşmagy ýaşlaryň ýerli derejede ygtyýarlylandyrylmagynyň global ösüş meselelerine hem täsir edip bilýändigini görkezdi.
Ýaşlar forumy, BMG-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlarynda has inklýuziw we durnukly geljegi gurmakda ýaşlary öňe çykarmak baradaky borçnamasyny tassyklady.
Türkmenistanda BMG ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen dürli başlangyçlar arkaly, şol sanda DÖM-iň ýaş ilçileribaşlangyçarkaly ýaşlaryň ösüşe gatnaşygyny goldamagy dowam edýär.
DÖM-iň ýaş ilçileri başlangyjy BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlangyjy bolup, 2019-njy ýylda ýola goýuldy. Has giňişleýin maglumat üçin:https://turkmenistan.un.org/en
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN-OHRLLS
United Nations Office of the High Representative for the Least Developed Countries, Landlocked Developing Countries and Small Island Developing States
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz