Aýlaw ykdysadyýeti deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze mümkinçilikleri açýar
07 awgust 2025
Türkmenistan, Awaza, 2025-nji ýylyň 6-njy awgusty – Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilen ýokary derejeli çäräniň gatnaşyjylary Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (LLDC) durnuklylygy berkitmek, bäsdeşlige ukyplylygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin aýlaw ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmalydyr diýip nygtadylar.
“Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda aýlaw ykdysadyýetine geçmek: BMG-niň Aýlaw ykdysadyýetine geçiş boýunça Global Çarçuwaly Maksatnamasyna eltýän ýollary” atly çäre Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. Oňa hökümet wekilleri, halkara guramalar, ösüş banklary, alymlar we hususy pudagyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gurluş kynçylyklar üçin aýlaw çözüwler
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çärede çykyş edip, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan gurluş kynçylyklaryny çözmek üçin aýlaw ykdysadyýetiniň aýratyn möhümdigini belledi.
Ol: “Aýlaw ykdysadyýeti diňe bir daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak bilen çäklenmän, täze ykdysady mümkinçilikleri döredýär, innowasiýalary höweslendirýär we çydamlylygy güýçlendirýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bu ykdysadyýeti dürlüleşdirmäge, tebigy serişdeleriň çykarylyşyna garaşlylygy azaltmaga we durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmäge güýçli itergi bolup biler” – diýip belledi.
Şeýle hem jenap Şlapaçenko, BMG-niň Hökümet bilen hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde Türkmenistandaky BMG ulgamynyň ýaşyl ösüşi, durnukly infrastrukturany we inklýuziw ykdysady özgerişleri ösdürýändigini aýtdy.
BMG – Hususy pudak hyzmatdaşlyk platformasy arkaly Türkmenistandaky işewürlik pudagynda hem aýlaw tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna goldaw berilýär. Jenap Şlapaçenko oba hojalyk we dokma galyndylarynyň kagyz önümçiliginde ulanylmagyny, anyk ekerançylyk tehnologiýalaryny we täze şäher ösüş taslamalarynda hapa suwlaryň gaýtadan işlenilmegini mysal hökmünde getirdi.
“Biz hususy pudak kärhanalary we döwlet edaralarynyň arasynda aýlaw ykdysadyýeti ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny höweslendirmegi we goldamagy dowam etdireris, sebäbi olar 2030 Gün tertibiniň we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmakda möhüm orny eýeleýärler” – diýip, ol belledi.
Syýasy çarçuwalar we hyzmatdaşlyk
Çekişmeler, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda aýlaw ykdysadyýetiniň modellerini ornaşdyrmak üçin zerur bolan syýasy çäreler we höweslendirmeler, şol sanda galyndy dolandyryşy, döwlet satyn alyşlary, söwda, innowasiýalar we üpjünçilik zynjyrynyň yzarlanylmagy boýunça meseleleri öz içine aldy.
Ýaşyl ykdysadyýete geçişi çaltlandyrmak üçin düzgünleşdiriş reformalary we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça LLDC jemgyýetinden iň oňat tejribeler paýlaşyldy. Şeýle hem LLDC ýurtlarynyň bu geçişe bilim, maliýe we tehnologiýa babatda elýeterliligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Awaza Hereket Meýilnamasyna goşandy
Aýlaw ykdysadyýeti boýunça bu çäre 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Awaza Hereket Meýilnamasyna gönüden-göni goşant berýär. Maksatnama önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyny, durnukly senagatlaşdyrmagy we howa taýdan akylly ösüş ýollaryny öňe sürýär.
Aýlaw tejribeleri boýunça teklipleriň öňe sürülmegi, şeýle hem DÖM 7 (Elýeterli we arassa energiýa), DÖM 9 (Senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura) we DÖM 12 (Jogapkärli sarp ediş we önümçilik) maksatlaryna ýetmäge goldaw berýär.
“Bu platforma diňe bir dialog üçin däl — hereket üçin döredilen meýdançadyr. Hökümetler, BMG, hususy pudak we raýat jemgyýeti bilelikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň global ýaşyl geçişden yza galmazlygyny üpjün edip bilerler” – diýip, Şlapaçenko jemledi.
Çekişmä BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýolbaşçylyk etdi, onda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri, sebit guramalary, Merkezi Aziýa we Ýewropadan BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylary, ösüş banklary we ylmy toplumdan hünärmenler çykyş etdiler.
*Çäräniň meýilnamasy aşakda goşulan