Hemişelik utgaşdyryjylar maslahatyň netijelerini durmuşa geçirmekde wajyp orny eýeleýärler
07 awgust 2025
Türkmenistan. Awaza, 2025-nji ýylyň 7-nji awgusty – Awazade geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatynyň dowamynda şeýle ýurtlaryň Hemişelik utgaşdyryjylary maslahatyň borçnamalaryny anyk ýurt derejesine geçirmek barada pikir alyşmak üçin ýygnandylar.
Milli utgaşdyryjylar we BMG-niň iň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň edarasy bilen bilelikde gurnalan sessiýada täze kabul edilen Awaza Hereket Meýilnamasyny (2024–2034) milli ösüş strategiýalaryna, BMG-niň Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamalaryna we pudak meýilnamalaryna gönükdirmegiň amaly usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bu maslahatyň diňe bir ýokary derejeli jarnamalar bilen çäklenmän, eýsem “manyly gepleşikler, amaly çözgütler we hakyky netijeler” baradadygyny belledi.
Deňze çykalgasy bolmadyk statusyň çäklendirme hökmünde däl-de, eýsem utgaşdyrylan we yzygiderli jogap berilmegini talap edýän aýratyn zerurlyklar toplumy hökmünde görülmelidigini aýtdy.
Milli ileri tutulýan ugurlary goldamak
Hemişelik utgaşdyryjylar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlaryny meýilnamalaşdyrmak we durmuşa geçirmek üçin hökümetlere goldaw bermekdäki roluna ünsi çekdi. Şu aşakdaky esasy ugurlara seredildi:
-
milli yzarlaýyş hereket meýilnamalaryny Milli utgaşdyryjylar bilen bilelikde işläp düzmek,
-
maslahatyň borçnamalaryny BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň dowam edýän meýilnamalaryna goşmak,
-
maglumatlary we gözegçilik ulgamlaryny güýçlendirmek,
-
maliýeleşdirmek we donorlary utgaşdyrmak platformalarynda meseleleri öňe sürmek,
-
tejribe alyşmagy we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy ösdürmek.
Hereket üçin gurallar
Sessýanyň möhüm bölekleriniň biri BMG-niň iň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan taýýarlanan täze gural toplumynyň tanyşdyrylmagy boldy. Ol Awaza Hereket Meýilnamasyny milli syýasatlara we gözegçilik ulgamlaryna utgaşdyrmak boýunça amaly maslahatlary öz içine alýar.
Türkmenistan tejribesi
Hemişelik utgaşdyryjy Türkmenistanyň tejribesini paýlaşyp, BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň eýýäm hökümet bilen durnukly ulag, sebit söwdasy we suw-energiýa arabaglanyşyklary barada gepleşiklere başlandygyny aýtdy. Dowam edýän hyzmatdaşlyga söwda koridorlary, howa taýdan durnukly infrastruktura we sanly çözgütler boýunça goşantlar hem girýär.
Hemişelik utgaşdyryjylar Awazada beýan edilen syýasy islegiň indi ýerlerde anyk netijeler bilen utgaşdyrylmalydygyny nygtadylar. Hemişelik utgaşdyryjylar bilen Mili utgaşdyryjylaryň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, maslahatyň DÖM-iň öňe gidişini we Awaza Hereket Meýilnamasynda beýan edilen borçnamalary ýerine ýetirmegini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolar.