Press reliz

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty Awaza Hereket Meýilnamasynyň tassyklanmagy we Awaza Syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy

08 awgust 2025

Awaza, 2025-nji ýylyň 8-nji awgusty – Şu gün Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty öz işini tamamlady. Maslahatda Awaza Syýasy Jarnamasy kabul edildi hem-de 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereket Meýilnamasy resmi taýdan tassyklandy. Bu möhüm resminama dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 döwleti üçin durnukly ösüşi we durnuklylygy çaltlaşdyrmaga gönükdirilen ýol kartasyny bolup durýar.

“Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi öňe sürmek” şygarynyň astynda geçirilen dört günlük maslahatda döwlet Baştutanlary, BMG-niň ýokary derejeli wekilleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we hususy sektoryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýokary söwda çykdajylary, infrastruktura ýetmezçiligi we howanyň üýtgemegine garşy goragsyzlyk ýaly aýratyn kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Awaza Hereket Meýilnamasy arkaly öňe ýol açýan täze strategiýany kabul etdiler.

Maslahatyň esasy netijeleri

1. Awaza Hereket Meýilnamasynyň tassyklanmagy we Awaza Syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi

Awaza Syýasy Jarnamasy tranzit elýeterliligini gowulandyrmak, sanly öwrülişigi güýçlendirmek we howanyň durnuklylygyny artdyrmak boýunça umumy garaýyşy kesgitleýär. Ol Awaza Hereket Meýilnamasyna esaslanyp, bäş ileri tutulýan ugra ünsi jemleýär:

  • gurluşlaýyn ykdysady öwrülişik;
  • söwda we sebitleýin integrasiýa;
  • ulag we infrastrukturanyň ösüşi;
  • howa şertlerine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyk howpuny azaltmak;
  • maliýeleşdirmägi we hyzmatdaşlygy mobilizirlemek.

2. Ählumumy jebisligiň güýçlendirilmegi

Jarnamada köpugurly ösüş banklarynyň maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, Günorta–Günorta hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna we deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlaryň zerurlyklarynyň dünýä söwda hem-de howa meýilnamalaryna has ýakynlaşdyrmaga çagyrylýar.

3. Durmuşa geçirmek we jogapkärçilik

BMG ulgamy, iň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň edarasy (UNOHRLLS) tarapyndan ýolbaşçylyk edilip, ýerine ýetirilişi utgaşdyrar. Bu ýerde ýurtlaryň eýeçiligi, netijelere esaslanan gözegçilik we jogapkärçilik esasy orny eýeleýär.

Baş sekretaryň orunbasary we Ösüş derejesi pes ýurtlar, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de Kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima şeýle diýdi: “Awaza Jarnamasy öwrülişik nokady bolup hyzmat edýär. Bu diňe sözler däl-de, hereketleriň meýilnamasydyr. Infrastruktura, söwda ýeňillikleri we howa durnuklylygyna gönükdirilen maýa goýumlary bilen biz deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň mümkinçiliklerini açyp, hiç kimiň yza galmazlygyny üpjün edip bileris”.

“BMG bu ýerine ýetiriliş onýyllygyna goldaw bermäge taýýar", – diýip, ol belledi.

Türkmenistanyň goşandy

Kabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistan maslahatyň maksatlaryna laýyk gelýän birnäçe innowasiýa we geljegi uly başlangyçlary hödürlemek bilen möhüm goşant goşdy:

  • Geljegiň medisinasy boýunça halkara hyzmatdaşlyk başlangyjy – saglyk we lukmançylyk innowasiýalarynda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • Durnukly ulag elýeterliligi boýunça Ählumumy atlas –tranzit ösüşinde maglumatlara esaslanan syýasat düzmek üçin 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen COP28-de işe girizildi;
  • Ählumumy Wodorod Energiýa Geçiş Maksatnamasy (2030–2040) – deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşyl energiýa geçişine işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin;
  • Azyk dolanşygyny üpjün edýän aýlaw ykdysadyýet başlangyjy – serişdeleri netijeli ulanmak, durnukly önümçiligi we sarp etmegi öňe sürýän aýlaw ykdysadyýete geçmek üçin global maksatnama.
  • Hazar ekologiýa başlangyjy – Hazaryň ekologik we ykdysady kynçylyklaryny çözmek üçin ilkinji gezek BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda teklip edildi;
  • BMG-niň Aral deňzi basseýni boýunça Maksatnamasyna güýçlendirilen goldaw – Baş Assambleýanyň kararlary bilen berkidilen;
  • BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy pudagyndaky potensialyndan peýdalanyp, halkara hukugy we köptaraplaýyn diplomatiýa arkaly suw dawalarynyň çözülmegine ýardam bermek.
  • Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly hökmünde goldamak

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow: “Türkmenistan üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljegi üçin wajyp bolan bu ähmiýetli maslahaty kabul etmek uly mertebedir: - diýdi.

Şeýle hem, ol: “Awaza Jarnamasy biziň hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça umumy garaýşymyzy görkezýär. Tranzit ýurtlary, ösüş boýunça hyzmatdaşlary we hususy sektory bilelikde hereket edip, geografik çäklendirmeleri ýeňip, halklarymyzyň abadançylygyny üpjün edip bileris”, – diýip belledi.

Indiki ädimler

BMG Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesinde her ýyl Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşyklary geçirilip, ýerine ýetirilişe baha berler;

  • 2025-nji ýylda Braziliýada geçiriljek COP30 howa maslahatynda we şol ýylyň oktýabrynda Ženewada geçiriljek UNCTAD XVI maslahatynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meselelerini öňe sürmek üçin mümkinçilikler bolar;
  • 2027-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Ikinji Ählumumy Dag Maslahatynda Dag sebitlerini ösdürmek üçin bäş ýyllyk hereket meýilnamasynyň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn kynçylyklaryna bagyşlanar;
  • Sebitleýin ykdysady komissiýalaryň ýolbaşçylygynda her iki ýylda sebitleýin synlar;
  • Awaza Hereket Meýilnamasynyň bäş ýyllyk ara syny.

Redaktoryň belligi

Awaza Syýasy Jarnamasy we Awaza Hereket Meýilnamasy doly görnüşde maslahatyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Maslahat barada

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji Maslahaty on ýylda bir gezek geçirilýär. Bu çäre geografiýa taýdan izolirlenen 32 ýurduň ösüşini goldamak üçin halkara goldawyny mobilizirlemäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda geçirilýän bu maslahat Awaza Hereket Meýilnamasyny durmuşa geçirmegi we 2034-nji ýyla çenli durnukly ösüşi çaltlaşdyrmagy maksat edinýär.

Goşmaça maglumat:

Sosial ulgamlar arkaly täzelikleri yzarlamak:

  • Haştaglar: #LLDC3, #LockedOut, #ProgressThroughPartnerships
  • Facebook: UN-OHRLLS, United Nations, GlobalGoalsUN
  • X (öňki Twitter): @UNOHRLLS, @USGRabab_UN, @UN, @GlobalGoalsUN
  • Instagram: @unohrlls
  • LinkedIn: UN-OHRLLS

Media bilen habarlaşmak:

  • Meý Yaakub | Maslahatyň metbugat sekretary, UNOHRLLS-niň maglumat bölüminiň ýolbaşçysy | yaacoubm@un.org
  • Sitembile Siziba | maglumat boýunça hünärmen, UNOHRLLS | Sithembile.siziba@un.org
  • Aleksandra del Kastello | maglumat boýunça hünärmen, BMG-niň Global aragatnaşyklar departamenti | alexandra.delcastello@un.org 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN-OHRLLS
United Nations Office of the High Representative for the Least Developed Countries, Landlocked Developing Countries and Small Island Developing States

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz