Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty indiki onýyllyk üçin taryhy borçnamalar bilen tamamlandy
Maslahatyň umumy jemi
Türkmenistan, Awaza – 2025-nji ýylyň 8-nji awgusty –Awaza geçirlen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji Maslahaty (LLDC3) öz işini tamamlady. Maslahatda 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Awaza Hereket Meýilnamasy – hemmetaraplaýyn kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan döwletleriň meselelerini çözmek we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrunda ösüşi çaltlandyrmak üçin giň gerimli 10 ýyllyk ýol kartasy kabul edildi.
Dört günlük maslahat 103 ýurtdan 5700-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirdi. Oňa 32 Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerden 30-synyň wekilleri, 16 döwlet we hökümet baştutanlary, 3 Wise-Prezident, 108 ministr, 100-den gowrak parlament agzalary, 29 halkara guramalarynyň wekilleri hem-de 450-den gowrak raýat jemgyýeti guramasy gatnaşdy. Bu bolsa ony Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin öň geçirilmedik derejede giň göwrümli we hemmetaraplaýyn inklýuziw maslahata öwürdi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş maslahaty açyp, "geografiýanyň hiç haçan ykbaly kesgitlemeli däldigini" aýtdy we dünýä jemgyýetçiliginiň gurluş päsgelçiliklerini aýyrmaga we infrastrukturany, söwdany ýeňilleşdirmäge we birikmäge has köp maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu maslahatyň aýdyň habar iberýändigini we fiziki geografiýa bir ýurduň potensialyny çäklendirmeli däldigini belledi. Ol Türkmenistanyň inklýuziw köptaraplylyga ygrarlydygyny tassyklady we “Geljegiň medisinasy” inisiatiwasy, Hazar daşky gurşaw başlangyjy, Durnukly ulag birikmesi üçin sanly atlas we aýlaw ykdysadyýet boýunça global çarçuwaly maksatnama ýaly birnäçe başlangyçlary hödürledi.
Ähli ugurlardaky sesler
Maslahatyň ilkinji gününde geçirlen Ýaşlar forumyndan başlap, zenan ýolbaşçylar, parlament agzalary, raýat jemgyýeti, hususy sektor we Günorta–Günorta hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki platformalar Maslahatyň netijelerinde dürli pikirleriň öz beýanyny tapmagyny üpjün etdi. Bu forumlar syýasatyň sazlaşygyny güýçlendirmek,gender deňligini ilerletmek, ýaşyl infrastruktura maýa goýmak we jemgyýet esasly ösüşi höweslendirmek boýunça durmuşa geçirip boljak teklipleri döretdi.
Mowzuklaýyn ileri tutulýan ugurlar
Çekişmeler Awaaza Hereket Maksatnamasynyň bäş strategik ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirildi:
- Gurluş özgertmeleri, diwersifikasiýa we ylym, tehnologiýa hem-de innowasiýalar;
- Söwda, söwda ýeňillikleri we sebit integrasiýasy;
- Ulag we tranzit ulgamlary;
- Howa şertlerine uýgunlaşma we ekologiýa durnuklylygy;
- Maliýe, tehnologiýa we mümkinçilikleri artdyrmaga elýeterlilik.
BMG tarapyndan aýlaw ykdysadyýet boýunça bilelikde geçirilen çäre, tygşytly tejribäniň täze ykdysady mümkinçiliklerini döretdi we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda howanyň maksatlaryny öňe sürüp biljekdigini görkezdi.
Esasy başlangyçlary
Awaza Hereket Maksatnamasy, gurluş päsgelçiliklerini çözmek we DÖM-lerdäki ösüşi çaltlandyrmak üçin döredilen bäş sany öňdebaryjy başlangyç bilen tanyşdyrýar:
-
Sebitleýin oba hojalygyny öwreniş merkezleri:
Azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak we howa taýdan akylly oba hojalygyny ösdürmek, çydamlylygy we iýmitlenmegi ýokarlandyrmak.
-
Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäginde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin bagyşlanan iş meýilnamasy:
Söwda gowşaklyklaryny çözmek, bazara girişi gowulandyrmak we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary global üpjünçilik zynjyryna goşmak.
-
Baş sekretaryň Tranzit azatlygy boýunça ýokary derejeli topary:
Tranzit päsgelçiliklerini aýyrmak, infrastrukturany gowulandyrmak we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä söwdasyna netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek.
-
Infrastruktura maýa goýmak üçin maliýe mehanizmi:
Durnukly infrastruktura üçin çeşmeleri mobilizlemek, maýadarlary mümkinçiliklere birikdirmek we bank taslamalaryny ösdürmek üçin ýerli mümkinçilikleri güýçlendirmek.
-
Sanly birikme başlangyçlary:
Sanly deňsizligi ýeňip geçmek we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara söwda, hyzmat we innowasiýa üçin sanly infrastrukturanyň güýjüni ulanmaga mümkinçilik bermek.
Hemişelik utgaşdyryjylaryň orny
Awaza Hereket Maksatnamasyny ýurt derejesinde durmuşa geçirmekde Hemişelik utgaşdyryjylar esasy rol oýnar. Olar Milli utgaşdyryjylar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ileri tutýan ugurlaryny milli ösüş maksatnamalaryna we BMG-niň Durnukly Ösüş boýunça Hyzmatdaşlyk Çarçuwalaryna goşup, pudaklaýyn strategiýalar bilen utgaşmagyny üpjün edip we amaly giriş nokatlaryny kesgitlemäge kömek edip bilerler.
Şeýle hem olar hökümetler we hyzmatdaşlar bilen bilelikde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ileri tutýan ugurlary üçin maliýeleşdirmegi mobilizlemegi, tejribe alyşmagy we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürip bilerler, şeýle hem Awaza borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini DÖM-iň gözegçilik ulgamlarynda görkezilmegini üpjün edip bilerler. OHRLLS Toolkit Hereket Maksatnamasyny milli meýilnamalaşdyryş we yzarlaýyş işlerine goşmak boýunça amaly görkezmeleri hödürleýän möhüm çeşme bolar.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko: "Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty bize gözýetimiň we syýasy islegiň bardygyny görkezdi. Muny durmuşa geçirilmeli we şonuň üçin Hemişelik utgaşdyryjylar bilen Milli utgaşdyryjylaryň hyzmatdaşlygy örän möhümdir" -diýdi. "Dogry gurallar, hyzmatdaşlyk we yzygiderli üns bilen, borçnamalary anyk ösüşe öwrüp bileris."
Hereketiň Onýyllygy
Metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Baş sekretaryň orunbasary we Ösüş derejesi pes ýurtlar, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de Kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima: “Abadançylyk we syýahatçylyk bilen tanalýan Awaza häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin “täze umyt we täze mümkinçilikleriň” nyşanydyr” – diýip belledi.
BMG-niň Türkmenistandaky edarasy üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty ýurduň dialog we hyzmatdaşlyk köprüsi hökmünde ornuny goldaýandygyny tassyklaýan pursat boldy. Maslahatyň netijeleri ýerleşýän ýerine garamazdan hiç bir ýurduň yza galmazlygyny üpjün edip, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary “deňizden üzňe ýurtlardan” dünýä bilen baglanyşykly ýurtlara öwürmek üçin Hereketiň onýyllygyna gönükdirer.