Maýa goýum forumynyň çäginde geçirilen maslahat DÖM-i maliýeleşdirmegiň milli ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi
15 sentýabr 2025
Türkmenistan, Aşgabat, 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabry - Şu gün, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň hökümeti we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) maliýeleşdirmek boýunça Bilelikdäki bilermenler topary Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde maslahat geçirdi. Maslahat DÖM-iň özgertmeleri baradaky milli borçnamalara ýetmek üçin durnukly maliýeleşdirmegi ösdürmäge bagyşlandy we oňa Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň wekilleri, BMG-niň hünärmenleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we bilermenler gatnaşdylar.
Duşuşyk Milli hyzmatdaşlaryň we BMG-niň wekilleriniň gutlag sözleri bilen açyldy. Gatnaşyjylar Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji Halkara konferensiýanyň netijelerini gözden geçirdiler we ýurt derejesinde durmuşa geçirmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenler Türkmenistanyň DÖM-i maliýeleşdirmek babatynda alyp barýan syýasatyny öwrendiler, BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň DÖM-i maliýeleşdirmegiň ýetmezçilik meselelerine bilelikdäki baha bermegiň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dünýäniň dürli künjeklerinden DÖM-i maliýeleşdirmek strategiýalaryny işläp düzmegiň öňdebaryjy tejribesini gözden geçirdiler.
Türkmenistanda DÖM-i maliýeleşdirmek baradaky çykyşda ýurduň 2030 Gün tertibindäki borçnamalary görkezildi we aşakdaky möhüm öňegidişlikler beýan edildi:
- Hereket edýän mehanizmler: milli utgaşdyryş çarçuwasy we DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler topary.
- Maliýeleşdiriş çeşmeleri: döwlet býudjeti, hususy pudak, daşarky karzlar we raýat jemgyýeti hem-de işewürler bilen hyzmatdaşlyk platformalary.
- 2020-nji ýyldan bäri gazanylan üstünlikler: Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça bahalandyrmagyň tamamlanmagy, BMG we Hökümetiň Umumy ýurt derňewiniň çäginde DÖM-i maliýeleşdirilişindäki ýetmezçilik meseleleriniň bilelikdäki bahalandyrmasy, DÖM-iň maliýeleşdirmesiniň Mill meýletin syna goşulmagy.
- Indiki ädimler: Milli DÖM-i Maliýeleşdirme Strategiýasynyň düzülmegi, DÖM-i maliýeleşdirmegiň ýetmezçilik meselelerini täzeden derňemek we gepleşikleri güýçlendirmek (şol sanda “Açyk gepleşikler” arkaly hem) we gyzyklanýan taraplary utgaşdyrmak.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin has giň dünýägaraýyşa hem üns çekildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul Sebit merkeziniň hünärmenleri hökümetiň girdejilerini güýçlendirmek hem-de saglyk, bilim we sosial ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryny goldamak üçin innowasion maliýe gurallarynyň we milli çeşmelerden strategiki peýdalanmagyň ähmiýetini bellediler.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gepleşikleriň möhümdigini aýtdy: "Şu günki ýygnak, Türkmenistanda DÖM-e ýetmek baradaky umumy ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr. Öňümizdäki gün tertibi, 2030-njy ýyla DÖM-iň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan hyzmatdaşlygyň we innowasiýalaryň ruhuny görkezýär."
Ol şeýle hem: " Türkmenistan DÖM-e berk milli ygrarlylygyny görkezdi, 2030-njy ýyla çenli ýerine ýetirmek üçin 136 wezipäni we 180 görkezijini tassyklady. DÖM-leriň 85%-i milli strategiýalara, maksatnamalara we hereket meýilnamalaryna girizildi, bu bolsa ýurduň ikinji Milli meýletin synynda tassyklandy" diýip belledi.
Maslahat maliýe akymlarynyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini tassyklady we Türkmenistanyň Hökümeti, BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezdi. “Geljegiň Şertnamasynyň” we Awaza Hereket Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşup, ýurt derejesinde DÖM-e ýetmek ugrundaky ösüşi çaltlaşdyrmak üçin hemmetaraplaýyn maliýeleşdiriş strategiýalaryny işläp düzmek üçin esas bolar.