Howanyň üýtgemegi boýunça liderleriň täze neslini ýetişdirmek: Gülşat we Selbi ýaşlary klimat hereketine ruhlandyrýar
Howanyň üýtgemegi boýunça liderleriň täze neslini ýetişdirmek: Gülşat we Selbi ýaşlary klimat hereketine ruhlandyrýar
Türkmenistandan iki ýaş zenan – Gülşat Aýydowa we Selbi Matweliýewa – ekologiýa üpjünçiligi ugrunda öz ygrarlylygy we birek-birege goldaw bilen nähili hakyky täsir döredip bolýandygyny görkezýär. Olaryň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň tebigaty goramak başlangyçlaryna we syýasat ara alyp maslahatlaşmalaryna gatnaşmagy artýar.
Eko-lagerdan milli ýaşlar hereketine
Olaryň ýolunyň başlangyjy ýönekeý, emma güýçli bir maksatdy: ýaşlar üçin daşky gurşaw barada öwrenip, herekete geçip biljek ýer döretmek. Bu pikir olaryň ilkinji taslamasynda — gatnaşyjylary durnuklylyk, biodürlülik we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen tanyşdyrýan amaly bilim maksatnamasy bolan Eko Lagerde kemala geldi.
Lageriň üstünlikli geçmegi olaryň işini ýurt boýunça giňeltmegine, sebitleýin howa bilim okuwlaryny gurnamaga we üýtgeşiklik etmäge höwesli ýaşlaryň barha artýan ulgamyny döretmäge ylhamlandyrdy. Bu başlangyçlar Türkmenistanda ýaşlaryň howanyň üýtgemegi ugrunda kuwwatlandyrylmagy boýunça uzak möhletli hereketiň düýbüni guýdy.
Ýaşlaryň sesini birleşdirýän platforma döretmek
Bu işleri birleşdirmek üçin Gülşat we Selbi Climate Action Network Turkmenistan platformasyny esaslandyrdy — bu platforma ýaşlaryň, hünärmenleriň we guramalaryň arasynda howanyň üýtgemegi boýunça bilim, pikir alyşma we hyzmatdaşlygy ösdürýär. Olaryň sosial mediýadaky başlangyjy — @climate_action.tm — häzirki wagtda ýurduň ýaşlaryna niýetlenen öňdebaryjy howanyň üýtgemegi boýunça habarnamalarynyň biri bolup hyzmat edýär.
Howanyň üýtgemegi boýunça global proseslerini Türkmenistana getirmek
Gülşat we Selbi BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň resmi ýaşlar topary bolan YOUNGO-nyň agzalary hökmünde howanyň üýtgemegi boýunça Halkara Ýaşlar hereketini Türkmenistana getirmegi başardylar. Olar Türkmenistanda ýerli Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatlaryny geçirmek üçin arza berdiler, bu çäre BMG-niň ýaşlar boýunça resmi prosesiniň bir bölegi boldy.
BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň, halkara hyzmatdaşlaryň we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň goldawy bilen olar 2022, 2023, 2024 we 2025-nji ýyllarda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatyny üstünlikli geçirdiler. Bu çärelerde ýaşlar klimat gepleşikleri, liderlik we syýasat seljermesi boýunça başarnyklaryny ösdürdiler.
2025-nji ýyldaky Ýaşlar maslahaty Taraplaryň 30-njy maslahaty (COP30) üçin Milli Ýaşlar Beýannamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy — bu resminama ýaşlaryň durnukly we howanyň üýtgemegine çydamly ösüş üçin umumy garaýşyny we çözgütlerini görkezýär.
“Ýaşlaryň, aýratyn-da ýaş zenanlaryň, howanyň üýtgemegi boýunça karar kabul etmekde we hereketde doly gatnaşmagy üçin olaryň ukybyny ösdürmek möhümdir” diýip, Gülşat aýdýar. “Hiç bir ösüş jemgyýetiň ähli gatlaklaryny gatnaşmazdan amala aşyp bilmez.”
Gülşat: klimat we inklýuziýa boýunça global goldawçysy
2022–2024-nji ýyllarda Gülşat Aýydowa BMG-niň DÖM 13 — "Howanyň üýtgemegine garşy göreş" boýunça ýaş ilçisi bolup hyzmat etdi. Ol bu rolda Türkmenistanyň adyndan Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürýän global ýaş liderleriň torunda çykyş etdi, ýaşlaryň syýasata gatnaşmagyny güýçlendirdi we ekologik meseleler boýunça döwlet derejesinde habardarlygy artdyrdy.
Gülşat ÝUNICEF-iň Ýaşlar üçin howanyň üýtgemegi boýunça tomusky mekdebini hem alyp bardy — üç aýlyk okuw maksatnamasy çäginde 35 sany ýaşlar jemgyýetçilik taslamalary we teklipleri taýýarlady.
Onuň halkara tejribesi ABŞ-nyň SUSI okuw maksatnamasyny, John Smith Trust talyp hakyny, ÝHHG-niň "Parahatçylyk üçin ýaş zenanlar" başlangyjyny we Merkezi Aziýa ýaş liderler akademiýasyny öz içine alýar.
2025-nji ýylyň Ýaşlar maslaahatyndan soň Gülşady Türkmenistany Braziliýanyň Belém şäherinde 2025-nji ýylyň 6–8 noýabry aralygynda geçirjek BMG-niň 20-nji ýaşlar maslahatynda hem çykyş etmäge çagyryldy.
Selbi: suw diplomatiýasy we sebit hyzmatdaşlygynyň goldawçysy
Selbi Matweliýewa bolsa ekologik parahatçylyk we suw hyzmatdaşlygy boýunça öňdebaryjy ýaş aktiwistleriň biridir. Ol abraýly halkara maksatnamalarda, şol sanda Açyk Dünýä Maksatnamasynda, ÝHHG-niň Zenanlaryň Parahatçylyk Liderligi Maksatnamasynda, ÝHHG-niň Parahatçylyk we Howpsuzlyk talyp hakynda, Wenada geçirilen Ýaşlar Çözgüt Günlerinde, Halkara Energiýa we Howa Forumynda Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşdy.
Selbi şeýle hem Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasynyň (IFAS) nesillerara gepleşiklerine gatnaşdy we sebit hyzmatdaşlygyny we bilim alyş-çalşygyny ösdürmek üçin suw boýunça bilermenleri ("suw weteranlary") Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden gelen ýaş hünärmenler bilen baglanyşdyrdy.
2024-nji ýylda Selbi we Gülşat Merkezi Aziýa we Owganystan üçin resmi taýdan YOUNGO tarapyndan tassyklanan Sebitleýin ýaşlar Maslahatyny bilelikde gurnadylar. Maslahatda sebitiň dürli künjeklerinden gelen ýaş wekilleri buzluklardan derýalara çenli suw meselesine uly üns bermek bilen, ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlediler.
“Suw ýaşaýyşdyr, jemgyýetimiziň ösüşiniň we durnuklylygynyň binýadydyr” diýip, Selbi belleýär. “Durnukly ulanylyşy üpjün etmek üçin ýaşlary suw meseleleri boýunça bilimlendirmeli.”
Şu ýyl Selbi Montereý Halkara Barlaglar Institutyndaky Rus öwreniş başlangyjynyň maksatnamasy bolan Montereý tomusky simpoziumynyň guramaçy toparyna goşulmaga çagyryldy. Nýu-Ýorkuň Karnegi korporasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama ABŞ-dan we Ýewropadan öňdebaryjy talyplary we ýaş hünärmenleri birleşdirýär.
Şol ýerde Selbi howa we suw syýasaty boýunça ýaş bilermenler bilen işledi, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak, gidrodiplomatiýa we daşky gurşawy dolandyrmak boýunça halkara hünärmenleri bilen aragatnaşyk saklap, hünär başarnyklaryny güýçlendirdi.
Geljek üçin umumy garaýyş
Gülşat we Selbi bilelikde umumy missiýany öňe sürýärler: Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň howa geljegini kemala getirmekde ýaşlaryň roluny giňeltmek. Olaryň taslamalary — eko-lagerlerden we hakathonlardan halkara konferensiýalaryna çenli — herekete geçmäge taýýar ýaş liderleriň täze neslini ösdürdi.
Olaryň hekaýasy garaýşyň, toparlaýyn işlemegiň we hyzmatdaşlygyň ýaşlary durnukly geljegi döretmäge nähili ylhamlandyryp biljekdigini görkezýär.