BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň zenanlara we gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerine garşy 16 günlük işjeň hereket kampaniýasy boýunça ýüzlenmesi
25 noýabr 2025
Eziz dostlar!
Şu gün biz zenanlara we gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerine garşy 16 günlük herekete başlaýarys. Bu ýylyň kampaniýasy “Sanly zorlugy bes etmek üçin güýçlerimizi birleşdireliň!” şygary astynda geçirilýär:
Sanly zorluk – bu hakyky howp: kiber zorluk, onlaýn haýbat atmak, razylyk bolmazdan jyns gatnaşykly we ýalan suratlary ýaýratmak, deepfake, yzarlamak we internetde azar bermek. Bu hereketler uzak möhletleýin zyýan ýetirýär we köplenç hakyky durmuşdaky zorluga hem getirýär.
BMG hemmeleri herekete geçmäge çagyrýar: • Dymmaň — ejir çekenlere goldaw beriň we zorluk barada habar beriň. • Onlaýn platformalaryň jogapkärçiligini we kanunlaryň hökmurowanlygyny talap ediň. • Her bir gyzyň we zenanyň özüni goragly duýmagy üçin sanly howpsuzlyga we bilime maýa goýuň.
Zorluk — adam hukuklarynyň bozulmagydyr. Zorluksuz dünya — biziň umumy maksadymyz. UNiTE kampaniýasyna goşulyň, mämişi reňk dakynyň, sanly howpsuzlyk we deňlik ugrunda ädim ädiň!
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri