Durmuş päsgelçilikleri aýyrmak: BMG Türkmenistanda inklýuziýany öňe sürýär we stigmany ýok etmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Aşgabadyň dürli künjeklerinde diňe bir maslahat zallarynda däl, eýsem adamlaryň köpdürlüligini bellemek üçin ýygnanýan seýilgählerde, sport meýdançalarynda we döredijilik sahnalarda hem has inkluziw geljegiň alamatlary peýda bolýar.
Geçen üç ýyla garanda bu ýylda admalaryň gatnaşmagy has täsirli boldy. Çäreler Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan BMG-niň konsertinde maýyplygy bolan iki aýdymçynyň gatnaşmagy bilen başlanyp, syýasy maslahatlaşmalary bilen dowam etdi we maýyplygy bolan adamlara bagyşlanan Inklýuziw festiwalynda köpdürlüligiň dabaralanmasy bilen tamamlandy.
“Inkluziwlik diňe bir ýörelge däl - bu jemgyýetleri özgerdýän tejribe. Syýasaty we jemgyýeti birleşdirmek bilen, biz her bir adamyň, ukybyna garamazdan, doly we deň derejede gatnaşyp biljek Türkmenistany gurýarys” diýip, BMG-niň Turkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň maýyplygy bolan adamlaryň guramalary bilen hyzmatdaşlygynda gurnalan festiwal merkezi Aşgabat seýilgähinde maşgalalary, çagalary, türgenleri, sungat işgärlerini we meýletinçileri birleşdirip, hereket we gülki bilen doldy. Her ýyl geçirilýän “Biz dürli – emma deň” atly inklýuziw festiwal seýilgähi ýene-de bir gezek güýç-kuwwat berýän janly giňişlige öwürdi — bu ýere her bir adam, ukybyna garamazdan, gatnaşyp, döredip, bäsleşip we aragatnaşyk saklap bildi.
Myhmanlar bir işjeňlik zolagyndan başga birine geçdiler: kölegeli agaçlaryň aşagynda geçirilýän küşt oýny, şatlykly sesler bilen gurşalan inklýuziw tennis meýdançasy, görüş maýyplygy bolan ýaş suratkeşler tarapyndan şekillendirilen reňkli el işleri we çagalaryň gaýtadan işlenen materiallardan oýunly eserlerini döredýän eko-zonasy. Aýdym-saz, tans we el işleri bilen döredilen sungatyň aýdyň görnüşleri howany hyjuw we şatlyk bilen doldurdy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilen festiwal BMG-niň edaralaryny (Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasy, ÝUNFPA, ÝUNISEF, BSGG we HMG), maýyplygy bolan adamlaryň guramalaryny, raýat jemgyýetini, sport federasiýasyny, hökümet wekillerini we diplomatik jemgyýeti bir ýere jemledi, bu festiwala gatnaşanlaryň hemmesine inklýuziwligiň abstrakt düşünje däldigini, onuň ýaşalýandygyny, başdan geçirilýändigini, paýlaşylýandygyny we baýram edilýändigini ýatlatdy. Daşary işler ministriniň orunbasary ikinji ýyl yzly-yzyna festiwaly BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy bilen bilelikde açdy. Bu has köp sanly gatnaşan beýleki ministrliklere güýçli yşarat berdi. Diplomatik korpus hem şeýledi, 15 töweregi ilçileriň hut özleri gatnaşdylar.
“Jemgyýetimiz üçin bu festiwala gatnaşmagymyz görülmek we eşidilmek diýmekdir. Bu biziň işjeňlimizi, döredijilikligimizi we başarnyklygymyzy görkezmek üçin mümkinçilikdir. Inklýuziwlik gatnaşmak bilen baglanyşyklydyr we şu gün biz muny doly duýýarys” diýip, Kerler we körler jemgyýetiniň wekili Leýla Ataýewa aýtdy.
Birnäçe gün mundan ozal bolsa, milli syýasatçylaryň, BMG-niň agentlikleriniň, raýat jemgyýeti guramalarynyň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň guramalarynyň wekilleriniň bir stoluň başynda ýygnanan inklýuziwlik ruhy başgaça görnüşe eýe boldy. “Hyzmatdaşlyk arkaly inklýuziwlik” atly tegelek stolda Türkmenistanyň maýyplygy bolan adamlaryň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek üçin milli çarçuwasyny nädip güýçlendirip boljakdygy dogrusynda maslahat edildi. Gatnaşyjylar inklýuziw bilimi giňeltmekden we elýeterli hyzmatlary gowulandyrmakdan başlap, durmuş päsgelçilikleri aýyrmakdan we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy höweslendirmekden başlap açyk pikir alyşdylar we tejribelerini paýlaşdylar.
Hökümet wekilleri ösüş we geljekki maksatlar barada gürrüň berişi ýaly, raýat jemgyýeti toparlary hem öz durmuş tejribesine, gazanylan üstünliklerine we gündelik goldawa esaslanýan seslerini goşdular. Olar bilelikde halkara borçnamalaryny, şol sanda Ählumumy döwürleýin syny we Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýany, Konwensiýa laýyklykda milli kanunçylyk binýadyny güýçlendirmek boýunça teklipleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşdylar, wadalardan herekete geçmek üçin amaly ädimleri kesgitlediler.
Iki günüň dowamynda BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň bilermenleri maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp düzmek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek üçin tehniki maslahatlary geçirdiler. Seminarda "Bizsiz biz barada hiç zat ýok" ýörelgesi kabul edildi, maýyplygy bolan adamlaryň diňe bir maslahat berilmän, eýsem strategiýany kemala getirmekde işjeň gatnaşmagy üpjün edildi.
BMG-niň konserti, seýilgähdäki joşgunly festiwal we tegelek stoluň başynda geçirilen oýlanyşykly gepleşikler bilelikde bir umumy hekaýany gürrüň berýär: syýasat we jemgyýet bilelikde öňe gidende, inkluziwlik has güýçli bolýar. Biri inkluziw gatnaşygyň şatlygyny we döredijiligini görkezýär; beýlekisi bolsa her bir jemgyýetde, mekdepde, iş ýerinde we jemgyýetçilik giňişliginde şeýle gatnaşygy mümkin edýän binýady döredýär.
Bu depginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça Milli strategiýany işläp düzmek we tassyklamak üçin maýyplygy bolan adamlaryň hökümeti we guramalary bilen ýakyndan işleşmegini dowam etdirer.
Tarapyndan ýazylan
Mähri Eýeberdiýewa
RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz
Help us improve your experience.
We are upgrading this website platform to make it clearer,
faster and more accessible.
Can you take a two-minute survey to share your feedback and help shape this upgrade?