Bu gün biz bütin dünýä bilen bilelikde “Adam hukuklary: biziň gündelik durmuş binýadymyz” diýen şygar astynda Adam hukuklary gününi belleýäris.
Adam hukuklary abstrakt gymmatlyklar däl. Olar her gün ýol görkezijimiz bolup hyzmat edýän binýatlardyr: howpsuzlyk, mertebe, ses, bilim we degişlilik hukugy.
Bu ýerde, Türkmenistanda, biz hökümet, raýat jemgyýeti we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde milli institutlary güýçlendirmek, kanunçylygy täzeden kämilleşdirmek hem-de inkýuziw syýasatlary ilerletmek ugrunda işleýäris.
Geçen aý biz 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Adam hukuklary boýunça Milli hereket meýilnamasyny taýýarlamak işine başladyk — bu her bir adamyň hukuklaryny goramak we öňe sürmek baradaky umumy borjumyzdyr.
Adam hukuklary oňyn häsiýete eýedir: olar diňe goramak bilen çäklenmän, şatlyk, howpsuzlyk we mümkinçilikler getirip, durmuşymyzy mynasyp we kanagatlanarly edýär.
Olar möhümdir: olar biziň şahsyýet hökmünde ösmegimize mümkinçilik berýän esasdyr. Bu umumy esasda, biz milletimize, jynsymyza, ynanjymyza, gelip çykyşymyza ýa-da ýagdaýymyza garamazdan, deň derejeli adamlar hökmünde birleşýäris.
We olar mümkin: diňe kanunlar we institutlar arkaly däl, eýsem her gün edýän saýlawlarymyz arkaly — beýleki adamlara hormat goýmak, adalaty goramaga taýýar bolmak we deňlik, mertebe hem-de jebislik esasly jemgyýet döretmäge isleg bildirmek arkaly.
Bu gün men siziň hemmäňizi öz hukuklaryňyzy bilmäge, başgalaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrýaryn.
Adam hukuklary güni gutly bolsun!