SPECA 2026 Ykdysady Forumy sebitara baglanyşyk, söwda we durnukly ösüş boýunça berk borçnamalar bilen jemlendi
23 ýanwar 2026
2026-njy ýylyň 21–22-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen SPECA 2026 Ykdysady Forumy ýokary derejeli döwlet wekillerini, BMG-niň sebit guramalaryny, halkara maliýe guramalaryny we sebit boýunça bilermenleri Merkezi Aziýada ulag, energetika, sanly söwda we durnukly ösüş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen bir ýere jemledi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durnukly ösüş üçin sebitleýin baglanyşyk” mowzugy astynda geçirilen Forum, sebitiň durnuklylygyny güýçlendirmek, serhetüsti hyzmatdaşlygy giňeltmek we durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde öňegidişligi çaltlaşdyrmak baradaky umumy garaýşyny nygtady.
Çäre 2025-nji ýyl üçin SPECA-nyň başlygy hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) we Aziýa–Ýuwaş ummany sebitiniň ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) bilen hyzmatdaşlykda, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň guramaçylyk goldawy bilen geçirildi. Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasy BMG-niň Ýurt toparynyň agzalarynyň arasynda sazlaşygy üpjün etmekde merkezi utgaşdyryjy rol oýnady. UNECE we ESCAP bolsa SPECA-nyň Dolandyryş Geňeşiniň we Forumyň mazmun taýdan taýýarlanylmagyna, şol sanda söwda, ulag, sanlylaşdyrma we energetika boýunça bilermenler derejesindäki mejlisleriň guralmagyna ýolbaşçylyk etdiler.
“25 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda SPECA durnuklylyk, integrasiýa we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini subut etdi. Biziň strategik maksadymyz dürli ugurlar boýunça sebitara baglanyşygy ösdürip, ilat, telekeçilik we geljek nesiller üçin ölçenip bilinýän peýdalary üpjün etmekdir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň hukuk gurallaryna we tehniki standartlaryna esaslanýan netijeli sebitara hyzmatdaşlyk SPECA sebitiniň uzak möhletli abadançylygy üçin wajyp bolup galýar”, — diýip, UNECE-niň Baş sekretarynyň orunbasary Dmitriý Mariýasyn ýokary derejeli mejlisde eden çykyşynda belledi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapçenko SPECA-nyň “energetika bazarlaryny, ulag geçelgelerini, sanly ulgamlary we jemgyýetleri baglanyşdyrýan, hyzmatdaşlyga gönükdirilen seýrek platforma” bolup durýandygyny nygtady.
Ol global bölünişik döwründe Forumyň sebitleýin baglanyşygyň bäsdeşligi, howanyň üýtgemegine çydamlylygy we ykdysady diwersifikasiýany nähili güýçlendirip biljekdigini görkezýändigini nygtady we şeýle belledi: “Energetika baglanyşygynyň güýçlendirilmegi we geçelgeleriň sanlylaşdyrylmagy söwdany has howpsuz, elýeterli, inkluziw we ekologiýa taýdan arassa edip, sebitleýin hyzmatdaşlygy we diwersifikasiýany güýçlendirip biler”.
Jenap Şlapachenko SPECA Köp hyzmatdaşly Ynam Gaznasyna hem ünsi çekdi. Bu Gazna 2024-nji ýylda UNECE we ESCAP tarapyndan 2023-nji ýylda Bakuda geçirilen SPECA Sammitinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda döredildi. Bu gazna sanly söwda geçelgeleri, serhetara energetika ulgamlary we durnukly ulag çözgütleri boýunça giňeldilip bilinýän taslamalar arkaly strategiýalary maýa goýumlara öwürmek üçin esasy gural bolar. Türkmenistanyň we UNECE-niň bilelikde ýolbaşçylyk edýän Gazna Dolandyryş Komitetiniň mejlisi SPECA MPTF-niň Maliýeleşdiriş strategiýasynyň kabul edilmegi we ilkinji taslamalar boýunça ýüz tutmalar üçin çagyryşyň yglan edilmegi bilen jemlendi.
Şeýle hem, ol şu ýylky Forumyň täze aýratynlygyna - SPECA gatnaşyjy döwletlerinden BMG-niň ykdysatçylarynyň ýörite sessiýasyna ünsi çekdi. Bu sessiýa Hemişelik utgaşdyryjylaryň edaralaryny, sebit komissiýalaryny we halkara maliýe guramalaryny bir ýere jemläp, geçelgeleriň sanlylaşdyrylmagy we söwda ýeňilleşdirilmegi arkaly maýa goýum üçin amatly, DÖM-lere laýyk taslamalary, şol sanda SPECA-nyň Köp hyzmatdaşly Ynam Gaznasyndan geljekde maliýeleşdirmek üçin mümkin bolan taslamalary döredip biljekdigini we BMG-niň Hyzmatdaşlyk Çarçuwalaryna maglumat berip biljekdigini anykladylar.
SPECA gatnaşyjy döwletleri özara baglanyşykly ugurlar boýunça gazanylan ösüşi we sinergiýalary seljerdiler. Bilermenler suw-energetika-ýer-ekosistemanyň baglanyşygy baradaky temalary aýratyn gözden geçirdiler: sebitleýin energiýa modelleşdirmesi, elektrik ulgamlarynyň özara baglanyşygy üçin mümkinçilikler, pudagara dolandyryş barlaglary, durnukly kiçi gidroenergetika, tebigata esaslanýan çözgütler, bentleriň howpsuzlygy we 2026-njy ýyldaky Sebitleýin ekologiýa sammitine mümkin bolan goşantlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Demir ýol özara gatnaşygyny giňeltmek, multimodal maglumat alyş-çalşygynyň sanlylaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak we BMG-niň Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň geçirýän içerki ulag ulgamynda BMG-niň hukuk resminamalaryny - eTIR, eCMR, URL, ş.m. we 2023-nji ýylda Bakuda geçirilen SPECA sammitinde kabul edilen Trans-Hazar geçelgesiniň sanlylaşdyrma ýol kartasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşyjylar BMG/CEFACT standartlarynyň ornaşdyrylyşyny, multimodal sanly söwda geçelgelerini gurmak boýunça tagallalary we Bütindünýä Söwda Guramasy bilen baglanyşykly taýýarlyklary öz içine alýan global düzgünlere esaslanýan söwda ulgamlary bilen sazlaşdyrmagyň möhümdigini gözden geçirdiler.
Forumda SPECA-nyň Durnukly Söwda Prinsipleriniň kabul edilmegi, aýlaw ykdysady mümkinçilikleri we Trans-Hazar geçelgesinde netijeliligi ýokarlandyrmak üçin işewürlik tejribeleri seljerildi.
Forum BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝEK), ESCAP, ITC, UNCTAD, halkara maliýe edaralarynyň we beýleki hyzmatdaşlaryň esasy sebitleýin tejribelerini birleşdirip, BMG-niň utgaşdyrylan ulgamynyň goşantlary bilen goldanyldy. Bilermen sessiýalary Geljek üçin Maksatnamasy, Awaza hereket mevilnamasy we BMG-niň dowam edýän hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy ýaly global borçnamalara laýyk gelmek üçin döredildi. Ilkinji gezek SPECA gatnaşyjy döwletleriň ykdysatçylary maliýe taýdan amatly sebitleýin taslamalary kesgitlemek we serhetüsti ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ýörite sessiýada duşuşdylar. Bu ara alyp maslahatlaşmalar BMG tarapyndan goldanylýan geljekki maksatnamalara we sebitleýin başlangyçlara esas bolar.
Forum aşakdaky ugurlar boýunça borçnamalar bilen jemlendi:
- Sanly söwdany ýeňilleşdirmek we multimodal geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagyny giňeltmek;
- Sebitara energetika baglanyşygyny we howa şertlerine laýyk meýilnamalaşdyrmagy ilerletmek;
- Durnukly söwda we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak;
- SPECA sebitini global derejede işjeň, has integrirlenen, netijeli we durnukly ykdysady merkeze öwürmek üçin umumy teklipler toplumyny taýýarlamak.
Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, ynanyşmagy we sebit boýunça durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen strategiýalary täsirli, maýa goýum üçin taýýar hereketlere öwürmekde SPECA döwletlerine goldawyny dowam etdirjekdigini tassyklady.