Maryda erkeklik baradaky düşünjelere täzeçe garaýyş
Biziň hekaýamyz erkeklik häsiýeti we XXI asyrda erkek bolmagyň näme aňladýandygy baradadyr. Bu hekaýa gender deňliginiň ilerledilmegi, mümkinçilikleriň giňeldilmegi hem-de hemme adamlaryň, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak ugrunda häzirki zaman ýaş ýigitleriň we gyzlaryň jemgyýetçilik kadalaryny nähili üýtgedýändikleri barada gürrüň berýär.
Biz Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 35 ýaşly sport tälimçisi Nedir barada gürrüň bermek isleýäris. Ol Türkmenistanda «erkek bolmak» we «erkeklik» düşünjelerine täzeçe garaýan türkmen erkekleriniň täze nesline wekilçilik edýär. Çagalygyndan bäri Nedirde erkeklik häsiýeti bilen baglanyşykly çäkli garaýyş bardy: erkek adam — maşgalany ekleýji, goragçy we karar kabul edýän ýeke-täk kişi. Ýerli sport mekdebinde sambo boýunça tälimçi bolup işläp, ol fiziki güýjüň hökmürowanlyk edýän dünýäsinde ýaşady we ýetginjeklere «erkek bolmak» — bu iň güýçli adam bolmakdyr diýip öwredýärdi.
Emma türgenleşiklerine gyzlaryň hem gelip başlamagy onuň garaýşyny üýtgedip başlady. Olara göreşmegi, duýgularyny saklamagy we ýeňiş gazanmagy öwredip, ol özüniň köne düşünjeleriniň sarsýandygyny duýdy. Nedir özüniň bäş sany gyz okuwçysynyň söweş sungatynda — ozaldan «erkekleriň dünýäsi» hasaplanýan ugurda — milli we halkara derejelerde üstünlik gazanandygyna buýsanýardy. Hut şol wagt ol güýçli we çydamly bolmagyň haýsydyr bir jynsa bagly däldigine göz ýetirdi.
Nediriň durmuşyndaky öwrülişikli pursat, onuň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) bilelikdäki taslamasy bolan “Ýaşlar, sport we gender deňligi” atly maksatnama goşulmagy bilen başlandy. Bu başlangyç Britaniýanyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen UNFPA-nyň sebit taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu maksatnama Nedire özünde döreýän duýgulary beýan etmek üçin dogry sözleri tapmaga kömek etdi. Aşgabatly we Lebaply sport halypalar we meýletinçiler bilen bilelikde okuw maslahatlaryna gatnaşyp, ol adaty tälimçiden jemgyýetiň işjeň agzasyna öwrüldi. Ol köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplaryny kämilleşdirdi, bu bolsa oňa könelişen jemgyýetçilik kadalarynyň her bir adamyň ösüşine nähili päsgel berýändigi barada pikir alyşmalary geçirmäge mümkinçilik berdi.
Şu gün Nedir ýaş ýigitlere hakyky güýjüň öz kuwwatlylygyňy görkezmekde däl-de, hyzmatdaşlykda we birek-birege bolan hormatda jemlenýändigini öwredýär. Ol gender deňligini köplenç toparlaýyn sport oýny — «hemmeler üçin ýeňiş» — bilen deňeşdirýär. Onuň pikiriçe, sagdyn jemgyýeti diňe her bir oýunça üstünlik gazanmak üçin deň mümkinçilik berlen ýagdaýynda gurup bolar.
Iň uly üýtgeşmeler sport zalynda däl-de, eýsem Nediriň öz öýünde bolup geçdi. Bir wagtlar ol «adaty rollara» ynanan bolsa, indi öý işlerini we çagalara ideg etmegi aýaly bilen deň paýlaşýar. Aýalynyň dynç almagyna we onuň maksatlaryna uly ähmiýet bermek bilen, ol özara hormata esaslanýan maşgalanyň has durnuklydygyna göz ýetirdi. Nedir üçin gap-gaç ýuwmak ýa-da çagalaryna ideg etmek — bu erkeklik häsiýetini ýitirmek däl-de, eýsem liderlik ukybynyň ýüze çykmagydyr.
Nedir tälimçiniň işiniň diňe sport meýdançasy bilen çäklenmeýändigine düşünýär. Ol erkekleri deňlik baradaky söhbetdeşlige çekmek arkaly, oglanlaryň we gyzlaryň öz ukyplaryny amala aşyrmak üçin deň mümkinçilikleriniň boljak jemgyýetini kemala getirmäge kömek edýändigine ynanýar. Nedir üçin lider bolmak — parahatçylyk, hormat we umumy ösüşi gazanmak üçin jemgyýetiň bilelikde hereket etmegini gazanmakdyr.
Häzirki wagtda “Ýaşlar, sport we gender deňligi” maksatnamasy ýurduň ähli welaýatlarynda hereket edýär. Ýaş türgenleri we tälimçileri gender deňligini hem-de meýletinçiligi ilerletmäge çekmek bilen, bu taslama sportuň güýji arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini we deň mümkinçilikleri öňe sürmegi dowam etdirýän güýçli hereketi döretdi.
Nedir — 2023–2025-nji ýyllar aralygynda bu başlangyja Aşgabatdan, Marydan we Lebapdan gatnaşan 45 işjeň meýletinçiniň biridir. Ýaş türgenleri we tälimçileri deňlik ideýalarynyň daşynda jemläp, bu taslama adamlaryň durmuşyna sport meýdançalarynyň daşynda hem täsir edýän hereketiň düýbüni tutdy.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz
Öz tejribäňizi gowulandyrmaga kömek ediň.
Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ýurt toparynyň web sahypasyny has düşnükli, çalt we elýeterli etmek üçin täzeleýäris.
Bu täzelenme üçin pikirleriňizi paýlaşmak we kömek etmek üçin iki minutlyk sowalnamany geçip bilersiňizmi?