Press reliz

BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlar 2026-njy ýylda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge ünsi jemleýärler

02 fewral 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwary — Şu gün Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasy Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Hökümetiniň, diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleri gatnaşyp, 2025-nji ýylda gazanylan ösüşleri seljerdiler we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça ýol kartasyny kesgitlediler.

Gibrid görnüşde geçirilen mejlis Aşgabatdaky BMG-niň binasynda geçirildi we Türkmenistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapacenkonyň ýolbaşçylygynda alyp baryldy. Jenap Şlapacenko açylyş çykyşynda Ösüş boýunça toparyň “dialog, utgaşdyrma we bilelikde mesele çözmek boýunça ynamdar meýdança” hökmünde möhüm ornuny belläp, dünýä derejesindäki näbellilikleriň we ösüş ulgamyndaky biri-birine bagly kynçylyklaryň şertlerinde netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine dowamly hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip, ösüş boýunça hyzmatdaşlara 2025-nji ýylyň dowamynda görkezen ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Başimowanyň gutlag çykyşy bilen başlady. Ol çykyşynda 2026-njy ýyl üçin milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, hyzmatdaşlaryň goldawynyň güýçlenmegi bilen durnukly ösüşi tizleşdirip biljek ugurlary kesgitledi.

Ösüş boýunça topar hyzmatdaşlygyň bäş ugry boýunça ýolbaşçylyk edýän guramalaryň 2025-nji ýylda bilelikde gazanan üstünlikleri baradaky hasabatlaryny hödürlediler:

  • Adam hukuklary we dolandyryş (ÝB we ÝUNFPA)
  • Durnukly ykdysadyýet we maliýe (ABŞ we BMGÖM)
  • Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça çäreler (Beýik Britaniýa we BMGÖM)
  • Saglygy goraýyş we sosial gorag (BSGG)
  • Bilim (ABŞ we ÝUNISEF)

2025-nji ýyl üçin bilelikdäki işleriň netijelerini jemläp, jenap Şlapachenko bölünişigi azaltmakda, ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny sazlaşdyrmakda we Türkmenistanyň halky üçin anyk netijeleri gazanmakda bilelikdäki hereketleriň ähmiýetini nygtady. Ol 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň möhüm tapgyr bolup, dolandyryşda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, howanyň üýtgemegine garşy göreşde we sosial ulgamlarda ileri tutulýan ugurlary kesgitleýändigini, gender deňliginiň, adam hukuklarynyň we sosial inklýuziýanyň esasyny düzýändigini belledi. Ol Ösüş boýunça topary hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we has uly täsir gazanmak üçin Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyndan peýdalanmaga çagyrdy.

Soňra mejlis açyk pikir alyşma görnüşinde dowam etdi. Bu Ösüş boýunça hyzmatdaşlara täze ýüze çykýan meseleleri beýan etmäge, bilelikdäki başlangyçlary teklip etmäge we täze Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Mejlisiň ahyrynda jenap Şlapacenko BMG-niň ýurt toparynyň Türkmenistanyň ösüş maksatlaryny goldamaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady: “Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryş toparynyň güýji aýratyn bir guramada däl-de, eýsem biziň bilelikde işlemek, uýgunlaşmak we täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak baradaky umumy taýýarlygymyzda jemlenýär». Ol ähli gatnaşyjylara ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirip, geljek ýylda hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge çagyrdy.

Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryş topary barada

Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryş topary Türkmenistanda ösüş boýunça gatnaşyjylaryň arasynda sazlaşygy we utgaşmagy güýçlendirmek üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär. Toparyň maksady milli ileri tutulýan ugurlar bilen laýyklykda ösüş boýunça kömegiň aç-açanlygyny, bitewiligini we sinergiýasyny güýçlendirmekdir.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz