BMG we hususy pudak Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk platformasynyň çäginde DÖM-lere ýetmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdy
04 fewral 2026
BMG-niň Türkmenistandaky edarasy BMG–Hususy Pudak Hyzmatdaşlyk Platformasynyň mejlisini geçirip, milli hyzmatdaşlary, hususy pudagyň wekillerini hem-de halkara guramalary bir ýere jemledi. Duşuşyk Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça bilelikdäki çäreleri ilerletmäge gönükdirildi.
Öz çykyşynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň durnukly ösüşini tizleşdirmekde hususy pudagyň möhüm ornunyň bardygyny belledi. Şeýle hem BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyny nygtap, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine dowam edýän hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Jenap Şlapaçenko duşuşygyň ähmiýetini aýratyn belläp, mejlise gatnaşan türkmen hususy pudak wekilleriniň BMG-niň Global Ylalaşygy bilen tanyşdyrylandygyny aýtdy. Bu başlangyç 2000-nji ýylda BMG-niň Baş sekretarynyň mandatynyň esasynda döredilip, dünýäde korporatiw durnukly ösüş boýunça iň uly başlangyç hökmünde çykyş edýär. Ol hususy pudagy ähliumumy ýörelgeleri öňe sürmäge hem-de DÖM-e ýetmäge goşant goşmaga çagyrdy. Global Ylalaşygyň işi boýunça prezentasiýany ýurda sapar bilen gelen Merkezi Aziýadaky BMG-niň Global Ylalaşygynyň Köp ýurtly ulgamynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Dinara Seýjaparowa geçirdi. Onuň gatnaşmagy jogapkärçilikli işewürlik ýörelgeleri we durnuklylyga gönükdirilen korporatiw tejribeler baradaky düşünjäni giňeltmäge mümkinçilik berdi.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini goldaýan hem-de dünýäniň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibine goşant goşýan netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Platformanyň bilelikde guraýjysy hökmünde çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Dolandyryş Geňeşiniň agzasy jenap Hudaýberdi Hangeldiýew öz ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýeti bilen gatnaşdy. Jenap Hangeldiýew hususy pudak kompaniýalarynyň we telekeçileriň BMG-niň agentlikleri, gaznalary we maksatnamalary bilen hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny belledi. Şeýle hem ol BMG bilen Birleşmäniň, şeýle-de onuň agzalarynyň arasynda alnyp barylýan netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hanym Seýjaparowa BMG-niň Global Ylalaşygy boýunça giňişleýin maglumat berip, türkmen kompaniýalarynyň onuň On ýörelgeli strategiýalaryna we gündelik işine nähili gatnaşyp biljekdiklerini, şeýlelikde jogapkärçilikli iş alyp barmagy, durnuklylygy we innowasiýalary öňe sürüp boljakdygyny beýan etdi.
Gatnaşyjylar interaktiw pikir alyşdylar, soraglar berdiler we dürli pudaklardan tejribelerini paýlaşdylar. Bu pikir alyşma BMG bilen işewür jemgyýetiň arasynda düzgünleşdirilen hyzmatdaşlyga bolan islegiň barha artýandygyny görkezdi.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň konsultanty Baýram Garaýew tarapyndan Türkmenistandaky BMG–hususy pudak hyzmatdaşlygynyň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça geçirilen Giňişleýin synyň netijeleri bilen gatnaşdyryjylary bilen tanyşdyrdy. Syn şu wagta çenli gazanylan ösüşi, döredilen hyzmatdaşlyklary hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça gatnaşygy giňeltmegiň esasy mümkinçiliklerini beýan etdi. Duşuşygyň çäginde BMG–Hususy Pudak Hyzmatdaşlyk Platformasynyň Sekretariatyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy we özara netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça indiki ädimler barada ylalaşyldy.