Türkmenistan we BMG mekdebe çenli taýýarlyk bilime elýeterliligi artdyrmak boýunça “Açyk gepleşik” geçirdi
20 fewral 2026
Şu gün Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasy mekdebe çenli taýýarlyk bilimiň elýeterliligini artdyrmaga bagyşlanan açyk we konstruktiw dialog üçin meýdança bolan ýokary derejeli “Açyk gepleşik” duşuşygyny geçirdi. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçylygyndaky bu başlangyç milli hyzmatdaşlary, BMG-niň edaralarynyň wekillerini hem-de halkara bilermenleri birleşdirip, bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi, milli ileri tutulýan ugurlary Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) bilen utgaşdyrmagy we Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki ösüşini çaltlandyrmagy maksat edinýär.
Açylyş çykyşynda: “Irki ýaşdaky bilim çagalaryň ömrüniň dowamynda üstünlikli bilim almaga, abadançylyga we öndürijilige zerur bolan başarnyklaryny ösdürýär, şeýlelik bilen jemgyýeti hem-de ykdysadyýeti güýçlendirýär. Şu günki açyk gepleşik BMG bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda mekdebe çenli bilime ählumumy elýeterliligi üpjün etmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemek üçin mümkinçilikdir. Bu çäre Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunyna laýyklykda, başlangyç mekdebe taýýarlyk üçin bir ýyllyk mugt we hökmany okuw ýylyny göz öňünde tutýar. Okuw we abadançylyk üçin berk binýady döredip, mekdebe çenli bilim geljek nesiller hem-de ýurduň ykdysadyýeti üçin uzak möhletli peýda getirýän strategiki maýa goýum bolýar”, — diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, jenap Dmitriý Şlapachenko belledi.
Ähliumumy başlangyç bilime elýeterliligi üpjün etmek we çagalar baglarynyň ulgamyny giňeltmek ýaly möhüm ösüşleriň gazanylmagyna garamazdan, milli maglumatlar dowam edýän käbir kynçylyklara ünsümizi çekýär. Guramaçylykly bilim almaklyga gatnaşyk derejesi (mekdebe girmek üçin resmi taýdan kesgitlenen ýaşa ýetmezden bir ýyl öň) (DÖM 4.2.2 görkezijisi) 2019-njy ýylda 50% bolan bolsa, 2024-nji ýylda 44,4%-e çenli peseldi. Şäher (70,7%) we oba (24,9%) ýerleriniň arasynda, şeýle hem iň köp (84,8%) we iň az üpjünçilikli (20,5%) hojalyklaryň arasynda düýpli tapawutlar saklanýar. Iň pes gatnaşyk derejesi Mary, Daşoguz we Ahal welaýatlarynda hasaba alyndy. Bu tapawutlar çagalaryň mekdebe taýýarlygyna, sowatlylygyna we matematika başarnyklaryna, şeýle hem sosial we emosional ösüşine täsir edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bilim üstünlikleriň gazanylmagyna täsir edip, adam kapitalynyň emele gelmegi bilen bagly uzak möhletli netijeleriň gazanylmagyna öz täsirini ýetirýär.
“Türkmenistanyň bilim özgertmeleri eýýäm güýçli ösüş depginini döretdi. Indiki strategiki ädim her bir çaganyň başlangyç mekdepde üstünlik gazanmagy üçin oňa doly taýýarlykly başlamagyny üpjün etmekdir. Ähli bäş ýaşly çagalar üçin azyndan bir ýyllyk hökmany we tölegsiz mekdebe çenli taýýarlyk bilimi üpjün etmek ulgamy giňeltmek däl-de, eýsem onuň doly tamamlanmagydyr”, — diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili, hanym Jalpa Ratna aýtdy.
“Açyk gepleşik” 2026–2030-njy ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna, esasan hem deňhukukly sosial ösüş we abadançylyk boýunça ileri tutulýan ugruna laýyk gelýär. Gatnaşyjylar ýokary hilli mekdebe çenli taýýarlyk bilime elýeterliligi giňeltmegiň hem-de bu başlangyjyň durnukly maliýeleşdirilmeginiň DOM-nyň 4.2-nji maksadyna ýetmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
ÝUNISEF we Bilim ministrligi irki ýaşdaky bilimiň ösüş we ykdysady taýdan ýokary netijeliligini görkezýän maglumatlary hödürlediler. Olar ýarym günlük, tölegsiz hususda durmuşa geçirilýän mekdebe çenli taýýarlyk maksatnamalarynyň ykdysady taýdan netijeligini aýdyp, halkara bilim standartlaryna (ýylda 600 sagat) hem laýyk gelýändigini bellediler. Bu model tutuş ýurt boýunça giňeltmek üçin iň amatly çemeleşmeler hökmünde kesgitlenildi. Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň sentýabryndan başlap, 55 mekdepde 65 synag toparynyň dörediljekdigini tassyklady. Bu bir ýyllyk, ýarym günlük we tölegsiz mekdebe çenli taýýarlyk maksatnamasy bolup, onuň netijeleri 2027-nji ýyldan başlap tapgyrlaýyn giňeltmek boýunça milli ýol kartasyny taýýarlamaga esas bolar we 2030-njy ýyla çenli ählumumy elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýär.
Şeýle hem, gatnaşyjylar ene-atalara goldaw maksatnamasynyň ösüşini we indiki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maksatnama maşgalalaryň irki ýaşdaky okuw we çagalaryň irki ösüşini goldamak ukybyny güýçlendirmäge gönükdirilendir. Ony ulgamlaýyn ornaşdyrmak ýurduň ähli ýerinde irki ösüş görkezijilerini gowulandyrmaga goldaw berer diýlip garaşylýar.