Press reliz

Jemgyýet (etrap) derejesinde durmuş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça “Açyk gepleşik” geçirildi

26 fewral 2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 26-njy fewraly - Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde ýurt boýunça etrap derejesinde inklýuziw durmuş hyzmatlaryny giňeltmegi çaltlandyrmak maksady bilen ýokary derejeli “Açyk gepleşik” duşuşygyny geçirdi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Duşuşyk ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasy hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan ýolbaşçylyk edildi we oňa Hökümetiň ýokary derejeli wekilleri, BMG-niň agentlikleri hem-de tehniki bilermenler gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň durmuş goragy we çagalary goramak ulgamlaryny pugtalandyrmak boýunça utgaşykly çäreleri ylalaşmak boldy.

Ara alnyp maslahatlaşmalar “Türkmenistanyň durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunynyň (2021 ýyl) durmuşa geçirilmegini ilerletmäge we 2022–2028 ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüş ileri tutulýan ugurlary bilen sazlaşdyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar jemgyýet esasly hyzmatlaryň täze nusgalarynyň synagdan geçirilmegi, durmuş işi boýunça bilim maksatnamalarynyň girizilmegi hem-de durmuş işgärleriniň wezipeleriniň döredilmegi ýaly 2021-nji ýyldan bäri gazanylan ösüşleri seljerip, 2035-nji ýyla çenli ýurt boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Bu açyk gepleşik Türkmenistanyň her bir maşgalanyň, her bir jemgyýetde, ýokary hilli durmuş hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmäge ygrarlydygyny görkezýär,” diýip jenap Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy belledi. “Synag taslamalaryndan durnukly, ulgamlaýyn durmuş hyzmatlaryna geçmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, durnuklylygy pugtalandyrmak we deňligi ilerletmek üçin örän möhümdir. BMG hiç kimiň yza galmazlygyny üpjün etmek maksady bilen strategiki meýilleşdirmäni, işgärleriň mümkinçiliklerini ösdürmegi hem-de maliýe taýdan esaslandyrylan giňeltmegi goldamagyny dowam etdirmäge taýýar.”

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Gatnaşyjylar jemgyýet derejesindäki durmuş işgärleriniň sanyny artdyrmak, durmuş işi boýunça hünärmenleriň taýýarlyk we gaýtadan taýýarlyk maksatnamalaryny pugtalandyrmak hem-de maliýeleşdiriş meseleleri boýunça teklip edilýän meýilnamalary gözden geçirdiler. Şeýle hem welaýat we etrap derejesinde aýratyn durmuş hyzmatlary düzümlerini döretmegiň, başlangyç we dowamly taýýarlygy güýçlendirmegiň, gözegçilik we işgärleri saklap galmak mehanizmlerini gowulandyrmagyň, şeýle-de durmuş goragy, çagalary goramak, maýyplygy bolan adamlar üçin hyzmatlar, bilim we iş üpjünçiligi ugurlarynda utgaşykly çemeleşmeleri ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Mundan başga-da, uzak möhletleýin giňeltmegi goldamak üçin halkara maliýe institutlaryny goşmak bilen innowasion maliýeleşdiriş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistan milli gymmatlyklara we halkara ülňülere esaslanýan häzirki zaman durmuş hyzmatlary ulgamynyň berk binýadyny goýdy,” diýip hanym Jalpa Ratna, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili aýtdy. “Subutnamalar jemgyýet esasly hyzmatlaryň çagalar we maşgalalar, aýratyn-da iň ejiz toparlar üçin özgerdiji täsiriniň bardygyny görkezýär. ÝUNISEF ähli etraplarda ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny giňeltmekde Hökümeti doly goldamagyny dowam etdirer.”

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Duşuşygyň netijesinde ileri tutulýan indiki ädimler boýunça ylalaşyk gazanyldy. Olar Türkmenistanyň Hökümetine hödürlemek üçin teklipleri taýýarlamagy, 2027–2035 ýyllar üçin Durmuş işgärleriniň giňeltmek meýilnamasyny işläp taýýarlamagy, ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny pugtalandyrmak maksady bilen kanunçylyga üýtgetmeler girizmegi we degişli kadalaşdyryjy namalary taýýarlamagy, şeýle hem ýurt boýunça maşgala we jemgyýet esasly goldaw ulgamlarynyň utgaşykly giňeldilmegini üpjün etmek üçin pudagara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäni öz içine alýar.

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz